بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Çynar we kadi

Ene-atalar yygnagynda okuwçylaryn hossarlary hususylaşdyrylan yörite mekdepdaki geçilyan derslerin agyrlygyndan şikayat edip, olary has yenilleşdirmegi we okuw döwrüni has gysgaltmagy talap etdiler:
“Mekdepdaki sapaklar gaty kyn. Bulary anstlaşdyryp bolmazmyka?”
“Biz çagalarymyz hem beyleki den-duşlary yaly tizara okuwlaryny tamamlap, özbaşdak durmuş yoluna gadam basmak isleyarler. Okuw yyly has gysgaldylsa gowy bolardy.”
Tejribeli mekdep müdiri çagany kamil şahsyyet edip terbiyelap yetişdirmegin yenil-yelpay iş daldigini, munun üçin kan wagt we irginsiz zahmetin gerekdigini yatladyp, şeyle diydi:
- Hormatly ene-atalar! Bu, elbetde, mümkin! Emma ilki çagalarynyzyn kim bolmagyny isleyandiginizi bilmek isleyarin. Bilşiniz yaly, Allatagala bir çynar agajyny yüz yylda yetişdiryar, bir kadinin yetişmegi üçin bolsa, üç ay yeterlikdir.
Mekdepler ynsanyn içinde yaşayan jemgyyetine we tutuş ynsanyyete peydaly boljak ylym-bilim öwrenyan, başarnygy ele alyan yeridir.
Bir döwletin kuwwatlylygy ol yurtdaky rayatlaryn ylymlylyk derejesi bilen ölçelyar. Bu dereja eye bolmak uly göyç we gayrat talap edyar. Bu yolun ansat daldigi, kabir kynçylyklarynyn bardygy bellidir. Emma yatdan çykarmalyn, kynçylyklar ynsany taplayandyr, onun çydamlylygyny we erkliligini ölçeyandir. Düzlükde yöremek ya-da daglaryn çürbaşyna çykmak üçin sarp edilen güyç, elbetde, bir daldir.