بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanjy ýok ynsanyň kalby ölýändir.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Halypanyň halkyna bolan hyzmaty

Hz.Ömer halypa wagty gijeleri özüni tanatman halkyny özi hem barlaýardy. Ýene bir gezek daşaryk şol niýet bilen çykypdy. Gijäniň soňlaryna aýlanyp ýörşüne, bir öýde yş gördi. Ol ýakynlaşyp seredende, köneje öýüň öňünde bir sahabanyň gamgyn halda oturanyny gördi. Ýanyna baryp, ondan munyň sebäbini soranda ol:
- Ýanýoldaşym dogum sanjysyny ççekýär häzir, oňa kömekleşjek biri hem ýok, üstesine, bizde häzir onuň rowgata gelmegi üçin iýmäge edere zadam ýok! – diýýär. Muny eşiden halypa derrew maňlaýyna urup, çaltlyk bilen öýüne dolanýar we ýanýoldaşy Ümmi Gülsüme:
- Saňa haýyrly bir iş tapdym, bol, derrew geýin we doggum üçin gerekli zatlary ýanyňa al – diýýär, özem nahar taýýarlamak üçin gerekli zatlary alyp, derrew ýaňky ýere gelýärler. Hälki sahaba bu ýagdaýa oňly düşünmese-de, şeýle jepakär ynsanlaryň kyn ýagdaýlarynda edýän kömeklerine diýseň begenipdi. Bir salymdan öýüň içinden:
- Buşdulyk, öý eýesiniň oglan çagasy boldy, eý, möminleriň emiri! – diýdi. “Möminleriň emiri” sözüni eşidip, öý eýesi sahaba örän utanypdy, beýik halypa ezýet çekdireni üçin çekinipdi. Hz.Ömer oňa:
-Çekinme, ertir meniň iş ýerime gel we mätäç bolan zatlaryny alyp git! – diýip, sag bollaşyp gidýärler.

Hz.Ömer öz jogapkärligini şeýdip ýerine ýetirýärdi. Ol Jennet bilen buşdulanypdy, entäk ýaşap ýörkä! Elbetde, şol ýagdaýa mynasyp boljak bolup tijenýärdi, ediip biljegi haýryň ötesinde haýyr etmäge ymtylýardy, şol sebäpli-de, halkynyň hem öňki ýagdaýlaryndan has örän oňat ýagdaýda ýaşamaklaryna sebäp bolýardy.

Onuň ömri ýaly ömür ýaşap, baky Jenneti gazanmak dilegi bilen!