بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abdulla bin al-Mubarak rahmetullah aýdypdyr: «Kim her gün 12 rekat sünnet namazyny okaýan bolsa, ol namazyň parzlaryny bitirýändir. Kim her aýda üç gün (13, 14, 15 musulman aý kalendaryna laýyklykda) agyz bekleýän bolsa, ol orazanyň parzyny bitirýändir. Kim her gün Kurandan ýüz aýat okaýan bolsa, Kuran okamaklygyň parzyny bitirýändir. Kim her juma güni bir dirhem (ownuk kümüş teňňe) sadaka berse, ol sadakaň parzyny bitirenýändir».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Dost yzasynyň agyrlygy

Bir gün bir alymy jellatlar jezalandyrmak üçin äkidip barýarkalar, ony tanamaýan halk ol baradaky töhmete ynanyp, gahar-gazap bilen oňa daşdyr kesek zyňýan ekenler. Olaryň içinde alymyň bir talyby hem bar ekeni. Ol ussadyna daş zyňmajak bolsa-da, halkyň gazabyna özüniň hem duçar bolmazlygy üçin, ol hem alyma elindäki güli zyňyp goýberýär. Şonda alym başyny ýaýkap, närazylygyny bildirýär. Iň soňky sözüni aýtmagy islenende hem ol şeýle diýýär:

- Duşmanyň atan güllesinden, dostuň atan güli has agyr degýän ekeni!