بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Eger Allatagala bir millete gazaplansa, şol milletde nyrhlar galar, söwda gazanç getirmez, daragtlar miwe bermez, derýalaryň suwy azalar, gurakçylyk bolup ýagyş ýagmaz, şer köpeler.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Wyjdanyn sesi

1979-njy yylyn anzakly gyş pasly dowam edyardi. Öylanara öyden çykyp, uniwersitede tarap ugradym. Güyçli gar syrayardy. Dogrusy, gary synlamakdan lezzet alyardym. Emma… emma yer yüzüne düşen her bir gar tozjagazynyn şeklinin biri-birinden tapawutly bolyandygyny, ynsanlaryn barmak yzlarynyn biri-birininkiden tapawutly bolşy yaly parhly yaradylandygyna we makro alemden ta mikro aleme çenli ahli alem ulgamynyn nyzamly hereket edişini bilyan men, bu kamil nyzamyn gurujysyny inkar edyan çemodanymdaky sorag kagyzlary bilen uniwersitede baryardym. Edyan işim bilen mizemez hakykatlar arasynda ejir çekyan wyjdanymyn dinmeyan sesi meni halys ynjalykdan gaçyryardy.
Yokary okuw jayynyn baş ymaratyna girdim. Basgançaklardan howlukmaç çykyp, yokarky gatda yerleşyan otagyma özümi atdym. Çemodanymdan sorag kagyzlaryny çykaryp, synag geçiriljek uly zala tarap yörap ugradym. Içeri girenimde, talyplar sessiz-üynsiz garaşyp otyrdylar. Şol wagt zaly gapysy açyldy we içerik partiyanyn wekilidigi önden hem bilinyan bir işdeş professorym girdi. Ol synagyn umumy kadalara layyklykda geçirilip-geçirilmeyandigini barlamak üçin gelen bolmalydy. Sorag kagyzlaryny in önde oturan talyba berip, zala paylamagyny hayyş etdim.
Talyp elindaki kagyzlary paylap gutaryp gelyarka, asla yadymdan çykmajak şol waka başlandy. Sorag kagyzlary arkasyny öwrüp paylananlygy üçin, synaga başlamak üçin rugsat berilmezden owal hiç kimin sowallary görmegi mümkin daldi. Emma, kagyzy ters öwrülgi duran talyplardan biri yzygiderli dodaklaryny münküldedyardi. Yanyndakylara soraglaryn jogaplaryny beryandir öytdüm. Belki-de, men görmankam kagyzyn arkasyny öwrüp, soraglary okandyr?! Yuwaşlyk bilen yanyna yakynlaşanymda, iki elinin-de yokaryk açyk görnüşde durandygyny gördüm. Yanyna baranymy duymady. Şol pursat, talyp ellerini yüzüne sylanda, pyşyrdyly ses bilen “Omyn!” diyendigini eşidip galdym.
Gen galypdym. “Edyanin name?” diyenimde, sandyrap çykan sesimden öran tolgunyandygymy anyp bolyardy. Yaş yigit meni görüp aljyrady. Gyzaryp-bozardy. Ikinji gezk soradym:
- Yany name edyardin?
Talyp, zaldakylaryn ahlisinin eşidip biljek yognas sesi bilen jogap berdi:
- Synagyn şowly geçmegi üçin Alla yalbardym! Yagny dileg etdim…!
Bu jogap meni we bu gürrüni eşiden ahli talyplary yylgyrtdy. Men şol wagt özümi düşündirip bolmajak çaksiz uly begenç gurşap alyandygyny duydum. Göya, yoldaky oylarymyn labyryndan gutulan yaly boldum. Her naçe synanyşylsa synanyşylsyn, wyjdanyn sesini dindirmek mümki daldi. Biz bu okuwçylara ateizm sapagy bilen ençeme yyllap tanrytanamazlyk düşünjesini beripdik. Emma, şol dersin synagynda, synagyn şowly geçmegi üçin inkar etdirmage çalşan Yaradanymyza el açyp dileg edilyardi. Edilyardi dıyyan, çünki halki talybyn pyşydap aydanlaryny, zaldakylaryn köpüsinin tekrarlandyklaryna şübhelenmeyarin…
Ynha dostum, bu waka meni rahatlandyryar. Magat göz yetirdim, her name edils edilsin, ynsan perzendinin wyjdany dymmayar, ony dymdyryp hem bolmayar!