بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Hiç kimin görmejek ýeri

Bir mugallym okuwçylaryndan birini den-duşlaryndan mese-malim saylanyp duran, güyçli zehini, düşbiligi we işennirligi sebapli has gowy göryan eken. Mugallymyn okuwçysyna bolan bu söygüsi we mahremligi beyleki okuwçylaryn gabanjanlygyny oyarypdyr we sonabaka: “Mugallymymyz ony name üçin bizden has yokarda tutyarka? Aramyzda akylly we düşbi dine olmy name?” – diyen yaly hünürdiler köpelip başlapdyr. Mugallym hem olaryn bu pikirlerinden habarly ekeni. Mugallym bir gün sapaga geleninde, öz yany bilen synpdaky okuwçylaryn sanyna barabar guş getiripdir. Ol her okuwça bir guşdan berip: “Hany, oglanlar, hiç kimin görmejek yerinde bu guşlaryn damagyny çalyp getirin, emma muny hiç kim görmeli daldir!” – diyip berk sargapdyr.
Okuwçylar dumly-duşa pytrapdyrlar. Az salym geçip-geçmanka-de, damagy çalnan guşlaryn ganyny sarkdyryp getiripdirler. Okuwçylaryn köpüsi: “Men pylan yere akidip çaldym, yns-jyns gören daldir” diyip, öwünipdir. Az wagtdan okuwçylaryn hemmesi diyen yaly özlerine berlen guşlaryn damagyny çalyp getiripdirler. Ahyr sony, mugallym sylayan okuwçysyny hem getiripdir. Yöne ol name üçindir elindaki guşy öldürmandir. Mugallymyn:
- Guşy name üçin öldürmedin, seret, dostlaryn barysy menin tabşyran yumşumy yerine yetiripdir – diyen sowalyna ol oglan:
- Hormatly mugallym, ynsanlaryn görmejek yerini men hem tapyp bilerdim, emma Allanyn görmejek yerini tapmagy baöarmadym. Şonun üçin hem guşy öldürman dolandym – diyip, jgap beripdir.

Bu jogap beyleki okuwçylary oylanmaga mejbur edipdir. Eden ünssüzliklerini düşünip galypdyrlar. Allanyn gömejek yerinin yokdugyny hemmesi hem bilyardi. Emma esasy zat bu barada pikir etmeklikdi.