بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Iman ýalaňaçdyr. Onuň lybasy takwalykdyr, bezegi haýa-şerimdir, miwesi ylymdyr»

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Bagyşlamak

Mugallym okuwçylaryna şeyle teklip etdi: “Sizin bilen bir durmuş tejribesini geçirelinmi?” Okuwçylar söygüli mugallymlarynyn bu teklibini ikirjinlenman kabul etdiler. Mugallym: “Onda, ilki bilen, men name talap etsem şony yerine yetirjekdiginize söz berin!” – diydi.
Okuwçylar hor bolup, yerli-yerden: “Söz beryas-de, söz beryas” – boluşdylar. Mugallym: “Indi, ertirki berjek öy yumşum bilen tanyş bolun. Munun üçin yanynyz bilen bir boş torba we baş kilo kartoşka alyp getirmeli bolarsynyz!” Okuwçylar mugallymlarynyn bu tabşyrygynyn sebabine düşünip bilmediler. Emma, şeyle-de bolsa, ertesi gün sapaga gelenlerinde ahlisinin partasynyn üstünde kartoşkalar we torbalar tayyardy.
Mugallym okuwçylarynyn bilesigelijilik bilen balkyldayan göreçlerine seredip, şeyle diydi: “Şu wagt bu güne çenli yalnyşyny bagyşlamadyk her kişiniz üçin bir kartoşka alyn, ol adamyn adyny elinizdaki kartoşkanyn yüzüne yazyp, torbanyza salyn!”
Kabir okuwçy torbasyna 4-5 kartoşka salan bolsa, birinin torbasy agzyna çenli doldy. Mugallym: “Yeri, indi name etmeli?” – diyen manyda monjuk yaly gözlerini tegeleşip seredyan okuwçylaryna ahyrky tabşyrygyny düşündirdi: “Bir hepdelap nira gitseniz gidin, bu torbalary yanynyzda götermelisiniz. Mekdepdekaniz partanyn üstünde, öyde yatyan otagynyzda, münen awtosunyzda – her pursatda yanynyzda bolmalydyr!”

*****************************

Aradan bir hepde geçdi. Mugallym synpa girip-girmanka, bir hepdelap berlen yumşy yerine yetiren okuwçylar yerli-yerden zeyrenmage başladylar: “Mugallym! Beyle agyr torbany her giden yerimizde yanymyz bilen göterip yörmek gaty kyn!”, “Mugallym, kartoşkalar porsap ugrady. Mundan töweregimizdakiler hem birahat bolmaga başlady…”, “Hem yadadyk, hem irdik…”
Mugallym yylgyryp, bu kyn tejribanin asyl maksady bolan durmuş sapagyny berdi:
- Görşüniz yaly, bagyşlamazlyk bilen hut özümize ezyet baryaris. Özümizi ruhumyzda agyr yüki daşamaga mejbur edyaris. Bagyşlamagy dine garşymyzdaky kişi üçin yagşylyk etmek hasaplayarys. Emma, hakykatda, bagyşlamak, ilkinji nobatda özümize yagşylyk etmekdir, öz ruhumyzy agyr yükün astyndan halas etmekdir.