بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Șu bäş sany häsiýet bolmadyk bolanda ähli ynsanlar takwa (öwlat) bolardylar: 1) jahylyýet bilen razylyk; 2) şu dünýä bolan güýçli isleg; 3) baýlykda gysgançlyk; 4) amallarda yrýa (il görsünlik); 5) öz düşünjesinden hoş bolmak».

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Bakara Süresi (1-30-njy aýatlar)

Beýik Allahyň dünýäde hemme mahluklara çäksiz Mähriban(Rahman) we
kyýamatda diňe musulmanlara möçbersiz Rehimdar(Rahym) ady bilen başlaýaryn.

1. Elif, Lam, Mim.
2. Bu Kuran (ony Muhammet okandyr), onda hiç şübhe ýokdur. Allahdan sözüň doly manysy bilen gorkanlar üçin dogry ýoly görkezgijidir.
3. Ol jemagatlar ga‎ýba(geljege), Allahy görmezden Oňa iman getirerler (Ony tassyk ederler) we namazlaryny haky bilen okarlar we Biziň olara beren ryzkymyzdan (rysgalymyzdan) laýyk ýerine harç ederler.
4. We ol jemagatlar size iberilen Kurana we senden ozalky pygamberlere iberilen kitaplara iman getirerler we olar kyýamat gününe hem doly ynanarlar.
5. Ana, şol adamlar Allah tarapyndan dogry ýoldadyrlar we şolar kyýamatyň azabyndan gutulmaga alaç tapanlardyr.
6. Takyk, ol kapyrlary başyna gelip biljek azaplar bilen gorkuzsaň-da, gorkuzmasaň-da olara bary birdir. Ynanmazlar.
7. Allah olaryň kalplaryna we ulaklaryna garaňkylyk möhürini basandyr. Gözlerinde (göze görünmeýän) perde bardyr. (Hakykaty görmezler). Olar üçin (dün‎‎ý‎äde we ahyretde) uly bir azap bardyr.
8. Adamlardan käsi "Biz Allaha we ahyret gününe ynandyk" diýerler. Hakykatda bolsa ynanýan däldirler.
9. (Bular) Allahy we iman edenleri aldatjak bolýarlar. Aslynda bolsa olar diňe öz-özlerini aldarlar we edýänleriniň netijesini bilmezler.
10. Kalplarynda (imansyzlyk) şek bardyr. Allah bolsa (Kuran indirmek bilen) olaryň şeklerini yene-de köpeltdi. ‎Ýalanlary sebäpli, olara uly azap bardyr.
11. Olara: "Ýerýüzünde bozgaklyk etmäň!" diýlen wagty, "Biz ýagşylyk edijilerdiris, hakykat şudur, başga däldir" diýerler.
12. Gowy biliň, asyl bozgunjylar özleridir; emma muňa düşünmezler.
13. Olara: "Beýlekileriň bolşy ýaly siz hem iman ediň!" diýlende, olar "Biz hem şol akylsyzlaryň iman getirişi ýaly iman getirilimi?" diýerler. Gowy biliň, asyl akylsyzlar özleridir; emma olar bilmez.
14. Iman edenlere ýoluksalar "Biz hem iman etdik" diýerler. Şeýtanlary (olary aldadan dostlary) bilen ýeke galanlarynda bolsa "Biz siziň bilendiris. Biz iman getirdik diýýän musulmanlary masgaralaýarys" diýerler.
15. Hakykatda bolsa, Allah olary masgaralar we olara azgynçylyklarynda haýran bolup gezmekleri üçin dünýäde möhlet berer.
16. Olar azgynçylygy dogry ýoluň öwezine satyn alanlardyr. Soňra olaryň söwdasy peýda bermedi. We dogry ýolda bolmadylar.
17. Olaryň sypaty çöl-beýewanda, garaňkylykda ot ýakan adamyň sypaty ýalydyr. Soňra ot ol adamyň töweregini ýagtylandyran wagty, Allah bularyň a‎ýdyňlygyny söndürer we özlerini garaňkylyk içinde goýar (soň hak we hakykaty) görmezler.
18. Olar kerdirler - hakykaty eşitmezler, laldyrlar - hakykaty a‎ýtmazlar, kördürler - hak zady görmezler, indi olar dogry ýola düşmezler.
19. Ya-da munafyklaryň mysaly asmanda ýagmyr ýagan wagty, garaňkylyk bolar we gök gürlär we ýyldyrym çakar. Olar ölüm howpundan gorkup, şol gaty owazlary eşitmejek bolup, barmaklaryny gulaklaryna dykan adamlaryň mysaly ‎ýalydyr. Allah kapyrlary her tarapdan gurşap alyjydyr.
20. Şol ýyldyrym özüniň ýagty ýitiligi bilen tizden olaryň gözlerini gapmaga golaýdyr. Her wagt ýyldyrym olara ýagtylyk berse, şol ýagtylykda ýörärler we haçan-da ýyldyrymyň ýagtysy gidip, olara garaňky bolsa durarlar. Eger Allah islese, olaryň eşitmeklerini we görmeklerini gidererdi. Takyk, Allah her işe kadyrdyr (hötde gelijidir).
21. Eý, ynsanlar! Sizi we sizden öňkileri ýaradan Allaha gulluk ediň! Şeýtseňiz gutularsyňyz.
22. Ol, Allah, ýeri siziň üçin düşek etdi we asmany bina etdi. Asmandan ýagmyry inderdi. Ondan soň şol suw sebäpli, dürli miwelerden siziň üçin ryzkyňyzy gögerdip çykardy. Artyk, siz Allahy bilip duran halyňyzda, Oňa hiçbir zady şärik etmäň (meňzetmäň)!
23. Eger gulumyza (Muhammed) inderdigimiz Kurandan şübhe edýän bolsaňyz, siz-de Kuran mislinde bir süre getiriň! Allahdan başga-da şaýatlaryňyzy getiriň! Eger siz diýen sözüňizde sadyk bolsaňyz, Allahdan başga size häzir bolýan her hili medetkäriňiz bar bolsa çagyryň!
24. Eger siz bu işi edip bilmejek bolsaňyz (elbetde, muny etmek mümkin däl), onda dowzahyň odundan çekiniň, ol oduň tutaşdyrlygy adamlardyr we daşlardyr. Şunuň ýaly ot kapyrlar üçin taý‎ýarlanandyr.
25. (Resulym) iman getirip haýyrly işler edenlere jennediň buşluk habaryny ber! Şolar üçin baglarynyň aşagyndan derýalar akyp duran bossançylyklar bardyr. Her wagt jennetdäkilere iýmek üçin daragtlaryň miwesinden berilse, olar, şu miweler mundan ozal hem (dünýäde) bize berlipdi diýerler we olara biri-birine meňzeş miweler berler. We olar üçin jennetde päk zenanlar bardyr we olar şol bossançylykda hemişelik galarlar.
26. Takyk, Allah hak zady beýan etmek üçin siňegiň iň kiçisiniň ýa ondan uluragynyň üsti bilen birnäçe mysallary getirmekligi terk etmez. Iman getirenler, takyk ý‎agdaýda, şu tymsallara olaryň Allah tarapyndan bolany üçin, hakdyr diýip bilerler. Kapyrlar bolsa jedel üçin, “şu mysal bilen Allah nämäni isleýärkä?!” diýerler. Allah şu mysal sebäpli köp jemagatlary hak zada ýalan diýenleri uçin gümra eder (ýoldan çykarar) we şol mysal sebäpli köp jemagatlary olaryň aýeti tassyk edendikleri üçin dogry ýola salar. We Allah şu mysal bilen diňe öz emrinden hetden aşa çykanlary azdyrar, başgalary azdyrmaz.
27. Allahyň emrinden çykanlar (fasyklar) Onuň ähdini tassyk edenlerinden soň bozarlar. We olar Allahyň emreden doganlyk, dostluk rişdesini (baglanşygyny) keserler we ýeriň üstünde ýaman işleri ederler. Şol ýaman jemagatlar zyýanda galyjylardyr.
28. Eý, kapyrlar, Allaha niçiksi müňkürlik edýärsiňiz, siz jansyz haldakaňyz, Ol size jan berdi. Ondan soň sizi öldürer, ondan soň sizi direlder, ondan soň Allahyň huzuryna eltilersiňiz.
29. Ol ‎ýer‎üzünde name bar bolsa, siziň üçin ‎ýaratdy. Soňra (Özüne mahsuslykda) gögi ‎ýaratmagy müwessa bildi we ony ‎ýedi gat edip ýaradyp nyzama goýdy. Ol hemme zady haky bilen bilendir.
30. Şuny ‎ýatla, Rabbin meleklere: “Men ‎ýerýüzünde bir halypa(wekil) ýaratjak!” diýdi. Melekler: “Biz Seni Be‎‎ýikligiň bilen öwüp we sena edip duran wagtymyz, ‎ýerýüzünde pitne çykarjak we gan dökjek ynsanlary halypa edip ýaradýarmysyň?!” diýdiler. Allah hem olara: “Siziň bilmeýän zatlaryňyzy, elbetde, Men bilýärin!” diýdi.