بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Kim jennete girmekligi çyndan isleýän bolsa, goý ol haýyrly amallary etmeklige howluksun. Kim jähenneme düşmekden gorkýan bolsa, goý ol nebis islegleriniň yzyna düşmekligi terk etsin. Kim ölümiň gutulgysyzdygyna düşünen bolsa, onuň üçin ähli lezzetler harap bolar. Kim bu dünýäni tanasa, onuň üçin ähli kynçylyklar ähmiýetsizdir».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Jaylanan merhum - başarnyksyzlyk

Mekdebin dördünji synpdaky okuwçylary adaty okuwçylardan juda bir tapawutly dal yaly görünyardi. Okuwçylaryn her birinde baş parta bolan dört hatarly synpda okayardylar. Mugallymyn partasy in önde, okuwçylara tarap bakdyrylyp goylupdy. Diwar gazetinde okuwçylaryn yazan işleri asylgydy. Köp babatda adaty orta mekdeplerden tapawutlanmayardy. Şeyle-de bolsa, synpa girenimde, üytgeşik bir zat ünsümi çekdi. Okuwçylaryn we mugallymyn yüzünde birgensi tolgunç alamatlary bardy.
Arka hatardaky partalardan birine geçip oturdym we töweregimi synlamaga başladym. Ahli okuwçylar namedir bir zatlar yazyardy. Yanymda oturan 10 yaşlyja gyz okuwçy önündaki kagyzyny “Men başarmaryn” jümleleri bilen doldurypdy:
“Tikin tikmegi başarmaryn”
“Üç belgili sanlary köpeltmegi başarmaryn”
“Jigim bilen yaraşmagy başarmaryn”
“… … …”
Sahypanyn yarysy dolupdy. Emma ol entek hem yazmakdan yadana menzanokdy. Erjellik we tutanyerlilik bilen yazmaga dowam edyardi. Okuwçylaryn depderlerine seredip, hatarlaryn arasynda gezmelap başladym. Ahlisi-de, kagyzlaryna başarmayan zatlaryny yazyardy.
“Bir oyunda 10 pökgini tora salmagy başarmaryn”
“Matematikadan 5 lik almagy başarmaryn”
“Bir günde 50 sahypa kitap okamagy başarmaryn”
Tutuş synpyn erjellik bilen başarmajak zatlaryny yazyşy, dogrusy, ünsümi çekdi. Mugallymdan bu gen yumşun maksadyny soramakçy boldum. Yanyna golaylanymda, onun hem namedir bir zatlar yazmak bilen meşguldygyny görüp, öz-özüme “Gowusy, birahat etmezlik” diydim.
“Okuwçylaryma we ahli kişa hemişe güler yüzli bolmagy başarmaryn.”
“Jerenin ejesini zor bilen yygnaga getirmegi başarmaryn”
“Amana bilegini dal, akylyny we dilini ulanmaga öwretmegi başarmaryn”
“… … …”
Okuwçylar 10 minut töweregi başlaryny galdyrman yazdylar. Köpüsi ellerindaki kagyzy dolduryp, eyyam ikinji kagyza-da geçipdi.
Mugallym: “Elinizdaki kagyzy dolduryn, başga kagyza geçman” – diyip, yumşyn gutarandygyny bildirdi. Okuwçylar kagyzlaryny mugallymyn stolunyn üstündaki gutujygyn içine okladylar. Ahli kagyzlar jemlenenson, mugallym öz kagyzyny hem guta saldy we gutynyn agzyny yapdy. Sonra ony goltugyna alyp, dalize çykyp, yörap ugrady. Okuwçylar hem mugallymyn yzyna düşdüler. Men hem olardan galmadym. Dalizin ortasyna yetende, yöriş tamamlandy. Mugallym, ol yerde mekdebin ammarynyn içine girip, eline bir pil alyp çykdy. Bir elinde pil, beyleki elinde gaty kagyzdan yasalan gutujyk, yzynda okuwiylar bilen bilelikde mugallym bagyn in çetki burçuna tarap ugrady. Şol yerde jemlenişip, gezekleşip yeri gazmaga başladylar.
Indi düşündim, “başarmaryn” jümlelerini gömmekçidiler! Garaz işi birnaçe minutlap dowam etdi. Çukur 1-1,5 metre yetende, gazuw tamamlandy. “Başarmaryn” jümleleri salnan gutujyk çukuryn düybüne goyuldy we üsti toprak bilen örtüldi. 30 sany 10-11 yaşlaryndaky çaga taze gömlen çukuryn daşynda tegelenşip durdylar. Her haysynyn bir metr aşakdaky gutujygyn içinde in azyndan bir sahypalyk “başarmaryn” jümleleri bardy.
Mugallymynky hen şonça.
Mugallymyn:
- Okuwçylar, hany aşak oturyn! – diyen sesi dymyşlygy bozdy. Okuwçylaryn ahlisi çök düşüp otutanyndan son, ol söze başlady:
- Dostlar, bugün bu yerde “Başarmarynlary” jaylamak üçin jemlendik. Yer yüzünde bizin aramyzda yaşayarka, ol her birimizin işine burnuny sokdy; kimimizinka az, kimimizinka köp. Bugün bu yerde “başarmarynlary” yere duwlayarys. Onun doganlary bolan “başaryaryn” we “başararyn” entek hem aramyzda. Olar “başarmaryn” yaly juda meşhur we güyçli dal. Emma bir gün sizing kömeginiz bilen olaryn hem ady tutuş dünya yan salyp biler. Görşüniz yaly, “başarmarynlar” bu gün baky uka gidendir. Ynsanlar olarsyz hem dumuşlaryny dowam etdirip bilerler.
Öz yanymdan: “Mugallymyn bu sözlerini dinlan okuwçylaryndan hiç biri bu güni yatdan çykarmasa gerek” – diyip pikir etdim. Bu hadysanyn, yaşajyk zehinlerin anyna öran güyçli tasir edendigine şübhe yok. “Başarmaryn” jümlelerini yazmak we olary jaylamak – bularyn ahlisi mugallymyn gurmaçylygy esasynda bolupdy…
“Başarmayanlary” yere duwlandan sonra synpa dolandylar. “Başarmayanlardan” gutulan günleri şirinnan we miwe şerbetleri bilen bellediler. Bu özboluşy dabaranyn dowamynda mugallym galyn karton kagyzdan mazar daşynyn şeklini kesdi. In yokrasyna “başarmaryn” diyen yazgyny we şol günün senesini yazdy. Kagyzdan yasalan ol şekil şol günün hatyrasyna synp diwaryna asdy. Seyrek hem bolsa, okuwçylardan biri bu wakany kawagt yatdan çykaryp, “başarmaryn” diyayse, mugallym bu yazgyny görkezdi. Okuwçylar hem şeylelikde “başarmarynlary” birmahallar jaylandyklaryny yatlap – başarmagyn – tabşyrlan yumşun hötdesinden gelmegin dürli yollaryny gözlap ugradylar.
Ol mugallym menin köne köne okuwçylarymdan biridi. Muna garamazdan şol gün men ondan ömürboyy yadymdan çykmajak sapak aldym.
Indi, aradan yyllar geçendigine garamazdan, haçan-da “başarmaryn” bilen gutaryan jümle eşitsem, 4-nji synp okuwçylarynyn “başarmarynlary” jaylayşy göz önüme gelyar we men şol synpyn okuwçylary yaly, başarmagyn taze yollaryny agtarmaga başlayaryn