بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Aly ibn Abu Talyp (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) ýene: «Alym yhlas bilen namaz okaýan hem oraza tutýan bendeden haýyrlyrakdyr. Alym ölse yslamda deşik emele geler. Ol deşigi diňe yzynda galan şägirtleri ýapar» diýdi.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Bir enanin oglunyn mugallymyna haty

“Indi ol sizin elinizde. Bu wagt hemişekisinden has ykjam geyinyar. Önler ne saçyny darayardy, ne-de köwşüne renk çalmak endigi bardy. Emma bu gün üytgeşik bir gün onun üçin. Bu gün mekdep bilen tanşan ilkinji güni. Ol tutuş tomsun dowamynda bu gün sabyrsyzlyk bilen garaşypdy.
Sizin kariniz uly jogapkarçilikli kar. Size çaganyn anyny we ruhyny yugrup beketmek we kamilleşdirmek wezipesi ynanylyar.
Her gezek mekdepden öye dolananda, ahli gürrüni dine siz barada bolar. Gaty kan öy yumşy berendiginiz üçin zeyrener, emma sizin ynamynyzy gazanmak üçin elinden gelenini eder. Bir gezejik yüzüne mahirli garap yylgyrmagynyz onun üçin bar zatdan gymmatldyr.
Sony gelmeyan soraglaryna indi bizden dal, sizden jogaba garaşar. Kakasynyn we menin sözümi çaga sadalygy bilen böler: “Emma mugallym beyle diydi…”
Sizden asla umydynyzy yitirmezliginizi isleyarin. Ne kabir ene-atalaryn aladasyzlygy, düşünjesizligi, ne-de olaryn sizin önünize çykaran wagtlayyn kynçylyklary sizi maksadynyzdan we karinizden sowatmasyn.
Ogluma berjek durmuşy mysallarynyz arkaly onda ylym öwrenmek islegini tutaşdyryn. Onda geljege bolan uly ynam döredin we geljek üçin beyik maksatlar goymagy we ol maksatlara yetmek üçin okgunlylygy we tutanyerliligi öwredin. Payhasly hereket etmegin yollaryny görkezin ona. Durmuşda dogry yol görkeziji boljak kamil wyjdan yerleşdirin kalbyna oglumyn.
Öwrenmegin açarynyn – soramakdygyny öwredin. Özbaşdak iş başarmak ukybyny kamilleşdirin. Ona her gün, Watanymyz barada söhbet açyn, goy, şeyle ajayyp döwletde yaşayandygyna buysanyp gezsin. Jemgyyetin önündaki jogapkarçiliklerini yzygiderli yatladyp durum ogluma. Emma, has möhümini, şu pahimi öwredin: “Wyjdanyn önünde dogruçyl bol!”. Bu jümle, goy, onun durmuşynyn mazmunyna öwrülsin.