بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý kylsaň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Göreldeli mugallym

Ol wagtlar orta mekdebin başinji synpynda okayardym. Bir gün mekdebimize taze mugallym geldi. Tejribeli mugallymdygyna eyyam birinji derse göz yetirdim. Synag, öy yumşy we gezelenç, tejribe-barlag günleri, dersin nahili geçiljegi, synpyn arassa saklanmagy, nobatçylyk meselesi, okuwa gatnaşyk yagdayy, synpyn içindaki topar yolbaşçylary we ş.m. zatlary mugallymymyz bilen bilelikde maslahatlaşyp, kadalary we düzgünleri kesgitledik.
Sapagyn tasirli bolmagy üçin taze kadalar girizdik. Bulardan biri-de, sapaga gija galyp gelen synpa girmeli, ötünç sorap, yerine oturmaly, sapak gutaranadan sonra-da, gija galmagynyn sebabini düşündirmeli. Tutuş synpymyzyn okuwçylary we mugallymymyz bilen bilelikde kabul eden bu özboluşly kada we düzgünlerimiz işlap başlandan sonra, iki hepdanin içinde derse giç gelyan galmady. Okuw günleri gar-gyş, yagyş-boran diyman, her kim sapaklara wagtynda girip-çykyp ugrady.
Ynha, günlerde bir gün mugallymymyz sapaga gelmedi. On minut geçipdi, entek hem gelmanson, şol günki nobatçy synpdaşymyzy sapagymyzyn boşdugy barada yagdaydan habardar etmek üçin mekdep müdirinin yanyna iberdik. Az salym sonra müdir, mugallymymyz we iberen dostumyz synpyn gapysyny kakyp, tirkeşip içeri girdiler. Müdir:
- Mugallymynyz bu gün sapaga wagtynda gelip bilmandigi üçin, menin yanyma geldi. Yanyoldaşyny lukmana akitmeli bolandygy sebapli, wagtynda sapagynyza gelip bilmandir. Menin yanyma: “Eger siz we okuwçylarym rugsat berseniz, sapaga girip bilerinmi?” – diyip geldi. Men öz adymdan rugsat berdim. Siz rugsat beryanizmi? – diyip, synpa yüzlendi.
Tutuş synp dymyardy. Ozalky sapaklarymyza giren mugallymlarym göz önümde janlandy. Bular yaly mugallymy entek görmandik. Beyle yagday bilen ilkinji gezek yüzbe-yüz bolyardyk. Gen galypdyk. Ahlimiz birden ör turdyk: “Kabul edyaris” – diyip, birazgyzdan seslendik. Hemmamizin – müdirin, mugallymyn we bizin bu yagday sebapli damagymyz dolupdy.