بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Eý, oglym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Aýetel Kürsi

”Allahdan başga ylah(taňry) ýokdur! Ol Haýý-dyr(hemişe ýaşaýar), Kaýýumdyr(hemişe barlygy we Birligi berk bilinen). Özüne hiç wagt uky gelmez, Oňa uky haly hem gelmez. Gökdäki we ýerdäki hemme zat Onuňkydyr. Onuň rugsady bolmasa, Onuň nazarynda kim şepagat edip biler?! Ol bendeleriniň (hemme) eden amallaryny we etmek isleýän amallaryny biler. Onuň maglumat beren zatlaryndan başga hiç kim Onuň ylmyndan hiçbir zady takyk bilip bilmezler. Onuň kürsisi gökleri we ýeri öz içine alar, olary gorap ideg etmek Özüne kyn bolmaz. Ol azymdyr(beýik)! ”
(Bakara, 2/255)