بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Adyl ýürek adamlaryň şatlyk çeşmesidir. Adyl soltan ähli ýer ýüzüniň şatlygynyň gözbaşydyr. Zalym ýürek adamlara gaýgy-gam getirýän çeşmedir. Zalym soltan ýer ýüzüniň gaýgy-gamynyň gözbaşydyr.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Çüýler

Mekdepden öylerine gelen agtygy atasyna:
-Ata, ay, ata! Men bugünlerde köp dostumyn göwnüne degyan, muna-da gynanyp başladym, name etsem bolarka!? – diyip soranmyş. Şonda ona atasy:
-Agtyjagym! Sen öz wyjdanyn bilen edyan sawligine düşünipsin. İndi sen her gün öz dostlaryna yagşylyk etjek bol! Yöne her eden sawligin üçin şu tagta hayata bir çüy çak! – diyenmiş. Agtygy bolsa onun maslahatyna eyerip, öz dostlaryna erbetlik etmegini gün geçdikçe azaldyp başlapdyr. İlki badalar tagta hayata çakyan çüy sany köp bolsa-da, sona-baka çüylerin sany ep-esli azalyp başlapdyr.Hatda, belli wagtdan son hiç çüy çakman başlapdyr. Ol öz atasyna bu yagdayı görkezen wagty atasy ona:
-Berekella, agtyjagym! Sen öran onat we uly iş bitirdin! Indi sen dostlaryna eden her yagşylygyn üçin tagta hayatdaky şol çüyleri sökmane başla! – diyenmiş. Agtygy bolsa hergün öz dostlaryna kömek etmage başlapdyr we her eden kömegi üçin 1 çüyi tagta hayatdan ayırmaga başlapdyr. Wagtyn gelmegi bilen tagta hayatda hiç bir çüy galmandyr. Bu yagdayı begenip atasyna görkezen wagty atasy şol tagta hayatyn yanyna baryp agtygyna:
-Berekella, agtyjagym! Gör, sen nahili agirt işi başardyn, Biribar senden razy bolsun we seni yalkasyn! Indi bolsa meni onat dinle! Ynha, şu tagta hayaty göryarmin? Ilki başta eden günadir sawliklerin üçin naçe çüy çakypdyn, son bolsa şol sawliklerini goyup, sonundanam her eden sogapdyr yagşylyklaryn üçin bolsa, şol çüyleri sokmane başladyn we wagtyn gelmegi bilen olary gutardyn! Bu, elbetde, öran onat yagday, yöne şu tagta hayata seret! Başdaky sawlikdir günalerin üçin çakan çüylerini eden yagşy amaldyr kömeklerin bilen ayırsanam, her biri öz yzynda bir deşik galdyrypdyr. Diymek, hernaçe ynsanlara kömek etsen hem, olara eden erbetliklerin yzy hiç bir wagt yatlaryndan çykmayan eken. Şonun üçin mundan beylak hiç bir ynsana yamanlyk etmeginin!
Agtygy hem atasynyn bu pendini pugta tutmaga başlapdyr. Şeylelik bilen olar şondan son has hem bagtly we şadıyan yaşap başlapdyrlar.