بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanjy ýok ynsanyň kalby ölýändir.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Her işde bir haýyr bardyr

Bir wagtlar Afrikadaky bir yurtda hökümdarlyk edyan bır patyşa bardy. Hökümdar, çagalykdan bıle önüp-ösen dostuny hiç yanyndan ayyrmazdy. Nira gitse, ony-da öz yany bilen akiderdi. Patyşanyn bu dostunyn bolsa, üytgeşik bir hasiyeti bardy. Isle öz başyna gelsin, isle başgasynyn; isle onat bolsun, isle onsuz – her hadysa garşysynda hemişe şol bir sözüni gaytalardy:
- Munda-da bir haýyr bardyr!
Bir gün patyşa bilen halki dosty bilen awa çykdylar. Meger, howlukmaç doldurandygy üçin peşenin afzy only yapylmadyk bolarly, patyşa bir sapar maşani gysanda, tüpen yza depip, patyşanyn baş barmagyny yoldy. Bu yagdayy gören dosty, hemişeki sözüni dile getirdi:
- Munda-da bir haýyr bardyr!
Hökümdar barmagynyn yzasyna çydam edip bilman, dostunyn üstüne henkirdi: “Munda name haýyr bar? Görenokmy barmagym yolundy?”
Sonra-da, gaharyna bas gelip bilman, yasawullaryna dostuny zyndana taşlamagy buyurdy.
Aradan bir yyl töweregi wagt geçdi. Hökümdar yene awa çykdy. Awa kellesi gyzyp, duşman taypalara degişli meydana geçenini-de duyman galdy. Yerli taypalar, öz topraklaryna ayak basan del ynsany derrew ele saldylar we obalaryna akitdiler. Elini-ayagyny güylüp, obanyn ortasyndaky meydança getirdiler. Üyşürilip goylan apet odun depejiginin ortasyndaky sütüne bagladylar. Yany biro dun alawa berje wagtlary, hökümdaryn başam barmagynyn yokdugyny gördüler. Bu taypanyn yrymlaryna göra, beden agzalaryndan biri kem bolan ynsany öldürmek bolmayardy. Beyle ynsany öldüren yagdaylarynda, başlaryna şowsuzlyk we betbagtçylyk gelyar diyip ynanyardylar. Bu gorky bilen, patyşany boşatdylar we ony öz çaklerinden kowup çykardylar. Patyşa bilen ele düşen eyleki adamlary bolsa, şol yerde oda yakypdyrlar.
Köşgüne dolananda, ölümden gutulmagyna, barmagynyn yolunmagynyn sebap bolandygyna göz yetiren patyşa, ençe yyllyk çagalyk dostuna zyndan durmuşyny rowa görendigine puşman etdi. Derrew zyndana ylgady we dostuny azat edip, başyndan geçennleri birin-birin gürrün berdi:
- Sen hak aydypsyn. Dogrudanam, barmagymyn yolunmagynda-da bir haýyr bar ekeni. Seni munça wagtlap zyndanda saklandygym üçin meni bagyşla. Men juda erbet iş etdim.
Dosty yylgyryp, şeyle jogap berdi:
- Yok, aslyyetinde munda-da bir hayyr bar.
- Diyyanin name, jan yaly dostumy bir yyllap zyndanda saklamagymyn niresinde hayyr bolup biler? – diyip, hökümdar dostunyn jogabyna gen galdy.
- Piikir et, men zyndanda bolmadyk blsam, hökman senin bilen bile awda bolardym. Bu yagdayda, mana hem senin yanyn bilen gidenlerin ykbaly garaşyardy…