بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Gurhana doly düşünýän adam başga birindäki baýlygy bu kitapdan ýokary hasaplasa, onda onuň Allatagalanyň ulaldan zadyny kiçeltdigi bolar» diýdi.

Başy » Yslam.info » HEKAÝALAR » Mahirliligin üstünlige tasiri

Jemgyyet we onun ösüşi barada ders beryan bir professor talyplaryny yurdun çetki etraplarynyn birine iberyar. We ol yerde yaşayan 200 oglanjygyn şol wagtky yagdayyny dernap, her bir çaganyn geljegi barada çaklamalaryny yazmagy tabşyryar.
Talyplaryn ahlisi diyen yaly, düypli dernewlerden sonra:
- Bu çagalaryn geljegi barada onyn pikir etmek mümkin dal – diyen netija geldiler.
Aradan 20 yyl geçyar we bu dernew işinin hasabatlary bir say-sebap bilen şol ugurdan ders beryan başga bir professoryn eline düşyar. Professor öz talyplaryndan bu taslamany dowam etdirmegi we şol çagalaryn ahyrky ykbaly barada maglumat toplamagy talap edyar.
Talyplar ol yerden göçen ya-da ölen 20 çagadan başga, galan 180 çaganyn 176-synyn akyllary hayran edyan yokary başarnyk görkezip, lukman, injener, aklawçy ya-da uly işewür bolup yetişendiklerini yüze çykaryar.
Professor önki çaklamalar bilen düybünden gabat gelmeyan bu netijanin sebaplerini dernemek üçin, ol yere hut özi gidyar. Bir wagt geljegi garanky – diylip hasabat düzülen, bu gün bolsa her biri uly jogapkarçilikli wezipanin eyesi bolan oglanlaryn ahlisi bilen yekan-yekan duşuşyp, olar bilen has içgin tanyşyar.
Professoryn: “Şeyle kyn şertlerden nahili baş alyp çykmagy başardynyz?” – diyen soragyna berlen jogaplaryn hemmesi birmenzeşdi: “Yaşayan yerimizdaki mekdepde bir mugallymymyz bardy. Şonun irginsiz zahmeti we yhlasy bilen…”
Professor bu mugallym bilen duşuşmak isledi. Mugallymy tapmak beyle bir kyn bolmady. Salgysyny alyp, öyüne baranda, ony onyyllyklaryn yüzüne salan yygyrtlaryna garamazdan, entek hem juda sagdyn görünyan bir garry zenan garşylady.
Uly bilesigelijilik bilen garry zenandan bu çagalary bezzatlyk we garagollykdan saplap, başarnykly yetginjek edip yetişdirmek üçin ulanan syrly usulynyn namedigini sorady.
Mugallymyn gözleri röwşenlenen yaly boldy we yüzüne yylgyryş çayyldy:
- Öran ansat – diydi. – Men ol çagalara mahrimi berdim.