بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Eneligiň dört görnüşi bardyr: bejerişiň enesi; edepliligiň enesi; ybadatyň enesi; rahatlygyň enesi. Bejerişiň enesi – az iýmeklikdir. Edepliligiň enesi – az geplemekdir. Ybadatyň enesi – günäni az etmekdir. Rahatlygyň enesi – sabyr etmeklikdir».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Allahyň Rehmeti

Gyzgalaňly söweş bolupdy. Köp ynsan wepat edipd, birnäçesi bolsa ýesir bolupdylar. Içlerinde zenan maşgalalar we çagalar hem bardy. Şol zenan maşgalalardan biri ýesirleriň arasyndaky çagalardan öz ogluny örän janygyp gözleýärdi. Baryp bir çagajygy eline alýar, ýüzüne seredýär, ysgaýar, onuň öz çagasy däldigine göz ýetirip, başga bir çaga şol bir zatlary edýärdi aglamjyrap. Ahyrsoňy öz çagasyny tapdypdy. Bagryna basyp, ogşap, ysgap ony şeýlle mähir bilen söýýärdi, hany, “iýäýjek bolýardy” diýlen ýalydy. Bu ýagdaýa uzakdan seredip duran Pygamberimiz hem duýgylanyp, öz sahabalaryna:
-Şu zenany görýärsinizmi?
-Hawa, eý, Allahyň Resuly!
-Şol zenan elindäki öz çagasyna oduň içine atarmy?!
-Ýok, eý, Allahyň Resuly!
-Allah şol zenandan has Rehmetlidir! – diýenden soňra ol şu hadysyny aýtdy:
“Allah öz rehmetiniň yüzde bir bölegini bütin jandarlara paýlady. Şol mukdar boýunça haýwanlar hem öz çagalaryny gorap, öz aralarynda düşünişip ýaşaýarlar. Galan yüzde togsan dokuz bölegi bilen bolsa, bendelerine şepagat we merhemet edýär. “