بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Betbagtlygyň alamatlary dört sany: 1) Beýik Allahyň dergahynda ýazylyp saklanýandygyny bilipde, eden günäleriňi ýatdan çykarmaklyk; 2) kabul edilenini ýa-da edilmändigini bilmeseňde, eden ýagşylyklaryňy ýatlap gezmeklik; 3) bu dünýede özünden baýlykda we abraýda ýokary derejede bolan adamlara gözügidijilik bilen seretmek; 4) dininde özünden-de ýejizlerden görelde almak. Allah aýdar: «Men oňa ýakynlaşjak boldum, ýemma ol islemedi, Men hem ony terk etdim». Bagtlylygyň nyşanlary: 1) eden günäleriňi ýatdan çykarmazlyk; 2) eden ýagşylyklaryňy ýatdan çykarmaklyk; 3) Özünden dininde has kämillerden görelde almaklyk; 4) dünýe malynda özünden pes derejelerdäkilere seretmeklik».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Biribaryň goldawy

Biribaryň goldawyna sebäp bolan haýyr – ene-atalara hormat we olara hyzmat

Üç goňşy bolup, ryzyk agtarmaga gidipdiler dagyň etegine “belki-de aw awlap, näçe gün bäri et garasyny görmedik maşgalalarymyza et äkidip bileris” diýen niýet bilen. Olaryň awlarynyň oňly geçmegine pursat bolman tüweleý turup, harasat gopup başlady şol ýerde. Bular hem derrew dagyň etegindäki gowaga sygyndylar. Harasat dagyň uly bir daşyny hem goparyp, olaryň sygynan gowagyny agzynyň ymykly ýapylmagyna sebäp bolupdy. Olar hem aç-suwsyz we ysgynsyz halda şol daşy süýşürmäge rowgatlary ýetmändi. Şeýlelik bilen olar özara maslahatlaşyp, Biribara eden haýyrlaryny aýdyp, şonuň hatyrasyna gowagyň agzyndaky uly daşy aýyrmagyny Biribardan dilemeli diýen karara geldiler. Olardan biri:
- Eý, Rahym bolan Allahym! Men bir gün ýolda gidip barýarkam, bir ýolagçynyň düýesine ýük ýükläp bilmän gynanyp duranyny gördüm. Oňa Seniň razylygyňa talyp bolup ýardam etdim. Eger menden şol sebäpli razy bolan bolsaň, onda şu daşy gowagyň agzyndan aýyr, eý, Rebbim! – diýip dileg etdi.Gowagyň agzyndaky uly daş azajyk gozganyp, gowaga daşardan yş gelmäge başlady. Olardan ikinjisi:
- Eý, Rahman bolan Allahym! Men bir gün ýolda ýatan uly bir daşy ýoldan geçen ýolagçylara päsgel bermesin diýip, hem-de senin razylygyňa talyp bolup togalap ýoldan aýyrdym. Eger menden şol sebäpli razy bolan bolsaň, onda şu daşy gowagyň agzyndan aýyr, eý, Rebbim! – diýip dileg etdi.Gowagyň agzyndaky uly daş ýene-de azajyk gobsunyp, olaryň daşaryna görüp biljek ýagdaýda gowak agzy açyldy. Olaryň üçünjisi:
- Eý, hemişe gören, eşiden, bilen we kömek eden Allahym! Men hemişe öz ene-atama hormat etdim, hatda, hergün olara dükandan süýt getirip bererdim. Ýene birgün gijiräk olara süýt getiremde, olaryň ýatandyklaryny gördüm. Olar oýanýança, olaryň başujynda garaşdym we oýanan wagtlary süýdi täzeden gyzdyryp, olara içirdim. Şonuň üçin menden razy bolan bolsaň, onda şonuň hormatyna bu daşy gowagyň azgyndan aýyr, eý, Rebbim! - diýip dileg etdi.Gowagyň agzyndaky uly daş bu gezek düýpli hereket eddip, olaryň gowagyň daşyna çykyp bilmeklerine sebäp boldy.

Ene-ata hormat goýmak we olara hyzmat etmek – Biribaryň razylygyna we onuň goldawyna sebäp bolýar. Bu babatda aýatlarda diýilýär:

1 - Rebbin, dine özüne ybadat etmeginizi, ene-atanyza garşy-da özünizi öran onat alyp barmagynyzy takyk yagdayda emretdi. Olardan biri ya-da her ikisi-de senin yanynda garran wagty, (haysam bolsa bir yumuşdyr hayışlary üçin) olara ‘Off’ hem diyme; olara (ezyet edip) yrsarama; ikisine-de (öran) onat (we hoşamay) sözler ayt! (Isra, 17/23)

2 - Olara mylayımlyk we alçakgöwünlik bilen ganatyny ger( eye çyk) we şeyle dileg et:“Ey, Rebbim, olar meni çagakam nadip (her-hili kynçylyklara döş gerip) yetişdiren bolsalar, edenlerine sylag hökmünde Sen hem olara merhamat et!” (Isra, 17/24)

3 - Biz ynsana ene-atasy üçin özüni onat alyp barmagyny emretdik. Çünki enesi (ejesi) ony naçe zahmet bilen garnynda göterip we yene naçe kynçylyklar bilen dogurdy. Çaganyn ene garnynda göterilmegi we süytden ayrylmagy otuz ay dowam eder. Sonunda ynsan, güyç-kuwwata eye bolup kyrk yaşyna girende: “Ey, Rebbîm!” diyer, “Gerek mana, gerek bolsa ene-atama beren nygmatlaryna şükür yoluna meni gönükdir! Senin razylygyna sebap boljak makbul(kabul edilen) we gözel iş etmane meni gönükdir we mana salyh(yhlasly we tamiz), dinine bagly, makbul(layık) nesil nesip eyle! Rebbim! Senin gapyna döndüm, men sana teslim(boyun) bolanlardandyryn.” (Ahkaf, 46/15)

4 - Yöne şeyleleri hem bardyr ki, özüni imana çagyryan ene-atasyna:“Of , of! Yetdi artyk! Menden önünça nace nesiller ölübem yzyna gelmandigi halda, siz meni mazarymdan direlip çıkarylmak bilen gorkuzjak bolyarsynyz!?” diyende, olar(ene-ata): Allah’a sygynyp ogullaryna yalbaryp:“Özüne erbetlik edyarsin!” diyerler, “imana gel, Allanyn beren sözi, elbetde, hakdyr!” Ol bolsa yene-de: “Bu âhyret ynanjy önkilerin ertekilerinden başga hiç zat daldir” diyip ketjallygyna tutar. (Ahkaf, 46/17)


5 - “Eğer olar(ene-ata) zor bilen seni, hakynda hiç zat bilmeyan zadyny dogmalyk bilen Maňa(Allaha) şarik kabul etmegini isleseler, olara boyun egme! Yöne şol yagdayda-da olar bilen onuşyp yaşa, laýyk yagdayda olara eye çyk! Mana yönelen kamil ynsanlaryn yoluny sayla! Sonunda hemmanizin dönüşi Mana bolar we Men eden amallarynyzy yeke-yekeden size bildirip netijesini bererin!” (Lokman, 31/15)


Hatda, pygamberimiz hem bu babatda manysy boýunça:
“Üç adama geň galaryn:
1- Rehmet aýy Remezana gowuşyp-da, günälerinden tämizlenmeýäne;
2- Ene-atasy garrap-da, olara eden oňat hyzmat etmezlikleri netijesinde jenneti(uçmah) gazanmaýanlara;
3- Meniň adym agzalanda, salawat getirmeýänlere – diýipdir.

Hemmämiz üçin ene-atalarymyza hadys buşlugy bilen jenneti gazanmaklygymyza sebäp boljak laýyklykda hormat goýmak we olara hyzmat etmek dilegi bilen!