بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abdulla bin Amr bin al-As (ikisindenem Allah razy bolsun) aýdypdyr: «Kimde-kim şu bäş zada ýapyşsa, şu dünýede-de, ahyriýetde-de bagtly bolar: 1) Kim «Lä ilähe illälahu, Muhammedresullah» kelemesini köp gaýtalap gezse (Allahdan başga hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir); 2) kim kynçylyga düşende: «Hakykatdan-da, biz Allahdan geldik we Allaha gaýdyp bararys. Diňe Gudraty güýçli Beýik Allah güýç-kuwwat eýesidir» diýip gezse; 3) kime nygmat berilen bolsa, ol hem: «Älemleriň Rebbine hamdlar bolsun» diýip berlen nygamatyň şükürini ýetirse; 4) kim her bir işe başlanynda «Bismillähir-rohmanir-rohim» diýse; 5) kim günä edip, «Men Beýik Allahdan bagyşlanmagymy diläp, toba edýärin» - diýýän bolsa».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Körzehin

Mugallymçylyk karine başlan ilkinji günümdi. Göraymage bar zat gülala-güllük yalydy. Mugallymçylygyn tüys mana layyk kardigine yürekden ynanyp ugrapdym. Ilkinji iş günüm payawlap baryardy. Ynha az salym sonra, şol günki in sonky sagat dersime girmelidim.
Synpyn gapysynyn denesine yetenimde, içeridaki goh-galmagaly eşidip, synpa kürsap girdim. Oglanlardan birinin başga bir oglany yere yatyryp, yakasyndan ebşitlap tutup oturandygyny görüp, allaniçigsi boldum. Aşakda urnup yatan oglanjyk: “Dinle meni, körzehin! Senin depderini yyrtmak niyetim yokdy”- diyip gygyryardy.

Onun boynuna münüp oturan oglanjyk bolsa, yakasyndan has berk towlap, “men sana görkezerin kimin depderini yyrtmalydygyny” – diyip, yerde yatany alasladyp baryardy.
Derrew baryp, aralaryna girdim we dawalaryny bes etmegini talap etdim. Sözlerimin gaty bir tasirli bolmandygyny bilyardim. Dawa edyan iki oglanjyk ilki bir-birlerine, sonam mana seredip, seslerini çykarman yerlerine geçip oturdylar. Şol pursat garşy synpdaky mugallym kellesini menin synpymyn gapysyndan içerik uzadyp, sesine bat berip, menin okuwçylaryma “jynklaryny çykarmazlygy” we menin diyenlerim bilem bolmagy buyurdy. Dogrusy, şol wagt juda ejizlandigimi duydum.
Sapagymy düşündirmage başladym. Okuwçylaryn yüzlerinden mana bolan nagileligi duyyardym. Sapak gutaryp, okuwçylar synpdan çykyp baryarka, halki dawanyn başlan oglanjygy alyp galyp, ikiçak gürleşmek isledim. “Mugallym, biderek özünizi gynayarsynyz, bizin barymyz baryp yatan körzehin” – diyenden sonra, Myrat synpdan çykdy.
Özümi lampa oturgyjyn üstüne göybedim we oturan yerimden mugallymçylyk mana layyk kar daldigi barada oylanyp başladym. Meseleleri çözmegin yeke-tak yoly sesine bat berip gygyryp, goh edip, olary gürletmezlikmidi? Öz-özüme bir yyl çydajakdygyma we indiki yyl öylenenimden sonra has başgarak iş edinjekdigime söz berdim.
“Sizin göwnünize degaydiler öydyan” – diyen sesi eşidip başymy galdyrdym. Garşymda halki garşydaky synpyn mugallymy durdy. “Hawa” diyen manyda baş atdym.
- Gamlanman! – diyip, göwünlik berdi. Sonra-da penjireden gözyetimin alyslyklaryna seredip durşuna, sözüne dowam etdi. – Geçen yyl bu synpy men okatmaly boldum. Bary-yogy 14 okuwçy, emma köpüsi mekdebi doly tamamlagy başarmasa gerek. Ol çagalar barada kellanizi agyrdyp, özünize agram salyp yörman.
- Name diymekçi bolyarsynyz?
- Ol çagalaryn köpüsi çetki obalardan gatnayarlar. Sapaklara-da bir gün gelseler, iki gün gara berenoklar. Bularda ne okamaga isleg bar, ne öwrenmage… Olary dine berk tutun, dinlemejek bolsalar meni çagyrayyn.

Mekdepden öye tarap gelyarkam, oglanjygyn: “Biz baryp yatan körzehin” – diyen sözi gulagymda yanlandy durdy. Bu mesele babatda name-de bolsa bir zatlar etmelidim.
Ertesi gün öylanden sonra kärdeşimden mundan beylak sapak wagty synpyma gelmezligi we işime goşulmazlygyny berk talap etdim. Çagalar bilen öz usullarym boyunça işlemegş yüregime düwüpdim. Synpa girdim we her okuwçynyn gözlerine yekan-yekan seredip çykdym. Sonra-da synpa tagtasyna RYTAB - diyip yazdym.
“Adym” – diydim. – Menin adym name many beryandigini kim aydyp biljek?
Okuwçylar ilki bir-birine seredişdiler, sonra-da beyle ady ön eşitmandiklerini aytdylar. Bu gezek tagta BATYR – diyip yazdym. Okuwçylar genirgenşip yüzüme seredişdiler.
- Hawa – diyip, söze başladym. – Adym Batyr. Men hem mekdebe gatnayan uçurlarym, adymy dogry yazmagy başarmayardym. Sözleri bogna bölüp bilmeyardim we sanlary öwrenmekde kynçylyk çekyardim. Mana derrew “körzehin” lakamyny yelmediler. Entek hem şol yansyly sözler kawagt gulagymda yanlanyar we yene şol wagtlardaky yaly utanjymdan yüzüm gyzaryar.
Aralaryndan biri: “Beyle bolsa nahili mugallym boldunyz?” – diyip sorady.
- Men ynsanlara yelmenen lakam diyilyan gara tagmalary yigrenyardim we zehin taydan hiç kimden kem daldigime yananyardym, hernaçe kynçylyk çekyan hem bolsam, yene-de öwrenmegi, okamagy halayardym. Eger siz özünize dakylan “körzehin” tagmasyndan hoşal bolsanyz, bu synpda ornunyz yok. Derrew synpynyzy çalşyn. Çünki men bu synpda yekeje-de körzehin yokdugyna ynanyaryn.
- Sizi gaty gyssaryn – diyip, sözümi dowam etdim. – bilelikde işlaris we ynha, görersiniz, siz hem beyleki synplaryn yzyndan yetersiniz. Mekdebi üstünlik bilen tamamlarsynyz we bir toparynyz yokary okuw jaylaryna-da gider. Oyun etmeyarin, size söz beryarin. Bu synpda mundan beylak “körzehin” sözüni eşitmek islemeyarin. Aydanlaryma düşündinizmi?
Oturan yerlerinden çalaja gobsunşdylar, özlerine sahelçe-de bolsa ynam döranigi indi partalarynda has dik we ykjam oturyşlaryndan hem belli bolyardy.
Bilelikde köp işledik. Indi olara beren sözümin hakykat çykjakdygyna bolan umydym has hem güyjapdi. Ayratyn hem Myrat öran zehinlidi. Dalizde başga bir okuwçy bilen gürleşip durka, elindaki dünya klassyk edebiyatyna degişli bir eseri görkezip, “Bu hakykatdan hem öran gowy kitap. Biz indi çagalar üçin niyetlenen kitaplary okamayarys” diyenini eşitdim.
Aradan birnaçe ay geçdi. Bu döwürde okuwçylardaky öne gidişlik, ynanmarsynyz, öran yokary boldy.
Tomusky dynç alyş döwrünin yakynlaşmagy meni gaty gynandyryardy. Okuwçylar öwrenmage, bilmage şeyle bir höwesek bolupdyr welin, hey, goyay… Okuwçylarymyn ahlisi bu tomus öylenjekdigimi we ol yerden gaytjakdygymy bilyardiler. Sonky derslerimden birinde bu barada söz açanymda, okuwçylarymyn muna öran gynanandyklaryny görmek kyn daldi.
Okuw yylynyn ahyrky güni mekdep derwezesinden girenimde, müdirin mana garaşyp durandygyny görüp birhili boldum. Müdir salamymy alandan sonra: “Hayyş edyan, yanym bilen gelin, synpynyzda bir mesele yüze çykypdyr” diydi. Dalizde bile baryarkak, menin bilen yüzbe-yüz bolmak islemeyan yaly, dine öne tarap seredyardi. Öz yanymdan: “Bu gezek name bolaydyka?” – diyip oylandym.
Synpyn gapysyndan içeri girenimizde, gözlerime ynanmadym. Synpyn çar tarapynda, okuwçylaryn partalarynda, kitap tekjelerinde, menin stolumyn üstünde, ahli yerde desse-desse güller goylupdyr. Bizi garşylan Myrat bilen yene bir okuwçy ellerindaki gül desselerini bize gowşurdy. Bu garaşylmadyk yagday sebapli, damagymy dolduran begenç gözyaşlarymy saklap bilmedim.


Bu entek hemmesi daldi. Iki yyl sonra 14 okuwçymyn ahlisi, olara söz berşim yaly, beyleki synplardaky den-duşlaryndan ayratyn tapawutlanyp, mekdebi üstünlik bilen tamamlady we olardan altysy şol yyl yokary okuw jayyna yerleşdi.
Aradan 20 yyl geçdi. Bu gün hem mugallymçylyga başlan şol mekdebimin golayynda yerleşyan başga bir mekdepde mugallym bolup işleyarin. Myradyn yokary okuw jayyny tamamlap, uly işewür bolnadygyny eşitdim. Has tasin yeri, geçen yyl Myradyn oglunyn Iokayan synpynda Inlis dili sapaklaryny men alyp baryardym.
Mugallymçylyk karine başlan ilkinji günümi yatlap oturşyma, şeyle ajayyp kari taşlamagy yüregime düwen şol pursatym yadyma düşüp, yylgyranymy duyman galyaryn.