بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Iýen ýaly kabul et

Bir wagtlar haýyr amallary gijikdirmän ýerine ýetirmäge çalyşýan bir adam bar ekeni. Ol öz nebsiniň isleýän zatlaryna ýok diýip bilmegi başarýan ekeni. Şol sebäpli-de ol haçanda nebsi buzly gaýmak(manty, pizza we ş.m.) iýmek islände wyždany bilen nebsine:”Iýen ýaly kabul et!” diýip, şoňa berjek pulyny öýlerinde haýyr üçin saklaýan gutujygyna goýar ekeni. Şol gutujyga goýlan pullaryň mukdary belli wagtdan soňra köpelip, oňat haýyr etmäge ýeterlik derejä gelipdir. Olam şol pula bir metjit gurdurypdyr. Bu metjidiň nädip binýat edileni öwrenen ynsanlar bolsa şol metjidiň adyna “Iýen ýaly kabul et!” goýupdyrlar.