بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Bir kişi doganyna şeýle hat ýazdy: «Saňa ylym paýy berlipdir. Sen ylmyň nuruny günä garaňkylygy bilen öçürme. Ýogsa sen ylym eýeleri ylmyň nury bilen ýol ýöreýän wagty garaňkylykda galarsyň».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Görüplik we puşmanlyk

Bir hassahanyn otaglaryndan birinde dört sany hassa yatyrdy. Olaryn hemmesi hem erbet yagdayda yatyrdylar. Ayratyn kyn yagdaydakylar şol otaga getirilyardi. Dört hassa-da ozara gepleşip, onat tanyşypdylar bir-birleri bilen! Olaryn penjira yakyn bolany hemişe beylekilere penjira garap daşarynyn oran owadan, tebigatyn oran gozel yaradylanyndan, ynsanlaryn koçelerde nameler edyaninden, daşarda bolup geçyan gyzykly wakalardan, maşynlardan we beyleki zatlardan gurrun edip beryardi yadaman-yaltanman. Beyleki üç hassa bolsa ona gulak gabardyp, uns bilen dinleyardiler. Olar hem şeyle gozelligi goresleri gelyardi yone penjira beyikdedi, gorup bolanokdy we olaryn muna gurbatlary çatmayardy.Dine penjiranin usturajiginden bir yş gelyardi we asmanyn gom-gok bolyanyny şol kiçijek yşdan gorup bilyadiler. Içlerinden biri ona has yakyn yatyrdy. Ana, şol, ayratynam, penjiranin yanyndaky hassanyn çaltyrak olup gitmegini isleyardi, sebabi, onun ozi geçmelidi yerine we gozellikleri goresi gelyardi. Birgun penjiranin yanyndaky hassa gunluk içyan derman gutsyndan derman alyp, yatan yerinde içjek bolup durka, elinden gaçyryar we şol dermany aljak bolup naçe dyrjaşsa-da bolmayar. Onun olmegini isleyan hassanyn yanyna gelen ekeni derman gutujygy. Ol bolsa yagşylyk edip, şol gutyny alyp bermeyar, içinden:"Goy, olsun, men geçeyin derrewjik yerine!" diyip, bilmediksiran, gormediksiran bolyar. Şol hassa olyar we komek etmedik hassany penjiranin onune geçiryarler. Muna çaksiz begenen şol hassa derrew olen hassanyn aydyp beren gozelliklerini gormek uçin başyny penjira tarap owuryar welin, şonda ol name gorendir oydyarsiniz!? Ullakan we gap-gara diwar penjiranin onuni yapyp durdy. Ol şonda ozunin eden uly sawligine duşunipdi, yone indi giçdi, puşman bolsa-da "Sonky tuykulik sakgal ezmez!" diyleni bolupdy.

Hawa, şeyle yagdaylar, gor, dunyade naçe gezek bolandyr!? Gor, biz naçe ynsanlary oz sawligimiz bilen gynandyrandyrys, oldurmesegem!? Gor, biz naçe tanyşlarymyzyn gownune degendiris!? Gor, biz naçe adamlaryn hakyna girendiris!?... Eger şeyle bolsa, onda bu dunya yalançy dunya, bu dunya synaglar we sebapler dunyasi, sylaglar we jezalar dunyasinde şeyle eden etmişlerimiz uçin bizin halymyz niçik bolar!? Şol sebapli hem, şu pany dunyade hiç kimin gownune degmalin! Olara elimizden we dilimzden hiç-hili zeper yetirmalin! Yogsam, baky alemde hasap bermek oran kyn bolar! Sebabi, eden hemme etmişlerimiz uçin biz Biribara haklaryna giren ynsanlarymyzyn onunde hasap bermeli bolarys, şeylelik bilen Pygamberimizin hadysynda aydyşy yaly, "hakyky muflis( hemme zadyny yitiren, betbagt)" bolarys!

Hiç kime hiç yagdayda ziyan bermezlik dilegi bilen!