بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Meniň size bäş sany weset galdyrasym gelýär. Șolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çe¬kinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dördünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Allahyň gaýraty

Bir dana yaşuly bar ekeni, ona Merwezi (Maryly) diyer ekenler we ozem ony weli hokmunde tanayan ekenler. Ol oran sada we hemişe ynsanlara payhasly sozdur maslahatlary bilen komek eder ekeni. Gunlerde bir gun ol Merwden Buhara siyahat edip baryan kerwene duş gelyar. Ol kerwenbaşyny tapyp, ozunin hem kerwne goşulmak uçin ejazat(razylyk) isleyanini, şol sebapden kabul etmegini Kerwenbaşydan hayiş edipdir. Ol hem şol yerdaki ynsanlardan onun brada gowy maglumat edinenson, ony oz kerwenine kabul edip yola rowana bolyalar. Olar az yorap, kop yorap, ymgyr çolun gyrasyna baryp yetyaler. Az salym duşlap dynç alansonlar, yene-de yola rowana bolyalar. Çolun içinde olara Dowletden gaçyp, talançylyk edyan garakçy galtamanlar duş gelyar we kerwendaki ahli yolagçylaryn gymmat baha zatlaryny zor bilen sypyryp alyalar. Kerwenbaşynyn yeninde 1 kise altyn bar ekeni, ony bilmandirler yone. Dana Merwezi kerwenin duşen halyna gynanyp, sonam Kerwenbaşyn 1 kise altyny barada galtamanlaryn yolbaşçysyna aydyar, olaram şol altynly kisani hem alyarlar. Kerwenbaşy muna diysen gynanyar, yone Merweza-de zat diymeyar. Az salymdan dowletin harby goragçylary çykyp, galtamanlaryn baryny tutyarlar we kerwendaki ynsanlaryn ahli zatlaryny yzyna gaytaryp beryarler. Olar hem oran begenyarler.

Bu yagdaydan son Kerwenbaşy Merweza yuzlenip:
-Pir hezretleri, biz-a seni sylap kerwenimize aldyk, sen bolsa menin altynymy galtamanlara bildirdin, name uçoin beyle etdin!? – diyip, ozunin bu yagdayfan gownunin galanyny bildiripdir. Şonda dana Merwezi:
-Oglum, bu kerwenden bar zady alanlaryna men hem gynanyp durdym, son gayip alemine bir seretsem, Allanyn bu yagday uçin gayratyna(şol pajygaly yagday uçin bu dunyade-de adalatly hokum etmegine ) 1 garyş galan ekeni, senin altynlaryn hem galtamanlar tarapyndan alynan yagdayinda, Allanyn gayrata gelmegine sebap boljak 1 garyş hokmunde ekeni hasaplap gorsem, men hem habar berdim we Allanyn gayratyna we gazabyna şol altynlaryn agltamanlar tarapyndan alynmagy sebap boldy, yogsam, dowlet goragçylaryny Biribar bu yere yollamazdy – diyip jogap beryar. Şonda hem kerwenbaşy hem-de ahli yolagçylar muny duyup, oran şat bolyarlar!