بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan Allatagalanyň: «Eý Taňrymyz! Bize şu dünýäde ýagşylyk, ahyretde hem ýagşylyk ber!» diýen sözi jähetinden: «Șu dünýädäki ýagşylyk ylym we ybadatdyr, ahyretdäki ýagşylyk bolsa jennetdir» diýdi.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Derwiş we baý

Bir gün bir derwiş saçyny, sakalyny oňartmak üçin dellekhana barýar. Oňardyp otyrka, mähelläniň bir baýy gelip: “tur kel kädiň nämesini oňartýaň diýip?” derwişiň kellesine ýazdyryp goýberýär. Geçirimli derwiş sesini çykarman ýerini baýa berýär. Baý özüne serenjam berdirip, gapydan çykanam şol welin, batly geçip barýan bir maşyn baýyň üstünden geçip basyp öldürýär. Bolup geçen zatlara aňňalyp duran dellekçi derwişe seredip:” hä, derwiş aga, sen muňa hakyňy halal etmämnmidiň?” diýýär. Derwiş:"wah, men hakymy halal etdim-le, ýöne görýän welin, bu kel kädiň eýesi oň ýazygyny geçmedi öýdýän" diýýär. Dünýäde ýaradylanlaryň hiçbiri goragsyz ýa-da eýesiz däldir.

Hakyky musulman etinden geçip, süňňine barýança edilýän zalymlyklara dişini gysyp, sabyr etjek bolýalar, zalymlary Allaha tabşyrmaga-da ýürekleri edenok. Çünki işiň Allaha tabşyryldymy, işiň gaýtdy bilinäýmeli.