بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Baýyň ömri hiç bir haýra ýetmedi

Şäherde bir baý adam bardy. Bir üýşmeleňde giden märekäniň içinde:”Meniň şäherde 50 sany öýüm, çölde 500 iri şahly malym, bankda 5 milýon dollarym, öýde 5 sany maşynym,..., başga-da birnäçe baýlykdyr mümkinçilik bar!” diýip magtanýardy. Märekäniň içinden bir ynsan örboýuna galyp:
- Eý, pylany! Bize öz şahsy baýlygyňdan söz etme! Şu wagta deňiç halka eden kömegiňden, beren zekatlaryňdan(sadaka) we haýyrlaryňdan söz et! – diýdi. Şonda şol baý adam az salym dymyp durdy-da
- Olary etmäge-de wagt geler! – diýip, gysgajyk jogap berdi.

Kän wagt däl, bary-ýogy bir gün geçensoň, şol baýyň jynazasyna soragy soran adam hem gatnaşypdy. Şonda ynsanlar öz içlerinden:”Diýmek, baý hem bolsa haýra ömri ýetmedi, Biribar oňa bu ýagdaýy rowa görmedi, beýle ýagdaýdan Allahyň Özi bizi uzak tutsyn!” diýip oýa batypdylar.

Hawa, kim bilýär, “Ýagşylyk et, derýa at. Balyk biler, balyk bilmese Halyk !”, ýogsam bolmasa “az salymdan giç bolar!” , şeýlelik bilen “yzyna gaýtaryp bolmajak bir pursat” emele geler.

Ählimizi mükinçiliklerimize görä haýyr eden bendeleriniň hataryna goşmagyny Biribardan dilemek bilen!