بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Namaz – diniň sütünidir, ýöne dymmaklyk has haýyrlydyr. Sadaka Allahyň gazabyny öçürýär, ýöne dymmaklyk has haýyrlydyr. Roza – dowzah oduna böwetdir, ýöne dymmaklyk has haýyrlydyr. Jihad – diniň çür depesidir, ýöne dymmaklyk has haýyrlydyr».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Ussam armaweri

Yyldyzlarynyn kanligi bilen öwünyardi asuda asman….
Güyz paslynyn bu ilkini günlerinde tomusdan galan bir howa bar. Ruhlary meymiredyan mylayym şemal öwüsyar gijanin serginliginde.
Mekdeplerin açylmagyna iki gün bar. Emma mekdep binasy gurluşyk we abatlayyş işlerinin gutarylmanlygy sebapli, taze okuw yyly üçin entek hem doly tayyar dal.
Yöriteleşdirilen mekdep-internatyn müdirinde-de birgensi aljyrannylyk we başagaylyk bar. Ol mekdep müdirligi tarapyndan çagyrylan birnaçe işewür adamy yanyna alyp, mekdebin abatlayyş işlerinden sonky taze keşbini görkezip yör.
Emma, müdürin bar pikiri gurluşyk işlerinin gutarylman galan böleginde. “Birden gutaryp yetişmesek” diyjek bolyar. Yene-de, öz yanyndan pikir edyar: “Yok, ol hökman gutarylaymaly. Her edip-hesip edip iki günün içinde mekdep okuw-terbiyeçilik işine tayyar yagdaya getirilmeli. Hawa, hawa, her edip-hesip edip…”
Baharda açylan güllerden, gunçasy tükenmeyanleri bar. Bagdaky agaçlaryn we çemenzarlygyn ysy bilen garyşan bagüllerin ysy derrew burnuna uryar.
Mekdebin bagyna nahili gözel yaraşyar, ter bagüller! Edil okuwçylaryn, mekdebe in çunnur manyny gazandyryşlary yaly, güller hem yaşyl begrese bürenen baglaryn in görkli gelşigi.
Okuwçy we gül: mugallym üçin iki könül bezegi... Ikisinde-de garşylyksyz söymegin jadysy gizli. Gül gunçasynda nahili umydyn ysyny alyan bolsa ynsan, okuwçyda-da yagty geljegin parlaklygyny göryar.
Myhmanlar binanyn gurluşyk işlerinin esasy böleginin dowam edyan ikinji we üçünji gatlaryna çykyarlar.
Ikinji gatyn basgançaklarynyn gapdalyndan mermer kesyan maşynyn günleç sesi eşidilyar. Kesilen mermerlerden çykan tozan, tutuş dalizi gurşapdyr. Maşyny işledip oturan adam, göya bu dünya bilen bgalanşygyny kesip, ahli ünsüni işine beripdir. Üstündaki eşige, ayagyndaky köwüşe çan sinip, asyl renklerini yitiripdir. Bar zat kesilen mermerlerden göterilen tozan bilen ak renke boyalan yaly.
Dalizin bir burçunda 4 inedördül metrlik bir meydanyn mermerleri sökülip, ol yere tazeleri oturdylypdyr.
Mekdebi görmage gelenlerden biri: “Ussam, armawerin!”- diyyar, gijanin bu wagtynda hem beyle yhlasly işlap bilyan yigide hayran galmak bilen seredip. Bular yaly agyr işi gije-de dowam etdirmek, elbetde ansat daldi.
Ses, yüzlenilyan yigide yetmedik bolarly. Maşynyn günleç gohy gulagyny gapyp baryar. Müdir ara girip, maşyny işledip oturan adamyn yanyna golaylaşyar we ona eli bilen bir salym maşyny öçürmegini yşarat edyar.
Müdürin yüzüne mylayym yylgyryş çayylyar. “Ussam, armawerin!” diyen myhmana seredip: “Tanyşdyrayyn sizi”- diyip, ony entek hem mermer kesyan maşynyn başynda oturan yigidin yanyna eltyar:
- Terbiyeçilik işleri boyunça mekdebimizin taze müdir orunbasary. Bu yyl geldi.

Myhman, gen galandygyny gizlap durman: “Taze müdir orunbasary diydinizmi?”- diyip sorayar. Sonra-da, gijanin bir wagty in işine bek ussalardan hem garaşyp bolmajak yhlas we gayratlylyk bilen işleyan bu taze müdir orunbasaryna çunnur minnetdarlyk sözlerini aydyp, onun bu gujur-gayratynyn tüys yürekden öwyar.
“Ussam, armawerin!” diyenin dodaklaryndan, indi: “Mugallym, armawerin!” sözleri çykyar, has yyly we mahirli yagdayda.
Müdir myhmanlary yokarky gata çykaryar. Basgançaklardan yekan-yekan adimlap baryan myhmanlaryn pikirleri entagem mermer kesyan maşynyn başynda oturyp, ony erjellik bilen işledyan müdir orunbasaryndady.
Entek hem hayran galmak duygusyndan saplanyp bilmedik myhman, müdire has yakyn gelip, yuwaşlyk bilen şeyle diyyar:
- Mugallym, mekdebinizin ajayypdygyny bilyadim, bu yerde işleyan mugallymlaryn hem jepakarlikleri we yhlaslary barada ön eşidipdim. Emma, dogrymy aydayyn, bular yaly jepakeşlik ediler öydüp, asla pikir hem etmandim. Biz bu mugallymlarymyzyn önündaki borjumyzy nahili ödaris? Wagt bireyyam gijanin yary bolupdyr, emma mugallymymyz entek hem bu yerde… Yza dolanyp, ellerini togap edesim gelyar… Men, mugallymlaryn eline dine hek tozany yaraşyandyr öydyardim. Yalnyşypdyryn, mugallym, yalnyşypdyryn…
Kärdeş dostlaryny yakyndan tanayan müdir, bu bolup geçen zatlardan sonra diyere söz tapmayar. Jogap hökmünde bir zatlar diyjek bolyar, yöne jümleler bogazynda düwümlenyar. Yuwdunyar. Dine: “Dogry aydyarsynyz!” – diymek bilen onayyar.
Dogry aydyarsynyz…
Dostlarynyn haysy birinin jepakarligini we yhlasyny gürrün berip yetişsin? Basleşik diyler, gijelerini gündiz ederler. Taslama diyler, tejribe otaglarynda dany atyrar bu mugallymlar… Mahlasy, Altyn asyry döretjek altyn nesilleri yetişdirmek üçin şahsy bahbitlerinin, yeri gelende bolsa, hatda maşgala bahbitlerinin-de ahlisinden yüz öwrüp biljek pidakarlik we yhlas bilen gurşalandyrlar.
Haysy birini gürrün bersin?

*************************

Öyde, kakasynyn yoluny gözleyan iki jigerbent we taze gelen şaherlerindaki yalnyzlygyny yanyoldaşyna bolan hormaty, söygüsi bilen unutmaga çalyşyan wepaly syrdaş bar…
“Eje, kakam agşamlary name üçin öye gelenok?” – diyip, gayta-gayta sorayan çagalaryna olary kanagatlandyrjak, olaryn düşünip biljek jogabyny berip bilenok. Ömrüni ebedi bir maksada baglan yanyoldaşynyn yeri gelende şeyle etmeginin zerurdygyny bilyan payhasly gelin, çagalaryna göwünlik bermage çalyşyar.
Alyndan öpyar her birini; saşlaryny sypayar mahrinden gandyryp ösdürip-ulaldan perzentlerinin. Myhman otagyndaky telewizoryn üstündaki kümüş güldanda eglenyan gözleri. Yanyoldaşynyn özüne sowgat eden güllerini içine goyupdy, her gezek gözi düşeninde tazeden janlansyn hakydadaky süyji yatlamalr diyip. Ynha, yene-de tazeden janlanyar unudylmajak yatlamalar.
Düyne nazar aylayar, geçmişi bu güne getiryar. Sowgat edilen her bir gül gunçasynda wepa we muhabbetden doly günlerini tazeden yatlayar. Aglamazlyk üçin kynlyk bilen erk edyar özüne. Gözyaşlaryny çagalarynyn görmegini islemeyar. Yüzüni gapdala sowyar. Gözlerinde birigen bir-iki damja gözyaşy emay bilen sylyp göyberyar.
“Geler guzym” – diyyar: “Kakanyzyn hazirlikçe kabir gutarmaly işleri bar, geler, hökman geler, balam!”

******************************

Sen mugallym!
Yüregini haysy ataşyn alawynda yakdyn-da, dost boldun parlak we nurly yyldyzlara? Okuwçylaryn aladasy bilen ukusyz galan gijelerinde, haysy söwdanyn nagmasy bilen teselli etdin yüregini? Gözyaşlarynmydy suwlan şol yaşajyk söygi nahallaryny? Bulutlaryn hem kamahal husytlyk eden möwsümlerinde, könül jülgelerindaki ab-y hayat çeşmeleri nahili joşgunlylyk bilen çaglayardy. Suwy çekilen guyylara göz edip, könlün suwa hesret niçeme teşne dodaklary gandyryardy.
Bahar möwsüminin parahat gijelerinde süynen yyldyzlary yygnap birin-birin, daksam döşüne gahrymanlyk nyşanydyr diyip… Yene, senin beyikligini hakyky manysy bilen görkezmekden juda yöntem galar, bilyan…
Bilyan, ahmiyet bermezsin sen döşündaki yyldyzlara. Okuwçylaryn könül dünyasinde yanan bolsa bir nurly şem we yagtyldyan bolsa olaryn geljege uzayan mün öwrümli yollaryny, ynha in uly bagtyyarlyk şu bolsa gerek senin üçin.
Yyldyzyn we yüreklerde yakan, yüreklere şuglasyny çayyan şemlerin kan bolsun mugallym…
Gün geler, yüreklerd yakan şol şemlerin her biri, geljegimizi yagtyltjak şamçyragymyz bolar. Ne gökdaki yarymay, ne-de yedi yyldyzly Yedigen… Dine yüreklerde yakylyan şemler….

*********************************

Yogsa-da, “Ussam, armaweri!”