بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hatim al-Asama rahmetullah aýdypdyr: «Dört zadyň gymmatyny diňe dört kişi biler: 1) ýaşlygyň gymmatyny, diňe garrylar biler; 2) abadançylygyň gymmatyny, diňe bela-betere duçar bolan biler; 3) saglygyň gymmatyny, diňe hassalar biler; 4) ýaşaýyşyň gymmatyny, diňe ölüler biler».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Arzuwlaryňyzy ogurlatman

Bir bayyn hususy atçylyk toplumyndaky atlara seredyan seysin kiçi yaşlyja oguljygy, orta mekdebe gatnayardy.
Bir gün oglanjygyn mugallymy okuwçylaryndan geljekde yetmek isleyan arzuwdyr-maksatlary barada yazyp gelmegi tabşyrdy.
Seysin ogly tutuş gije oturyp, geljekde bir gün bir husust atçylyk toplumyna eye bolmak isleyandigi barada 7 sahypalyk düzme yazyar. Hyyalyndaky atçylyk toplumynyn ahli jikme-jikligi bilen beyan edyar. Hatda, geljekde eye bolmagy arzuwlayan 200 sotuklyk zawodynyn taslamasyny hem çyzyar; binalaryn, mal yataklaryn we atlary gezim etdiriljek aylaw meydançalarynyn yerlerini görkezyar. Taslamasyna 200 sotuklyk meydanyn gapdalynda yerleşjek mün inedördül metrlik öyün meyilnamasyny hem goşyar.
Ertesi gün mugallymyna tabşyran 7 sahypalyk öy yumşy oglanjygyn yüregindaki yumşy beyan edyardi. Emma aradan iki gün geçenden sonra, okuwçylar bahalary goylan öy yumuşlaryny yzyna alanlarynda, halki oglanjyk öz öy işinin sonunda gyzyl syya bilen yazylan ullakan noly (0) we “Sapakdan sonra meni gör!” diyen duyduryşy göryar.
Çaga muna gaty gynanyar. Mugallymyn yanyna baryp: “Name üçin nol aldym?” diyip, çaga gönümelligi bilen dile getiryar.
“Bu senin yaşyndaky çaga üçin hakykata öwrülmejek hyyal!” diyen mugallym, sözüni dowam edyar:
- Pulun yok. Seyisçilik edip maşgalasynyn güzeranyny dolayan atanyn perzendisin. Artykmaç gazanjynyz yok. Atçylyk toplumyny gurmak üçin öran köp mukdarda pul gerek. Ilki toplumy gurjak yerini satyn almaly. Köpeltmek üçin tohumlyk atlar hem almaly bolarsyn. Muny senin başarmagyn mümkin dal.
Sözünin sonunda mugallym okuwçysyna bir goşmaça mümkinçilik beryar: “Eger öy yumşyny öz önünde hakyky maksatlar goyanyndan sonra tazeden yazyp getirsen, şol wagt bahany tazeden gözden geçirip bilerin.”
Oglanjyk yüzüni sallap öyüne dolanyar. Köp wagtlap pikir edeninden sonra, bu barada kakasy bilen hem maslahatlaşmagy yüregine düwyar.
Mahir bilen oglunyn başyny sypan kakasy şeyle diyyar.
- Oglum, bu barada özün netija gelmelisin. Bu netijan senin geljekki durmuşyn üçin öran möhüm saylaw bolar.
Oglanjyk bir hepde yaly oylandy. Owalky yazan işine hiç hili üytgeşme girizman, mugallymyna tazeden tabşyryar we:
“Siz beren bahanyzy üytgetman, men hem hyyallarymy…” – diyyar…

************************

Şol orta mekdep okuwçysy bi gün 200 sotuklyk atçylyk toplumynyn gapdalyndaky mün inedürdül metrlik öyünde yaşayar. Birwagtlar yazan öy yumşy myhman otagynyn diwarynda çarçuwaly yagdayda asylgy dur.
Bu üstünlik hekayatynyn in tasirli yeri-de ynha şu:
Şol mugallym geçen tomusda 30 okuwçysy bilen bu topluma gezelenje geldi. Toplumdan ugrajak wagty köp okuwçysyna “Seret” – diydi. “Senin önünde bir zady boyun almakçy. Men seni okadan wagtym, arzuwlaryny ogurladym. Şol yyllarda okuwçylarymdan ençemesinin arzuw-hyyallaryny ogurladym. Hudaya şükür, sen öz diyeninden, öz hyyalyndan yüz öwürmejek derejede tutanyerli bolup çykdyn.”