بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Alymlaryň biri: «Kim hikmetiň jylawyny tutsa, ol adamlaryň ýolbaşçysy bolar we kim-de kim hikmet bilen tanalsa, gözler oňa hormat bilen garar» diýipdir.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Oýunbazyň derdi

Bir adam psihologa gelip:
- Men özümi örän tukat duýýaryn, hatda, soňky günlerde özümi heläk edäýesim gelýär – diýipdir. Şonda psiholog:
- Ynsan özüne duş gelen ähli muşakgatlaryň üstesinden gelip biler, azyrak durmuşyňyzda üýtgeşiklik ediň, meselem, hanha, hol ýerdäki oýunbazyň oýunlaryna (agzy bilen ot üfleýşine, beýikdäki ýüpden eli taýakly ýöreýşine, 5 daşy dynuwsyz elinde pyrlaýşyna, baş aşaklygyna ellerinde ýöremegine we ş.m.) serediň! – diýenmiş. Şonda ol:
- Şol oýunbaz meniň özüm! – diýenmiş.

Hemme ynsanlar kyn ýagdaýa düşüp biler, ýöne Biribar hiç bir ynsana göterip bilmejegi ýükü ýüklemez! (Bakara, 2/286) Munyň üçin hem:
sabyr etmeli, elbetde, hakyky dostlaryňa hem derdiňi açyp, olar bilen paýlaşmaly!

Biribardan ähli dertlerimize sabyr bilen çydap, üstesineden getirmegini dilemek bilen!