بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymlaryň syýasynyň agramy şehitleriň gany bilen bile ölçeler. Ýöne alymlaryň syýasynyň agramy şehitleriň ganyndan agyr geler» diýdi.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Inkär edýän zadyny awtobusda kabul etdi

Awtobusda bir şaherden başga bir şahere gidip baryardylar. Awtobusda kyrka golay yolagcy bardy. Iki sany yaş yigit ozara Biribaryn gudraty we biz ynsanlara beren nygmatlary barada gurleşyardiler, şonda awtobusdan bir yaşuly bularyn gurrunine gulak gabardyp, olam hem goşulmagy uslyp bildi we:
-Yaşlar, siz Huday barada gepleşyaniz oydyan, Huday, aslynda, hic bir yerde yokdur(haşa), ozuniz ony bar edyaniz oz pikirleriniz bn, ynha, men şu yaşa cenli Hudayi gormandirin, onun adlaty barada hic zada şayat bolmandyryn we ş.m. - diydi. Yaşulydan beyle soze garaşmadyk yaşlar birbada aljyrasalaram, olar iki yerden ona Biribaryn bar we Birdigini duşundirjek bolup şunca dyrjaşsalar, yaşuly kejirligine tutupdy, tey, bolmanson, olaram goybolsun edipdi. Şonda birden awtobusyn tizligi artyp, iki yana sallanyp başlady, şofyor:
-Awtobusyn tormozy dowuldi, şu tizlik bn ya daga carpyp durmaly bolarys, ya-da dera gacmaly bolarys - diyip aljyranny gygyrdy. Awtobusdaky hemme yolagcy yetişip bildiginden ayatdyr-towur okap, Allany komege cagyrmaga başladylar, hatda, halki men ateist diyyan yaşuly hem ayakaldygyna "Alla, Alla, Ozun yetiş,.." diyip samrayardy. Anha, şonda şofyor tormoza basyp, awtobusy durdurdy we şol yaşula:
-Yaşuly, men sizin yaşlar bn gurruninizi dinledim, gaharlanybam, seni synap gormek ucin şeytdim, ol name ucin aydyan sozlerin bn edyan hereketlerin den gelenok, yaşyndan utanokmy!? - diyip sorady, şonda yaşuly:
-Oglum, şu wagta cenli men icimdaki Biribary tanaman gezipdirin, ynha, şu iki yaş oglan we sen-ucuniz mana bu babatda oran onat goltgy berdiniz, indi mundan son men Biribara layik bende bolmak ucin gayrat etjek, sizdenem Alla razy bolsun - diydi!
Anha-da, men ateist diyyanlerem janlary bokurdaklaryna gelende Allany yatlayyalar. Bu babatda ayatdyr hadyslaram bar, bir ayat mysal bersek "Hacanda ynsan denizde gark boljak bolanda Mana(Alla) yalbarar, Mana layik bende bolmak we ybadat etjekligi barada, Biz ony halas edemizson welin, ynsan beren sozuni unudar, hakykatdanam, ynsanogly oran nankordur! "
Yone hasap gununi we amallaryn garşylygynyn gyşarnyksyz beriljegini hem yatladyar, elbetde!

Bizi hemişe dogry yolda yoretmegini Biribardan dilemek bilen!