بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abdulla bin al-Mubarak rahmetullah aýdypdyr: «Kim her gün 12 rekat sünnet namazyny okaýan bolsa, ol namazyň parzlaryny bitirýändir. Kim her aýda üç gün (13, 14, 15 musulman aý kalendaryna laýyklykda) agyz bekleýän bolsa, ol orazanyň parzyny bitirýändir. Kim her gün Kurandan ýüz aýat okaýan bolsa, Kuran okamaklygyň parzyny bitirýändir. Kim her juma güni bir dirhem (ownuk kümüş teňňe) sadaka berse, ol sadakaň parzyny bitirenýändir».

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Çözgüt

Uniwersitetin hasabyyet bölüminde okayardym. Ol gün sapaga giç gelemson, tagtadaky iki meselani öy yumşudyr öydüp, depderime göçürdim. Agşam meselani çözmage synanyşyp otyrkam, munun professorymyzyn şol wagta çenli beren in kyn yumşudygyna göz yetirdim.
Gijanin bir wagtyna çenli gezekli-gezegine bu iki soragyn üstünde birnaçe sagatlap işledim. Kesirligimi edipdim, sowallary çözman yatmazlygy öz önümde şert edip goydum. Ertesi gün çözgütleri uniwersitete akitdim. Professor olary partasynyn üstünde goymagymy sorady. Partanyn üstünde kagyzdan kiçenrak depejik emele gelipdi. Munça kagyzyn arasynda menin çözgüdimin ayratyn üns çekip durmajakdygy barada oylanyp, gamgyn yagdayda partama geçip oturdym.
Alty hepdeden son, bir dynç güni, saher wagty gapymyzyn kakylyandygyny eşidip oyandym. Gapyda professorymy görüp, donup galdym. Ol: “Meseleleri çözüpsin!” diyip, begençli seslendi: “Men: “Hawa, çözdüm. Ol sowallar öy yumşy dalmidi?” – diyip, soradym. Professor tagta yazylan ol iki soragyn öy yumşy daldigini, dünyanin tanymal hasabyyetçilerinin şu çaka deniç çözgüdini tapyp bilmedik iki belli meselesidigini aytdy. Bir gijanin içinde ikisini birden çözendigime ynanyp bilmeyardi.
Kimdir biri mana dünyanin in meşhur hasabyyetçilerinin hem çözüp bilmedik iki meselesidigini aydan bolsa, megerem, olary çözmage synanyşmazdymam.