بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Șer iş edip jennete we haýyr iş edip dowzaha düşerin öýtmegin.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Wyždanyň haýyr netijesi

Medresanin sonky yil talybydy. Ol oz hujresinde (otag) garanky gijede (cyra bolmanson) shem yakyp, onun yagtysyna sapaklaryna calyshmaga dowam edyardi. Sagat hem gijanin yarysy bolup, dasharyda gijeki gopan gay-tupan hem dowam edyardi. Ol gayrat bilen okamagyna we yazmagyna dowam edyarka, birden onun hujresinin gapysy kakyldy. Ol:
-Bah, gijanin bu wagty kim menin hujrame geldika!? - diyip, gapysyny acanda, onunde yetishen we sheyle owadan bir gyzy gorup ank-tank boldy. Ol namanin nameligine dushunman durka shol gyz:
-Salamalik! Bagyshlan, men yoldan gecip baryarkam, shu turan tupan sebapli, yolumy yitirdim, sygynjak yer hem tapmadym, size hayish edyan, meni shu gijelik oz hujranize alsanyz, ertir irdenjik men hic gormanka bu yerden giderin, dasharda men hazir nirede galayin, mana rehminiz gelsin - diyip, oz cykgynsyz yagdayiny aytdy. Talyp bu aydylanlara name diyjegini bilman oz icinden az salymlyk oylanyp durdy, wyjdan-nebis soweshi az salymlygam bolsa dowam etdi, yone sonunda wyjdan ustun cykdy we ony iceri aldy. Ol ozunin yatyan yerini ol gyza tayyarlap berip, ozi hem sapaklaryna calyshmagyna dowam etdi. Gyz shol bada surnugyp halys bolan yadaw bedeninin yadawlyk yzasyna cydaman yatypdy. Talyp shem yagtysy bilen sapagyna calyshyarka, aram-aram gozunin gytagy bilen oz yorganynda yatan owadan gyza-da nazar aylayardy, nebsi ona weswese beryardi, shonda ol yene0de wyjdanynyn guyji bilen ozune erk edip, barmagyny yanyp duran shemin ustune az salym tutup duryardy we yanan barmagynyn yzasyna cydaman, barmagyny yzyna cekyardi. Oz nebsine-de:
-Goryanmi, sen shujagash odyn tasirine 1 minut hem cydap bilenok, a senin etmek isleyan gunan gazandyryan jezasy bolan sheyle guycli jahennem oduna nadip cydarsyn, ha!? - diyibem, nebsini ynandyryar we ozune erk edyardi. Bu yagday ertir dandana cenli dowam etdi. Bu yagdaya gijanin sonky boleklerinde gozuni acan gyz hem shayat bolupdy. Ertesi irden ol gyzy oz oyune gitmegi ucin talyp ugradypdy.
Aslynda, ol gyz yurdun bash wezirinin gyzydy we ol bolan wakany kakasyna bolshy yaly gurrun beripdi, kakasy hem shol talyby cagyryp, name ucin beyle edenini sorapdy, shonda talyp
-Kyn gune dushene komek etmek her bir musulmana bolshy yaly, menin hem borjum, shol sebapli, gyzynyzy apy-tupandan we yagyshdan gutulmagynyn bashga caresi bolmany ucin goramak ucin hujrame aldym, ony yetyrybam, nebsimin betpal islegine garshy goranmak ucin shem bilen barmagymy yakyp, ona jahennem odynyn has guycli we tasirlidigini aydyp ynandyrdym we ozumi hem saklap bildim sheylelik bilen - diyip jogap beripdir. Wezir bolsa ondan hoshal bolup, oz gyzyna shol talyba durmusha cykarypdyr. Olar oran bagtly mashgala bolupdyrlar we ozlerine mynasyp sheyle asylly, ynancly we ahlakly cagalara eye bolupdyrlar. Garaz, hadys bushlugy bilen, bu dunyadaki onat amallary sayasynda(sebapli), beyleki tarapda-da Jennetden bir bakja eye bolupdyrlar butin bir mashgala bolup!
Biribar bize-de her iki tarapda sheyle bagty nesip etsin!