بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymyň azaby onuň kalbynyň ölümidir, kalbynyň ölümi bolsa ahyrete derek dünýäni talap etmekdir» diýdi.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Allahyñ razylygy

Odun yygyp güzeranyny dolayan gujurly, dogruçyl, halalhon bir adam bar eken. Onun döwründe yaşan kabir ynsanlar, obanyn golayynda ösüp oturan seyrek duş gelyan bir agajy mukaddes sayyan ekenler. Ol agaja hudayyoly aydyp, maksat-arzuwlaryny şol agaçdan dilapdirler. Ysanlaryn ahli dileg-dogalary kanagatlandyryp biljek gudraty güyçli Alladan yüz öwrüp, bir agaçdan medet dilemekleri, halki odunçyny halys ynjalykdan gaçyrypdyr. Ahyr bir gün ol bu agajy çapmak arkaly bu köre-kör ynanjyn sonuna çykmagy yüregine düwüpdir. Ol wagta deniç hiç kimmuna yürek edip bilmandir. Odunçy bir gün paltasyny egnine atyp, maksadyny amala aşyrmak üçin yola düşüpdir. Yolda önünden bir betnyşan adam çykypdyr. Odunçy: “Sen kimsin?” diyip sorapdyr. Ol: “Men şeytan” diyip jogap beripdir. Odunçy, “Hay, namart-ay, diymek sen-da ynsanlary yoldan çykaryan, hazir men senin gözüne görkezerin…” – diyip, gazap bilen onun üstüne topulypdyr. Bir demde şeytany gabyrdadyp yere yykyp, bogazyna yapyşypdyr. “Diymek, ynsanlara al salyp, ol agajy butlaşdyran hem sen palazan bolmaly” diyipdir.
“Boş yere özüni gynama, barybir meni öldürip bilmersin, çünki Alla mana kyyamata çenli yaşamaga puryja berdi. Gel, gowusy sen ol agajy çapmak niyetinden yüz öwür. Şeytsen, sana bir teklibim bar” diyip, şeytan yerde yatan yerinden harlapdyr. Odunçy: “Sen tetellide dinlarlik teklip bolmaz” diyip, şeytanyn bogazyny has berk gysmaga başlapdyr. Şeytan, ahyr teklibini aytmaly bolyar:
- Sen ol agajy kesmekden yüz öwürsen, her gün ir bilen bir altyn getirip yassygyn aşagyna goyaryn. Şunlukda, gündelik iyjek çöregini gazanmak üçin uzynly gije işlap group yörmeli bolmarsyn.
Odunçy az-kem yumşan yaly bolyar:
• Eger wada beren altynyny getirmesen name bolar?
• Onda island zadyny eday.
Odunçy teklibi kabul edyar we agajy çapmagy goybolsun edip, yzyna dolanyar.
Ertesi irden yassygyn aşagyny barlasa, hakykatdan hem bir altyn durandygyny göryar. Muna öz yanyndan öran begenyar. Sabyrsyzlyk bilen ertirki güne garaşyar. Yene hassygynyn aşagyny sermeyar. Emma hiçzat çykmayar. “Başga yerde goyan bolaymasyn” diyip, yorgan-düşeginin astyny-üstüni gayta-gayta barlayar. Emma altyn çykmayar. Muna gahary gelen odunçy derrew byçgysyny, paltasyny alyp, şeytany tapyp öldürmek üçin yola rowana bolyar. Şol önküje yerde şeytana yene gabat gelyar. Odunçy şeytany gören badyna onun üstüne topulyar. Emma bu gezek şeytan ony pagtaly ganr yaly goterip, yere pylçap uryar. Odunçy yerinden turup, şeytanyn üstüne tazeden topulyar. Emma bu gezek hem elinden gelen zat bolmayar.
Şeytan bijay yykylyp, hyk-çoklap oturan odunça yüzlenip, şeyle diyyar:
- Boş yere azara galma, gardaş. Sen geçen sapar geleninde menin tepbedimi okap bilyardin, çünki ol wagt ynsanlary köre-kör ynançlaryndan halas edip, Allanyn razylgyny gazanmak üçin yola çykypdyn. Bu gün bolsa mana bolan gaharyn sebapli, yagny nebsin üçin geldin. Şonun üçin hernaçe jan etsenem, sen menden rüstem gelip bilmersin.