بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Bakara süresi (31-190-njy aýatlar)

Beýik Allahyň dünýäde hemme mahluklara çäksiz Mähriban(Rahman) we
kyýamatda diňe musulmanlara möçbersiz Rehimdar(Rahym) ady bilen başlaýaryn.

31. Allah Adama dünýäniň ozalyndan ahyryna çenli hemme zadyň adyny, ylmyny öwretdi, ondan soň Allah ol mahluklaryň özlerini perişdelere ýüzbe-ýüz etdi (görkezdi).
Soňra Allah perişdelere: ”Eger-de siz sözüňizde dogruçyl bolsaňyz, şu mahluklaryň atlaryny maňa habar beriň!” – diýdi.
32. Perişdeler Allaha ýüzlenip: “Sen hemme nogsandan päksiň, bizde ylym ýokdur, diňe Seniň bize öwreden mukdaryňça bardyr.
Takyk, Sen her bir zady belent derejede bilijisiň we edýän işiň netijesini bilip edijisiň!” diýdiler.
33. Allah Adama: “Şu mahlukatyň atlaryny perişdelere habar ber diýdi.
Bes, Adam ol mahluklaryň atlaryny perişdelere habar beren heňňamynda (wagtynda), Allah perişdelere: “Men size aýtmadymmy, takyk, men asmanlaryň we ýerleriň gizlin syrlaryny bilýändirin diýip?!” diýdi.
“We men siziň äşgär edýän zatlaryňyzy we gizlin edýän zatlaryňyzy bilýändirin.”
34. We, eý Resul, ýene-de ýatla (ymmatyňa aýt): “Biz hemme perişdelere (we jynlara) Adama sežde ediň diýdik, soňra perişdeleriň hemmesi Adama sežde etdiler, diňe iblis sežde etmedi. Iblis sežde etmekden gaçdy we tekepbirlik etdi we Allahyň ylmynda kapyrlaryň jümlesinden boldy.
35. Biz: “Eý, Adam, sen we seniň aýalyň jennetde karar tapyň we ikiňiz şol jennet miwelerinden isledigiňizçe we ikiňiz haýsy wagtdan we nireden isleseňiz iýiň diýdik, we ikiňiz şu daragta (bugdaýa) golaýlaşmaň, (eger-de golaýlaşa‎ýsaňyz) (iýseňiz), bes, ikiňiz öz janyňyza zulum edijilerden bolarsyňyz.” di‎ýdik.
36. Soňra şeýtan ikisiniň a‎ýaklaryny jennetden taýdyrdy, bes, ikisini yzzatly, hormatly jaýlaryndan çykardy we biz olara: “Biri-biriňize duşman bolan halyňyzda dünýä giňişligine düşüň we siziň üçin ajalyňyz ýetýänçä ýer ýüzünde karargäh we peýda almaklyk bardyr!” di‎ýdik.
37. Ondan soň Adam-pygamber öz Allahdan birnäçe kelemäni tälim aldy we toba etdi.
Ol şol kelamy aýdandan soň, Allaha tobasyny kabul edijidir, çäksiz rehimdardyr.
38. Biz olara: “Hemmäňiz asmandan ýere düşüň!” diýdik. (*)
Bes, eý, adam perzentleri, eger, sizi Meniň tarapymdan dogry ýola girmäge delalat (höküm) gelse, soňra her kim Meniň iberen kitabyma we pygamberime boýun (laýyk) bolsa, olara howp ýokdur we olara gamgynlyk ýokdur.
* Adam aleýhyssalam, enemiz Howwa, Tawus, Ýylan we Şeýtan ilki bilen behiştden daşyna çykýarlar. Soňky 39-njy aýatdaky höküm bilen asmandan ýere düşýärler. Adamyň Allahdan tobasynyň kabul bolmagy üçin tälim alan ylmy onuň ýere düşeninden 200 ýyl soňdur.
39. Inkär edip, Biziň aýatlarymyza ýalan diýenler bolsa, dowzah odunyň eýeleridirler.Olar şol dowzahda ebedilik galarlar.
40. E‎ý, Israil neberesi, Meniň size beren nygmatlarymy ýadyňyza salyň, we meniň bilen eden ähdiňize wepaly boluň we Men hem siziň bilen eden ähdime wepaly bolaryn we Menden gorkuň!
41. We siziň goluňyzdaky Töwrata, Injile laýyk halynda meniň iberen Kuranyma iman getiriň (tassyk ediň). Şol Kurana kapyrlyk edenleriň özalkysy bolmaň we meniň aýatlarymy dünýä malyna çalyşmaň (zat alyp aýatlary üýtgetmäň) we maňa iman getirip, meniň hökümlerime wepaly pygamberime eýerip menden gorkuň.
42. We siz Kuranyň, Töwratyň, Injiliň haklygyny bilip duran halyňyzda, hak zady nähak zat bilen garyşdyrmaň we hakykaty gizlemäň!
43. We namazyňyzy okaň we zekadyňyzy beriň we rukugly namaz okaýanlar bilen rukug ediň!
44. Siz adamlara ýagşy amAllahry ediň diýip buýurýarmysyňyz we siz şol ýagşylygy etmekde öz janyňyzy unudýarsyňyzmy (unudýarsyňyz) we şol halda siz Töwraty hem okaýarsyňyz. Näme, siz pähim etmeýärmisiňiz?!
45. We siz sabyr etmeklik we namaz okamaklyk bilen Allahdan medet isläň. Takyk, şu namaz siňe(?) eýesinden gorkýanlara agyr däldir, elbetde, özgelere agyrdyr.
46. Ol jemagatlar äşgäre şuny bilerler: takyk, olar özleriniň Belent-Terbiýeçisine ýolugarlar we, takyk, olar Allahyň ýanyna gaýdyp bararlar.
47. Eý, Ýakub pygamberiň öwlatlary, meniň size beren nygmatlarymy ýatlaň. We takyk, men sizi öz zamanaňyzyň adamlaryndan artyk tapawutly etdim.
48. We kyýamatda musulman kişi kapyr adamdan bir zady-da peýda görmez, siz şol günden çekiniň we kapyr adamynyň tarapyndan şepagat kabul edilmez (kapyra kömek edilmez), we kapyr adamdan onuň öwezine zat alynmaz. We olara kömek hem edilmez.
49. We, eý, Israil neberesi, siz şol wagty ýadyňyza salyň, biz sizi Purgundan (Paraondan)* we onuň eserdeşlerinden azat etdik. Olar siziň erkek oglanlaryňyzy öldürýärdiler we aýal-gyzlaryňyzy hyzmat üçin sizden aýyrýardylar. We Purgunyň size musAllaht bolmagynda we Musanyň sizi azat etmeginde siziň Belent-Perwerdigäriňiz tarapyndan synaglar bardyr.
* Purgun (Paraon) 5753 ýyl mundan ozal Müsürde patyşa bolan adam. Ol özi üçin hudaýlyk toslapdyr.
50. We ýat ediň siz şol wagty, Biz siz sebäpli Gulzum derýasyny böldük, soň siziň ata-babalaryňyzy gark etmän ondan geçirdik we biz siziň görüp duran halyňyzda Purgunlary gark etdik.
51. We ýene-de şol wagty ýat ediň, Biz Musa pygambere kyrk gije-gündiz wada etdik. Soň siz Musa keleýim Tuwr dagyna gidenden soň ýasama göläni Taňry edindiňiz we bu halda siz zalymlarsyňyz.
52. Ondan soň biz, siziň göläni Taňry edeneniňizden soň, toba edeniňiz sebäpli günäňizi geçdik, siz şükür edersiňiz diýip göz tutulýar (umyt edilýär).
53. We şol wagt biz Musa pygambere Töwraty we hak bilen nähakyň arasyny açyjy delilleri berdik, täki siz dogry ýoly taparsyňyz diýip umyt bardyr.
54. We Musa pygamber özüniň kowmuna: “Eý, meniň kowmum, takyk ýagdaýda, siz göläni Taňry edinmek bilen öz janlaryňyza zulum etdiňiz, siz şol wagty ýadyňyza salyň diýdi. Bes, siz öz ýaratgyjyňyza toba ediň, (siziň tobaňyz) Bes, göläni Hudaý edinmedikler, göläni Hudaý edinenleri öldüriň, Allahyñ ýanynda şeýle toba etmegiňiz we ölmegiňiz siziň üçin haýyrlydyr.
Soňra Allah tobaňyzy kabul etdi, takyk ol, tobany has ýagşy kabul ediji zatdyr, toba edijilere mähribandyr.
55. We siz, ýa Musa, täki Allah-tagaalany gözümiz bilen açyk görmesek, hergiz saňa bawar etmeris diýdiňiz, siz şol wagty ýadyňyza salyň, ondan soň siz biri-biriňiziň ölüşüňizi görýän halyňyzda asmandan ot gelip sizi ýeke-ýekeden öldürdi.
56. Soňra biz sizi öleniňizden soň direltdik, indi şu zatlaryň gymmatyny bilip, şükür edersiňiz diýip göz tutulýar (umyt edilýär).
57. We biz siziň üstüňize buludy saýa etdik, * we biz size gudrat halwasyny we Terenjeri diýen ak guşy asmandan iberdik, biziň size beren ryskymyzyň (rysgalymyzyň) päkizesinden bir günlügiňizi alyp iýiň diýdik. We Allah-tagaala, ol mähnetsiz, kyýamatda soragsyz berlen nygmatlary pylança günlik ýygnadylar, kakatdylar we şu diýen etmezlikleri bilen olar bize zelel etmediler, ýöne olar öz janlaryna zulum etdiler.
* Musa pygamber kowmy bilen çölde 40 ýyl azaşyp, 120 ýaşap şol çölde wepat bolýar.
58. We eý Israil neberesi, ýadyňyza salyň, biz siziň ata-babalaryňyzy Kuddusa giriň diýdik, soňra onuň nygmatlaryndan nireden we näçe isleseňiz iýiň we şol şäheriň derwezesine sežde eden halyňyzda giriň we, eý Perwerdegärimiz, biziň ýalňyşlyklarymyzy bagyşla diýiň, biz (Allah) siziň günäleriňizi geçeris we biz göläni Taňry edinmedikleriň sogabyny tizden köpelderis.
59. Ondan soň zalymlyk edenler özlerine buýrulan sözüň deregine başga söz getirdiler * Bes, biz zalymlyk edenlere günäkärdikleri sebäpli asmandan azap iberdik.
* Olar “Hyttatün” sözüňiň deregine “Hyntetün” sözüni aýdýarlar. “Hyttatün”-iň manysy günämizi geç diýmek, emma “Hyntetün” bolsa – “Bugdaý ber” diýmekdir.
60. We, eý Muhammet bu wakany hem ýadyňyza salyň, Musa pygamber çölde öz kowmy üçin Allahdan suw talap etdi. Bes, biz Musa kelime, sen hasan (asaň) bilen daşy ur diýdik. Bes, hasany daşa urandan şol daşdan on iki çeşme rowan boldy. Elbetde, her bir taýpasy suw içjek jaýlaryny bildiler. Allahyň beren ryzkyndan (halwa we guş etinden) iýiň we bu çeşmeleriň suwundan içiň, ýöne pitne çykaryjylar hökmünde ýer ýüzünde bozgaklyk etmäň!
61. We ýadyňyza salyň, eý Israil neberesi, siz (ötenleriňiz), eý Musa (asm), biziň bir tagama hergiz sabrymyz ýok diýdiňiz, laýykdyr, sen perwerdegäriňe doga et, biziň üçin şol ýeriň gögerdýän zatlaryndan – gök otlaryndan we hyýaryndan we bugdaýyndan we nohudyndan we soganyndan peýda etsin (çykarsyň). Allaha olara, näme siz ýagşylyk zadyň deregine pes zady aljak bolýarmysyňyz diýdi. (Şeýle bolsa) şähere baryň, takyk siziň üçin şol şäherde soraýan zadyňyz bardyr. We olara harlygy we pakyrlygyiberildi we Allaha tarapyndan bolan gazaba duşdular. Bulara Allahyň gazabynyň bolmagy şol sebäpdendir, olar Allahyň aýatlaryna müňkürlik edýärler we pygamberi nähak öldürýärler.
Jöhitleriň ata-babalarynyň kapyrlyk etmekleri we pygamberleri nähak öldürmekleri, olaryň Allahyň emrine boýun bolmandyklary we günä etmekden hetden aşandyklary sebäplidir.
62. Takyk, her bir dil ujundan musulman bolanlaryň her biri we jöhitleriň her biri we injiýlhonlaryň her biri we ýyldyzy Hudaý edinýänleriň her biri Belent-Taňra we kyýamat gününe iýman getirse we ýagşy amAllahry etse, bes olar üçin olaryň Belent-Taňrysynyň ýanynda sogap bardyr we olara gorky hem ýokdur we olara gamgynlyk hem ýokdur.
63. We biz siziň Musa pygambere ynanmak we Töwrata amal etmek barasyndaky ähtnamaňyzy aldyk we, takyk, biz Tuwr dagyny siziň süýr depäňize göterip goýduk *, eý beni-Israýyl, siz şol wakalary ýadyňyza salyň (biri-biriňize gürrüň beriň.) Biziň size beren Töwratymyzy pugta tutuň we Töwratdaky bar bolan hökümleri wagyz ediň, şeýle edeniňizde siz iki dünýäniň azabyndan gutularsyňyz diýip umyt bardyr.
* Jöhitleriň ata-babalary Orsalyma (Kuddusa) girenlerinden soň hem Allahyñ diýenini etmändirler. Allaha olaryň dört tarapyny suw edip, depelerinde-de Tuwr dagyny getirip, edil degäýmez ýaly edip goýupdyr. Ine gaçjak, ine gaçjak bolup duran. Olar şonda-da diýen etmändirler.
64. Ondan soň siz Allaha bilen eden ähdi-peýmanyňyzdan ýüz dänderdiňiz. Bes, eger size Allahyň pazly-keremi we rehimdarlygy bolmadyk bolsa, takyk, siz heläk bolgujylardan bolardyňyz.
65. We elbetde, siz ol jemagatlary bilýärsiňiz, olar sizden bolan hAllahrynda, Allaha tarapyndan şenbe güni gadagan edilen işi edip hetden aşdylar. Biz olara * har, hor bolan halyňyzda maýmyn boluň diýdik.
* Şol jemagatlar häzirki Israýylyň ýa-da Palestinanyň deňze degip duran obalarynyň birinde ýaşanlar. Ol obanyň ýary Allahyñ diýenini edip, şenbe güni bir aýlagdan balyklary tutmandyrlar. Emma ýary weli, şol parahat aýlagda tohum taşlaýan balyklary tutup iýipdirler. Şoňa görä-de maýmyn bolup, üç gün maýmynlyklaryna ýaşap ölüpdirler. Olary şol durşlaryna mazarystan edipdirler.
66. Soňra biz bu wakany görenlere we geljekde bu wakany eşidenlere we Muhammet ymmatyna pendi-nesihat etdik.
67. We, eý Ýakub aleýhyssalamyň perzentleri, siz şol wagty ýadyňyza salyň, Musa (asm) öz kowmuna, takyk, Allah size bir sygry öldürmekligi emr edýär iýdi. Kowumlary Musa, sen bizi masgara etjek bolýarmyň diýdiler. Musa pygamber olara, musulmanlary masgaralamakdan gaçyp Belent-Taňra sygynýaryn diýdi (musulmanlary masgaralamakdan meni Allaha saklasyn diýdi).
68. Kowumlary, eý Musa, sen biziň üçin Perwerdegäriňi çagyr, ol bize sygryň ýaşyny we sypatyny beýan etsin diýdiler. Musa pygamber olara, takyk, şol sygyr hakykatdan ne-hä garry, ne-de ýaş sygyrdyr diýip Allaha aýdýar diýdi. Şu ikisiniň aralygynda, orta ýaşdyr. Bes, (laýyk zat) siz özüňize emr edilen hökümleri ediň.
69. Ol jemagatlar Musa, sen biziň üçin Belent-Perwerdegäriňi çagyr sen, şol sygryň reňkini bize beýan etsin diýdiler. Musa ol jemagatlara, takyk, şol sygryň reňki gaty sary sygyrdyr diýip Allaha aýdýar diýdi. Onuň reňki görgüjileri hoş eder (haýran eder).
70. Ol jemagatlar Musa, sen biziň üçin Belent-Perwerdegäriňi çagyr sen, şol sygyr elde saklanyp işledilýän sygyrmy ýa-da sähradamy, bize şony beýan etsin diýdiler. Takyk, şu aýdylan sypatlar bilen sypatlanan sygyr, reňkinde bize meňzeşdir. We hakykatdan biz, eger-de Allaha ýol berse, şol sygyr sebäpli, elbetde, dogry ýoly tapgyjylar jümlesinden bolarys diýdiler.
71. Musa pygamber olara, takyk, Belent-Taňry, hakykatda şol sygyr ekin ekmek üçin ýer sürüp horlanan sygyr däldir we ekin suwarmak üçin suw çeken sygyr hem däldir diýýär diýdi. Ol sygyrda aýyp ýokdur, (we) ol sygyrda derisiniň reňkinden başga gara reňk hem ýokdur. Ol jemagatlar Musa (asm), sen sygryň sypaty barasynda dogry we tamam habary aýtdyň diýdiler. Bes, ol sygry bazardan dersi doly tylla pula alyp öldürdiler we olar şol sygryň bahasynyň agyrlygy sebäbinden ony öldürmeklige ýakynlaşmakçy hem däldirler.
72. We, eý Ýakubyň nesilleri, siz şol wagty ýadyňyza salyň, siz bir ynsany öldürdiňiz, soň siz şol öldürlen adam hakynda jedel etdiňiz. We Allah siziň gizleýän zadyňyzy ýüze çykargyjydyr.
73. Bes, (soň) biz olara, şol sygryň synasynyň bir bölegi bilen (guýrugy ýa-da dili bilen) öldürülen adamyny uruň diýdik *. Allah şunuň ýaly edip ölenleri direlder. We Allah size özüniň gudratynyň barlagyna delalat edýän nyşanlary görkezýär, indi siz bir öleni direlden Allahyň hemme ölenlere direltjekdigine akyl ýetirersiňiz diýip göz tutulýar (umyt edilýär).
* Bu sygyr soýuşlyk meselesi: bir adam öz garyndaşyny öldürýär-de maslygyny goňşy obanyň içine atýar. Şoňa görä Allaha Musa, bir sary sygyr tapyp öldüriň-de bir bölek eti bilen ölen adamyny uruň. Şonda ol direlip kimiň öldürenini aýdar diýipdir. Musa şol sygyryň bir bölegi bilen öleni urýar. Ol direlip: meni kakamyň erkek doganynyň ogly öldürdi – diýýär-de ýene-de ölüp ýatýar. Onuň ady Aamiýl Şeraahyýl ogludyr. Onuň doganoglanyny tutup öldürýärler. Mal bolsa ortalyga galýar.
74. Ýokardaky gudraty göreniňizden soň hem siziň ýürekleriňiz gatady, bes, şol gaty ýürekler daş ýaly gatydyr ýa-da gatylykda daşdan hem gatyrakdyr. We takyk, birnäçe daşlardan suw çykyp, ondan ýaplar dolup akar. We takyk, daşlardan birnäçe daşlar ýarylar, soňra ondan suw çykar. We takyk, Belent-Taňrydan gorkusyna birnäçe daşdan suw çykyp, pese tarap akar we Allah siziň edýän işleriňizden gapyl däldir.
75. Eý musulmanlar, siz jöhitlere Muhammediň sypatyny we yslamyň hakykatyny aýtmagyňyz bilen olaryň size boýun bolmaklaryny umyt edýärmisiňiz we, takyk, olardan bir taýpasy (ýetmiş kişi) Allahyň Töwratyny eşitdiler, soňra onuň dogrulygyna akyl ýetirenlerinden soň ony üýtgetdiler we olar özleriniň ýalançydyklaryny-da bilýärdiler.
76. We haçanda münafyklar musulmanlara ýoluksalar, biz hem siziň ýaly imat getirendiris diýýärler, we haçan-da münafyk däl jöhitler musulmanlar bilen gepleşen jöhitlere duşsalar Allahyň Töwratdaky size bildiren hökümlerini musulmanlara habar berýärmisiňiz diýdiler. Täki olar siziň Belent-Terbiýeçiňiziň ýanynada dawa ederler we siziň şu aýdan habaryňyz sebäpli siziň zeleliňize güwäde bolarlar. Näme siz pähim etmeýärsiňizmi.
77. Takyk, Allah olaryň ýüreklerindäki gizlin kapyrlyklaryny we dildäki aç-açan aýdýan sözlerini bilýändir, şony olar bilmeýärmikäler.
78. We şolardan birnäçeleri okap, ýazyp bilmezler we kitaby hem bilmezler, diňe olar öz alymlary tarapyndan ýalandan toslanyp ýazylan habarlara weli ynanarlar we olar hak zady bilýän däldirler, ýöne güman edýändirler.
79. Bes, Jähennemdäki Weýil atly dere (jülge) elleri bilen kitap ýazan jemagatlar üçindir, soňra olar şu kitap Allah tarapyndan gelen kitapdyr diýerler, täki şol ýalandan ýazan kitaplarynyň deregine az hem bolsa para alarlar. Bes, olaryň elleri ýalan kitaplary ýazandyklary sebäpli, olar üçin jaý dowzahdyr we ýalan kitaplary ýazan para we haram zady almaga kesp edendikleri sebäpli – olar üçin jaý dowzahdyr.
80. We olar, bize dowzah ody hergiz degmez, meger, degäýse-de sanalan günlerde deger diýdiler. Eý Muhammet (asm) sen olara, siz Allahyň ýanyndan ähdi-peýman aldyňyzmy, sanly günden * artyk dowzahda bolmazyňyz ýaly diýgin. Bes, Belent-Taňry, ol eden ähdiniň tersine hergiz iş etmez, ýa siz bilmeýän zadyňyzy Allaha ýöňkäp sözleýärsiňizmi.
* Sanly gün diýenleri kyrk gün bolmaly, onuňam kyrklygynyň emmasy: Musa keliým Tuwr dagyna gidende kyrk gün eglenipdir, şonda olar kyrk gün ýasama göläni Hudaý edinipdirler.
81. Hawa, her kim günä işi etse we ol adamyny günäsi dolap alsa (günäsi köp bolup kapyrlyga ýetse), bes, şol adamlar dowzahylardyr. Olar şol dowzahda hemişelik galarlar.
82. We ol jemagatlar Allahy we onuň pygamberlerini tassyk etdiler we ýagşy amAllahry etdiler, olar jennet eýeleridir. Olar şol jennetde hemişelik galarlar.
83. We şol wagty ýadyňyza salyň, biz Ýakub pygamberiň perzentlerinden Töwratda pugta ähtnamany aldyk. Diňe Belent-Taňra bendeçilik ediň, başga zada bendeçilik etmäň we ataňyza, eneňize we ýakyn garyndaşlaryňyza we ýetimlere * we mätäçlere ýagşylyk ediň we adamlara ýagşy sözleri aýdyň we namazyňyzy okaň we zekadyňyzy beriň diýdik. Ýokardaky ähtnamadan soň, siz ondan ýüz dönderdiňiz, megerem, sizen az sandakylar ýüz döndermediler we siz öten ata-babalaryňyz ýaly ähtnamadan ýüz döndergiji halyňyzda dönükler adyny aldyňyz.
* Ýetim sözi şu görnüşinde ýazylmasa, hakyky ata-enesi ölen çaganyň manysyny bermeýär, diňe ýekeligi aňladýar.
84. We eý Muhammet aleýhyssalam asyrdaş jöhitler, şol wagty ýadyňyza salyň, biz sizden ahyrky şertnamany aldyk, hähakdan biri-biriňiziň ganlaryňyzy dökmäň we biri-biriňizi watanyndan çykarmaň, ondan soň siz bu baglaşylan ähtnama ykrar etdiňiz we siz, eý Mediýne jöhitleri, ata-babalaryňyzyň bu ähdi baglaşandyklaryna güwä bolarsyňyz.
85. Ondan soň siz, eý jöhitler jemagatlara, biri-biriňizi öldürersiňiz we öz kowumlaryňyzdan birnäçe taýpany ýurtlaryndan çykararsyňyz. Siz olara zulum edip, olaryň duşmanlaryna-da kömek edersiňiz. We eger olar size ýesir düşseler, olardan mal alyp ýa-da öz ýesirleriňiz bilen öwezleşip boşadýarsyňyz we size olary ýurtlaryndan çykarmaklyk haram edilipdi. Siz Töwratyň birnäçe aýatlaryna ynanyp, birnäçe aýatlaryna müňkürlik edýärsiňizmi. Bes, bir adam sizden bolan halynda şeýle işleri etse (ähdi pozsa) onuň şu dünýädäki jezasy harlyk we ryswalykdyr, meger başga däldir. We kyýamat güni gaty azaba duçar edilerler. We Allah siziň edýän işleriňizden bihabar däldir.
86. Olar dünýäniň diriligini ahyrýetiň deregine çalşan adamlardyr. Bes, olaryň azaby ýeňledilmez we olar dünýäde we ahyrýetde kömek edilinýän adamlar däldir.
87. We, takyk, Musa (asm) Töwraty berdik we biz Musadan soň yzly-yzyna pygamberleri iberdik we biz Merýemiň ogly Isa pygambere gudratlary (ölini direltmek we …) berdik we Jebraýyl aleýhyssalam bilen medet berdik. Bes, eý jöhitleriň köpçüligi, her haçan pygamber biziň ýanymyzdan siziň göwnüňiziň halamaýan emirlerini size getirse, siz oňa tekebbirlik etdiňiz. Bes, siz ol pygamberden birtoparyny ýalançy diýdiňiz we siz olardan birtoparyny öldürdiňiz.
88. We Muhammede gelen emrleri kabul etmekde biziň ýüreklerimiz garalygy gaplanandyr diýdiler. Belki, Allah olaryň kapyrlyklary sebäpli olara nälet (lagnat)edendir. Bes, olaryň az sandakylary imat getirdiler.
89. Bes, ol heňňamda (wagtda) Allahyň ýanyndan olaryň gollarynda bar bolan Töwrata tassyk ediji halynda olara kitap geldi. We olar Muhammet (asm) dünýä gelmäkä onuň adyny tutup öz duşmanlaryndan üstün çykmak üçin Allahdan kömek talap edýärdiler. Bes, haçandan olara özleriniň tanan we çagyran pygamberi gelende olar oňa müňkürlik etdiler. Bes, Allahyň näleti kapyrlardyr.
90. Köp ýaman zatdyr ol zat: Allah özüniň pazly keremi bilen bedenlerinden halan bendesine pygamberlige bermegine içgaraçylyk edip, onuň iberen Kuranyna kapyrlyklary sebäbinden öz janlaryny şol zada (dowzah oduna) çalyşdylar. Bes (boldy), olar gazap üstüne gazaba * duçar boldular. We kapyrlar üçin har ediji azap bardyr. Haçanda mediýneli jöhitlere Allahyň iberen Kuranyny iman getiriň diýilse, olar özümize iberilen Töwrata iman getireris diýdiler we olar Töwratdan başgasyna müňkür boldular. We şu Kuran, olaryň gollaryndaky Töwraty tassyk ediji halynda hakdyr. Eý Muhammet aleýhysaalam, sen olara, eger-de siz Töwrata ynanýan we onuň hökümlerini tutýan bolsaňyz mundan ozal näme üçin pygamberleri öldürdiňiz diýip aýt.
* Birinji gazap Ysany we Injili inkär edendikleri üçin, ikinji gazap Muhammedi we Kurany inkär edendikleri üçindir ýagny – jöhitler diňe Töwraty ulanýarlar-da, onuň hökmüniň ýatyrylandygyny inkär edýär. Kitaplaryň Kurandan özgesi ýatyrlandyr.
91. We olara:”Allahyň inderenine iman ediň!” diýlen wagty (olar):”Biz diňe bize inderilene (Töwrata) iman ederis!” diýip, onuň yzyndan geleni(Kurany) inkär ederler. Aslynda, ol(Kuran) ýanlarynda bolany tassyk ediji hak (bir Kitap)dyr. (Eý, Meniň Resulym! Olara) Şeýle diý:”Eger mümin ynsanlar bolan bolsaňyz, näme üçin (size gelen) öňki pygamberleri öldürýärdiňiz?!”
92. Ant bolsun, size Musa pygamber açyk diller we äşgäre göz görkezmeler bilen geldi, emma siz Musa Töwraty almak üçin Tuwry-Siýna dagyna gidenden soň, göläni Hudaý edindiňiz we siz bir Taňrydan başga zada ybadat etmek bilen öz janyňyza zulum edijilersiňiz.
93. We wagtiki biz siziň Musa pygambere ynanmak we Töwrata amal etmek barasyndaky ähtnamaňyzy aldyk we Tuwry-Siýna dagyny siziň süýr depäňize göterip goýduk *. Siz biziň size beren kitabymyzy pugta ynanç bilen tutuň we siz onuň hökümlerini eşidiň. Olar Allaha beren jogaplarynda: biz gulaklarymyz bilen eşitdik we ýüreklerimiz bilen günäkärçilik etdik diýdiler we olaryň kapyrlyklary sebäpli ýüreklerine Hudaý edinen göleleriniň söýgüsi goşulandyr.Eý Muhammet aleýhyssalam, sen olara, eger-de siz musulman bolsaňyz, imanyňyz göläni Hudaý edinmekligi we Kurany inkär etmekligi size buýurmazdy, ne ýaman zat siziň imanyňyz diýip aýt (başga-da üç ýorgudy bar).
* 92-93 –nji aýatlaryň gaýtalanmagynyň sebäbi: Jöhitler halys diýen etmänsoňlar Allaha olara rehim edip ikinji gezegem wakany ýatladýar we olaryň Kurany kabul etmegine garaşýar.
94. Eý Muhammet aleýhyssalam, sen jöhitlere, eger Allahyñ ýanyndaky ahyrýet öýi (jennet) halys siziň üçin bolup, başga adamlara degişli bolmasa, bes, eger dawaňyzda-da dogruçyl bolsaňyz, onda siz ölümi arzuw ediň diýip aýt.
95. We jöhitler öz elleriniň ozal günä işleri edendikleri jähetli ölümi hergiz-hergiz arzuw etmezler. We Allaha zulum edijileri has ýagşy bilgijidir.
96. We sen, elbetde, olaryň şu dünýä diriligini hemme adamlardan artyk gowy görýändiklerini we şol taýpalardan bolan müşriklerden (ikihudaýlylardan) hem artyk harsydünýädiklerini bilersiň. Olaryň her biri dünýäde müň ýyl ýaşamaklygy arzuw eder (olaryň her biri, käşgi müň ýyl ömür berilsedi diýip arzuw ederler). We onuň uzak ýaşamaklygy ony Allahyñ azabyndan gutarmaz. We Allah olaryň edýän amAllahryny bilgijidir.
97. Eý Muhammet (asm), sen olara aýt, kimde- kim Jebraýyl aleýhyssalama duşman bolsa ol heläk bolsun, bes, takyk, ol Zat Allahyň rugsady bilen Kurany getirip ony seniň ýüregiňe ornaşdyrdy, ol Kuran özünden ozalky kitaplary tassyk edijidir we dogry ýoly görkezgijidir we musulmanlara jennet bilen hoş habar bergijidir.
98. Her kim Belent-Taňra we onuň perişdelerine we onuň pygamberlerine we Jebraýyla we Miýkaýyla duşman bolsa kapyrdyr, laýyk zat, Allah kapyrlara duşmandyr.
99. We, elbetde, biz saňa her zady aýdyň ediji, halal-haramyň arasyny açgyjy aýatlary iberdik. We ol Kurana diňe Allaha boýun bolman hetden aşyjylar müňkürlik ederler, başgalar müňkürlik etmezler.
100. Olar aýdyň mazmunly aýatlara kapyrlyk edýärlermi we her haçan olar pugta ähtnama baglaşsalar, olardan bir taýpasy ähdi-peýmanlaryny bozdular.
101. We şol heňňamda (bulaşyk wagtda) Allaha tarapyndan olara gollaryndaky Töwraty tassyk ediji pygamber (Muhammet) geldi (weli), Töwrat berlen adamlardan bir taýpasy Allahyň kitabyny (Kurany ýa-da Töwraty), göýä şol kitaby bilmedik ýaly, arkalaryna taşladylar.
102. We olar şondan soň Süleýman pygamberiň zamanynda şeýtanlaryň ýazan we okan bozuk kitaplaryna eýerdiler (okadylar). We Süleýman aleýhyssalam jadygöý diýdiler (Süleýmandan günäkärçilik çykan däldir). We ýöne weli şeýtanlar, jynlar jadygöýligi ulanyp, adamlara öwredip kapyr boldular.* Olar adamlara jady ylymyny öwretdiler we Babyl şäherindäki Harut we Marut atly iki perişdä iberilen zatlary-da öwretdiler. We ol iki perişde hiç kime jadyny öwretmedim, diňe tälim bermezlerinden öňürti, biz Allah tarapyndan halka synag (bela) bolup gelendiris, başga hili däldirs, bizden jady ylmyny öwrenip amal edip kapyr bolma sen – diýip ikisi aýdýarlar. Bes, adamlar ol iki perişdeden är bilen aýaly biri-birinden aýyrýan jadyny öwrendiler. We Allahyň rugsady bolmasa, jadygöýler öz ylymlary bilen hiç kime zelel edip bilmezler, megerem, Allahyñ rugsady bilen zelel edip bilerler. We olar özlerine zelelli zady öwrenerler we ol öwrenen jadylary olara ahyrýetde we dünýäde peýda bermez. We Töwraty arka atyp, onuň öwezine şeýtanlaryň ýazan kitabyna amal edenlere behiştden nesip ýokdugyny jöhitler takyk bildiler. We ne ýamandyr ol zat, şol ýaman zadyň öwezine olar janlaryny satdylar. Käşgi eden öwezleşikleriniň netijesini bilsediler.
* Süleýman pygamberiň ýedi ýyl tagtyndan jyda bolanyndan peýdalanyp, şeýtanlar Süleýmanyň döwletine garşy ýalan kitaplary ýazyp, halka äşgär okap berenler. Şol ýazgylaryň galyndylary häzirki zaman jadylygynyň çeşmesidir. Şeýtanlar, jynlar we olara uýýan adamlar özleriniň jady kitabyny Süleýmanyň oturýan kürsüsiniň edil aşagynda gömýärler. Süleýman ýedi ýyllap ýiten wagty ony alyp, halka okap: Ine, siziň pygamber diýýäniňiz. Jady bilen bir adam – diýýärler. Şu ýerden çykýan many: belent adamlaryň garşysyna nähili töhmetler edilinýändigini aýtmaklykdyr.
103. We eger olar hakykat iman getirseler we ýaman işlerden çekinseler, elbetde, Allahyň ýanyndaky sogap olara paradan, jadylykdan has ýagşydyr. Käşgi olar peýdalaryny bilsediler.
104. Eý iman getirenjemagatlar, gepleşik wagtynda Muhammede biziň gözegçimiz (çopanymyz) diýmäň we diňe bize tarap nazar et diýip aýdyň we Allahyñ hökümlerini kabul edijilik bilen eşidiň. We kapyrlar üçin yzy üzülmeýän azaplar bardyr.
105. We kitap eýelerinden (Töwrat eýelerinden) bolan jemagatlar we ikitaňrylylar size Perwerdegäriňiz tarapyndan ýagşylyklar inderilmegini halamazlar. We Allah islän bendesine pygamberligi berer (Taňry-t islän bendesini öz rehmetine laýyk eder). We Allah belent pazylat eýesidir artykmaçlyklar eýesidir).
106. Biz (Allah) wagtyň talabyna görä, birnäçe aýatlary ýatyrsak ýa-da ony adamlaryň hatyralaryndan gidirip ulanylmaz ýaly etsek, biz onuň deregine milletlere haýyrlysyny ýa-da onuň meňzeşini indereris. Eý Muhammet (asm), sen bilmeýärmiň ahyry, Allah her bir işe ýagşy hötde gelijidir.
107. Eý Pygamber, sen bilmeýärmiň ahyry, takyk, asmanlaryň we ýerleriň ähli zatlary Allaha üçindir.Men siziň üçin Belent-Taňrydan başga dost we kömek ediji zat ýokdur.
108. Muhammetden öň Musa pygamberden sowal edilişi ýaly siz hem öz pygamberiňizden (Muhammetden) sowal etmeklige isleýärsiňizmi. We her kim musulmançylygyň deregine kapyrlygy alsa, bes, takyk, ol kişi dogry ýoldan başga ýana çykandyr.
109. Ähli-kitapdan köpleri sizi musulman bolanyňyzdan soň kapyr etmekligi islediler. (Olar bu işi) Olara Töwrata Muhammet aleýhyssalamyň, Kuranynyň we yslamyň haklygy aýan bolandan soň, öz ýanlaryndan eden içgaraçylyklary üçin etdiler. Eý musulmanlar, täki Allaha uruş üçin hökmüni iberýänçä olary taşlaň we olardan ýüz dönderiň. Takyk, Allah her bir işe kadyrdyr (hötde gelijidir).
110. We siz namazyňyzy okaň we öli-diri malyňyzdan zekadyňyzy beriň. We siz öz janyňyz üçin dirikäňiz eden ýagşy amAllahryňyzyň sogabyny kyýamat güni Allahyň ýanynda taparsyňyz. Takyk, Allah siziň eden amAllahryňyzy oňatdan oňat görgüjidir.
111. We kitap eýeleri, jöhit we nasaaraalardan (Injiýle uýýanlardan) başga adamlar hergiz jennete girmezler diýdiler. Bu aýdýanlary olaryň batyl (ugursyz) arzuwlarydyr. Ey Muhammet aleýhyssalam, sen olara, dawwaňyzy dogry aýtgyjy bolsaňyz, bu ugursyz arzuwlaryňyza şaýadyňyzy getiriň diýip aýt.
112. Iş olaryň aýdyşy ýal däldir, belki her bir adam Allaha halys boýun bolsa, şol adam Kurany tassyk edýän adamdyr, bes, onuň gazanan sogaby onuň Perwerdegäriniň ýanyndadyr. We olara iki dünýäde gorky ýokdur we olara gamgynlyk hem ýokdur.
113. We jöhitler, nasaarlaar (Injiýle uýanlar) dogry ýolda däldirler diýdiler we nasaarlaar hem jöhitler dogry ýolda däldirler diýdiler. We iki taýpa-da Töwraty we Injiýli okan hAllahryndan bilip, hakykata göz ýetirip bilkastlaýyn dawwaedýärler. Şonuň ýaly kitap bilmeýän arap kitaplary we gaýrylar ýehud (jöhit) we nasaarlaaryň biri-birlerine aýdýan ýalan sözleri ýaly töhmetleri Muhammet pygambere we onuň sahabalaryna aýtdylar. Bes, Allah olaryň aralaryndaky dini dawalary hakynda kyýamat güni höküm eder.
114. We Allahyň mesjitlerinde onuň atlaryny tutmaklygy gadagan edýän we şol mesjitleriň ýakylmagy barasynda tiz hereket edýän adamdan has zalym adam kimkä (ondan zalym adam ýokdur). Olar mesjide girmeklik laýyk däldir, meger, girseler hem gorkujy hAllahrynda girerler. Şolar üçin dünýäde ryswalyk we harlyk bardyr we ahyrýetde hem uly azap bardyr.
115. We Allah üçindir gündogar we günbatar taraplar, bes, zeruratda niýet edip haýsy tarapa ýüzüňizi aýlasaňyz, namaz okamak üçin şol tarap Allahyň razy bolan kyblasydyr. Takyk, Allah rehimdarlygy giň, hemmetaraplaýyn, has ýagşy bilgiji zatdyr.
116. We ol zalymlar Allahyñ perzentleri bar diýdiler. Allah hemme aýyplardan päkdir (perzendi ýokdur). Belki, asmanlardaky we ýerlerdäki hemme zatlar Belent_Taňrynyňkydyr. Her näme ýerlerde bardyr we asmanlarda bardyr hemmesi Belent-Taňra boýun bolgujydyrlar.
117. Allah asmanlary we ýerleri haýsy-da bolsa bir nusgadan görmän, täzeden peýda edijidir. We haçan-da Allah ýok ýerden bir zadyň bolmagyny islese, şol zady: Bol – diýýär, bes, şol zat çaltlyk bilen – kirpik çalyşmak bolýar.
118. We ylymsyz jemagatlar Muhammede (asm), näme üçin Allaha biz bilen açyk gepleşmeýär, seniň pygamberleriň dogrulygy hakynda gepleşsin ahyry ýa-da seniň dogrulygyňa kanagatlanar ýaly bize aýat gelsin, (näme gelenok) diýdiler. Şunuň ýaly, bulardan öň zamanlarda öten nadanlar hem şularyň sözlerine meňzeş sözleri aýtdylar. Ozalkylaryň we soňkylaryň ýürekleri kapyrlykda we gatylykda biri-birleriniňkä meňzeşdir. Takyk, biz hakykaty isleýänler üçin alamatlary beýan etdik.
119. Takyk, biz seni (Muhammedi) Kuran bilen musulmanlara hoş habar bergiji halynda we kapyrlylar gorkuzgyjy halynda iberdik, we sen kyýamata dowzahdaky ot eýelerinden soralmarsyň * (olar hakynda senden zat soralmaz).
* Şu aýatdan maksat: Muhammet (asm) öz ejesine we kakasyna zyýarata barýarka, gabrystana ýetmäkä Jebraýyl (asm) gelip: “Sen dowzahdakylara zyýarat etme” – diýýär. Mazmuny: eneň-ataň dowzahda diýildigidir. Muhammet (asm) köp aglandan soň Allaha onuň ata-enesini direldip, täzeden musulman edýär.
120. We eý Muhammet (asm), täki sen olaryň milletine goşulýançaň, jöhitler we nasaaraalar senden hergiz razy bolmazlar. Sen olara aýt, takyk, Allahyň ýol görkezmekligi ol dogrulyga ýol görkezmeklikdir. We, eý pygamber, eger-de sen özüňe Allah-tagaaladan ylym gelenden soň, olaryň islegine tabg bolsaň (goşulsaň), size Allahyň azabyndan gutarmaga ne-hä ýakyn dost bardyr, ne-de kömekçi bardyr.
121. Ähli kitapdan, biziň kitap beren adamlarymyz şol kitabyň aýatlaryny üýtgetmän we manylaryny ýoýman ony okarlar. Olar kitaba iman getirenlerdir (kitaby tassyk edenlerdir). We her kim kitaby inkär etse, bes, olar heläk bolgujylardyr.
122. Eý Ýakub pygamberiň perzentleri, mrniň size beren nygmatlarymy ýadyňyza salyň, men siziň ata-babalaryňyzy öz zamanasynyň hemme adamlaryndan artyk etdim.
123. We eý ynsanlar, çekiniň ol günden, onuň howpundan bir adam bir adamdan peýda görmez (bir adam bir adamynyň azabyndan almaz) we azapdan gutarmak üçin onuň deregine başga bir adamyny kabul edilmez we kapyr adama şepagat peýda etmez we kapyr adamlara kömek edilmez.
124. We eý Muhammet (asm), sen şol wagty ýadyňa sal, Ybrahyým halyýlyň Belent-Perwerdegäri ony birnäçe emirler bilen synady, bes, Ybrahyým halyýl ol emrleri tamam ýerine ýetirdi. Allah Ybrahyýma, men seni hemme ynsana ymam (ýolbaşçy) etjek diýdi. Allaha Ybrahyýma, meniň bu ähdim zalymlara nesip etmez diýdi.
* Ybrahyým, Ysmagyýl, Ishaak, Musa, Halyýl we başga pygamberleriň atlary we Kurana giren umumy atlar aýatda bolşy ýaly ýazylýar. Eger-de üýtgedilse onda öňki manysyny ýitirýär. Meselem: «Muw» – suw, «sä» - göklük diýmekdir ýa-da Ysmagyýl iki bölekden ybarat bolup, «Ysmag» – eşit diýdigidir. «Iýl» bolsa Allah şükür (et) diýildigidir. Mu manylar Sirýany we Abraany dillerindedir.
125. We eý Muhammet (asm), sen şol wagty ymmatyňa aýt, biz Hanaýy-Käbäni ynsanlar üçin (musulmanlar üçin) zyýarat jaýyna we aman tapar ýaly jaýa öwürdik. We Ybrahyým halyýlyň aýak yzynyň eseri (nyşany) bar bolan mekany namaz jaýy ediň. We biz Ybrahyým we Ysmagyýl pygamberlere zyýarat edijiler we akyfiýnler (gizlin tagat edijiler) üçin we namaz okagyjylar üçin, meniň öýümi päkizeden-päkize tutuň diýip emr etdik.
126. We, eý Muhammet (asm), sen şoil wagty ýadyňa sal, Ybrahyým halyýl, eý meniň Belent-Terbiýeçim, şu şäheri aman sakla we onda ýaşaýanlardan Allaha we kyýamat gününe iman getiren adamlara her dürli miwelerden ryzk (rysgal) bergin diýdi. We Allah-tagaala, bir adam kapyr bolsa, bes, men ony hem şu dünýäde ömri ötinçä biraz mukdarda peýdalandyraryn, ondan soň men ony alaçsyz dowzaha barar ýaly ederin diýdi. We dowzah ne ýaman baryljak jaýdyr.
127. We eý Muhammet aleýhyssalam, sen ymmatyňa aýt, Ybrahyým we Ysmagyýl pygamberler Käbäniň düýbüni tutdular we diwarlaryny galdyrdylar. Olar, eý biziň Belent-Terbiýeçimiz bolan Allah-tagaala, bu hyzmaty bizden kabul et. Takyk, sensiň dogamyzy ýagşy eşitgiji, sensiň biziň niýetimizi ha gowy bilgiji diýdiler.
128. Eý biziň Belent-Taňrymyz, bizi özüňe yhlasly boýun bolgujy et. We biziň perzentlerimizden birnäçesini özüňe boýun bolgujy jemagatlardan et. We bize haç etmegiň ýollaryny görkez we biziň we perzentlerimiziň uly, kiçi günälerimizi bagyşla. Takyk, sensiň toba edijileriň tobalaryny kabul ediji, (we) sen magşar güni musulmanlaryň günälerini geçgijisiň.
129. Eý biziň Belent-Taňrymyz, adamlara seniň aýatlaryňy okar ýaly we Kuranyň manysyny olara öwreder ýaly we dogry sözleşigi öwreder ýaly we adamlary butlara ybadat etmekden päklär ýaly biziň neslimizde bolan musulman jemagatyndan pygamber iber. Takyk, sen duşmanlardan üstün çykyjysyň, edýän işiň netijesini kemsiz bilip edijisiň.
130. We hiç kim Ybrahyýmyň şerigatyndan ýüz döndermez, meger, özüni özi tanamaýan akmak adam ýüz dönderer. We elbetde, biz Ybrahyýma dünýäde pygamber etdik. We, takyk, Ybrahyým aleýhyssalam ahyrýetde, elbetde, iň ýagşy bendelerdendir.
131. Eý Muhammet (asm), sen şol wagty ýadyňa sal, Ybrahyýmyň Belent-Taňrysy oňa, her hala sezewar bolsaň-da meniň emrime boýun bol diýip aýtdy. Ybrahyým aleýhyssalam, men älemleriň Belent-Perwerdegäri Allaha özümi teslim etdim (boýun sundum) diýdi.
132. We Ybrahyým halyýl öz ogullaryna Allaha boýun bolup, oňa yhlasly bolmagy weýet etdi we Ýakub pygamber hem öz ogullaryna şonuň ýaly wesýet etdi. Olar, eý meniň ogullarym takyk, Allah size yslam dinini ygtyýar etdi (berdi), indi siz başga bir ýolda ölmäň-de, diňe yslamda bolan halyňyzda ölüň diýdiler.
133. Ýa siz, eý musulmanlar, Ýakuba (asm) ölüm gelen wagty onuň ýanynda barmydyňyz. Şol wagtÝakub pygamber öz ogullaryna, men ölenimden soň siz nämä ybadat edersiňiz diýdi. Olar atalaryna, biz seniň Taňryňa ybadat ederis we seniň atalaryň bolan Ybrahyýmyň we Ysmagyýlyň we Ishaakyň Taňrysyna ybadat ederis we biz ýeke-täk Belent-Taňra boýun bolgujy halymyzda oňa ybadat ederis diýdiler.
134. Ybrahyým we Ýakub we olaryň öwlatlary ötüp giden jemagatlardyr. Olaryň eden amAllahry olar üçindir we sisiň eden amAllahryňyz siziň üçindir. We siz kyýamat güni olaryň eden işlerinden soralmarsyňyz.
135. We jöhitler we nasaaraalar musulmanlara, jöhitlerden ýa-da nasaaraalardan (hristiýanlardan) boluň, şonda dogry ýoly taparsyňyz diýdiler. Eý pygamber, sen olara, belki biz hemme keç diýenlerden ýüz dönderen hAllahrynda dogry ýola meýil eden Ybrahyýmyň milletinden bolarys diýgin. We Ybrahyým halyýl ikitaňrylylardan däldir.
136. Eý Ybrahyýmyň milletine eýeren adamlar, siz olara biz Belent-Taňra iman getirdik we biz inderilen kitaby (Kurana) we Ybrahyýma we Ysmagyýla inderlen we Ishaaka we Ýakuba we olaryň nesillerine inderilen kitaplara we Musa we Ysa berlen kitaba we pygamberleriň jemiýgysyna, olaryň Belent-Taňrysy tarapyndan inderilen kitaplara imat getirdik diýip aýdyň. Biz şol pygamberleriň hiç birisiniň arasynda tapawut goýmaýarys we biz Belent-Taňra boýundyrys diýiň.
137. Bes, eger jöhitler we nasaaraalar siziň iman getirşiňiz ýaly iman getirseler, takyk, olar hem dogry ýoly taparlar. We eger-de olar ýüz dönderseler, gutarnykly, olar ters ýoldadyrlar. Bes, eý Muhammet (asm), sen olaryň şerinden endişe etme, Allaha ýakynda seni olaryň şerinden gutarar. We ol Allah gaty aýdyň eşitgijidir, (we) bilgijidir.
138. Din Allahyň dinidir, biz ony kabul etdik. We kimiň dini Allahyň dininden ýagşyrakdyr (has ýagşydyr) we biz şol dine (Allahyñ dinine) ybadat edijidirs.
139. Eý Muhammet (asm), sen olara, näme siz biz bilen Allaha hakynda jedel edýärmisiňiz, we ol biziň Taňrymyzdyr we siziň hem Taňryňyzdyr diýip aýt. We biziň eden amAllahrymyzyň netijesi biziň özümiz üçindir we siziň eden amAllahryňyzyň netijesi hem siziň özüňiz üçindir. We biz halys Allaha ybadat edijidiris (edýändiris) diýip aýt.
140. Ýa siz, Ybrahyým we Ysmagyýl we Ishaak we Ýakub we olaryň perzentleri jöhit * ýa-da nasaaraadyr (Injiýle uýýanlardyr) diýýärmisiňiz, belki, şeýle diýýänsiňiz. Eý Muhammet aleýhyssalam, sen olara, pygamberler hakynda siz has gowy bilýärmisiňiz ýa-da Allah has gowy bilýärmikä diýgin. We Ybrahyýmyň (asm) pygamberligine Allah-tagaaladan gelen we Ybrahyýmyň ýanynda bar bolan güwäsini gizlän adamdan has zalym adam kimkä (ondan başga has zalym adam ýokdur). We Allaha siziň edýän amAllahryňyzdan bihabar däldir.
* Jöhit diýlen taýpa Musa pygamberiň özünden soň peýda bolýar. Jöhitleriň kakasy Musa pygamberdir we olaryň ejeleri Musanyň özünden iki ýaş uly Haruwn atly erkek doganynyň gyzydyr. Haruwn hem pygamber.
141. Şu aýdylan kowumlar, takyk, ötdüler. Olaryň eden kespleri (kärleri) olaryň özleri üçindir we siziň eden kesbiňiz siziň üçindir. We siz kyýamat güni olaryň eden amAllahryndan soralmazsyňyz.
Ikinji jüz (bölek) *
142. Tizden Mediýne adamlarynyň kemakyllary, musulmanlary, hemişe ýüzlenýän kyblalaryndan näme zat üýtgetdikä diýerler. Eý Muhammet (asm), sen olara, hemme taraplar, şonda Käbe ýerleşen gündogar we hemme taraplar, şonda Beýtül-Mukaddes ýerleşen günbatar Allahyň mülkidir diýip aýt. Allah islän bendesini dogry ýola gönderer.
143. We eý musulmanlar, siziň kyblaňyzy artyk hormatly edişimiz ýaly, biz siziň özüňizi hem adyl we ýagşy jemagat etdik, täki siz Muhammediň pygamberligi hakda başga adamlara şaýat bolarsyňyz. We Allahyñ Resuwly hem siziň adyl şaýatlygyňyza güwä bolýar. We biz seniň ýüzlenýäm kyblaňy * diňe pygambere eýerýän adamlary oňa arka öwürýän adamlardan saýlap bilmekligimiz üçin kybla etdik, başga zat üçin kybla etmedik. We şu kyblany Beýtül-Mukaddesden (Orsalymdan) Mekgedäki Käbä aýlamak birnäçe adamlara eger uly, agyr bolsa-da, diňe Allahyñ kömek eden adamlaryna agyr bolmaz. We Allah kyblany üýtgetmek bilen siziň okan namazyňyzy zaýa etmez (kabul eder). Takyk, Allah ynsanlara merhemetlidir, (we) günälerini bagyşlagyjydyr.
* Kybla barasynda Muhammet pygamber Mediýnä barandan on alty ýa-da on ýedi aý geçensoň, Rejep aýynda, duşenbe güni Beni-Seliýme diýen mesjitde öýle namazynyň ozalky iki rekagyny okanda Allahyň emri bilen Orsalymdaky Kuddusdan Mekgedäki Käbä tarap ýüzüni öwürýär.
144. Elbetde, biz seniň ýüzüňi asmana tutýanyňy görýäris. Bes, elbetde, biz seniň razy bolan tarapyňy saňa kybla ederis. Bes, indi sen, eý Muhammet (asm), ýüzüňi Mesjidi-Harama (Käbä) tarap aýla. We siz, eý musulmanlar, haýsy ýerde bolsaňyz ýüzüňizi Mesjidi-Harama tarap aýlaň. We takyk, berlen jemagatlar (Töwrata, Zebuwra we Injiýle uýýanlar) kyblanyň üýtgedilmegini hak we ol hökümiň olaryň Allahdan gelendigini, elbetde, bilerler. We Allaha jöhitleriň kybla barasyndaky edýän müňkürliklerindenbihabar däldir.
145. Kasam bolsun Allahyň ady bilen, eý pygamber, eger sen kitaby jemagatlara ähli deliller bilenbarsaň hem (olara görkezseň hem) olar seniň kyblaňa tagt bolmazlar (ýüzlerini öwürmezler). We sen hem olaryň kyblasyna ýüzüňi öwürmersiň. We olaryň birnäçeleri birnäçeleriniň kyblasyny kabul etmezler, sebäbi Töwrata uýýanlar günbatara tarap garap namaz okaýarlar, * Injiýle uýýanlar bolsa gündogara. We kasam bolsun Allahyň ady bilen, eý Muhammet aleýhyssalam, saňa Ybrahyýmyň kyblasynyň dürsligi hakynda habar gelenden soň, eger-de sen ähli kitaplaryň arzuwlaryna goşulsaň, takyk sen şol wagt, elbetde, zulum edijilerden bolarsyň.
* Töwrata uýýanlaryň günbatara garap namaz okamaklary: Musa pygamber Purgundan (Paraondan) gaçanda günbatara gaçypdyr. Injiýle uýýanlaryň gündogara bakmaklary: Bibi-Merýem Kuddusdan çykyp gidende gündogara tarap gidipdir. We takyk, olardan bir taýpa yslamyň haklygyny bilip duran hAllahrynda ony gizlärler.
146. Biziň kitap beren jemagatlarymyz (töwrathonlar we injiýlhonlar) Allahyň ilçisini (Muhammedi) öz perzentleriniň içinde, olar edil ogullaryny tanaşlary ýaly tanarlar. We takyk, olardan biri taýpa bilip duran hAllahrynda, elbetde, dogry zady gizlärler.
147. Eý Muhammet (aleýhyssalam), seniň Belent-Taňryň tarapyndan gelen emler hakdyr, bes, sen kybla hakynda şek edijilerden bolmagyn.
148. We her bir ymmat üçin aýratyn bir kybla bardyr. Allah olary şol tarapa ýüzlendirer. Bes, siz eý musulmanlar, tizdenhaýyrly işlere başlaň. We haýsy mekanda bolsaňyz-da we haýsy tarapy kybla edinseňiz-de Allaha siziň hemmäňizi tapar we maşgar meýdanyna jem eder. Takyk, Allah her bir zada pugta hötde gelijidir.
149. We sen haýsy ýerden sapara çyksaň (nire-de bolsaň-da) namaz okaňda ýüzüňi Mesjidi-Haram tarapyna öwürgün. We takyk, Kyblany Käbä geçirmeklik, elbetde, hakdyr, emr seniň Belent-Terbiýeçiň tarapyndandyr. We Allaha siziň edýän amAllahryňyzdangapyl däldir.
150. We sen haýsy ýerden sapara çyksaň (nirede-de bolsaň), bes, namaz okaňda ýüzüňi Mesjidi-Harama tarap öwürgin. We siz ýeriň üstünde haýsy ýerde bolsaňyz-da (ýere degişli howada-da, suwada-da bolsaňyz) namaz okaňda ýüzüňi Mesjidi-Harama tarap öwürüň.Täki siziň zeliliňize jedeller bolanda jöhitler we müşrükler üçin (ikitaňrylylar üçin) geplemäge mejal bolmaz ýaly bolsun. Meger, olardan bolan zalymlar siziň zelilleriňize sözlärler, bes, siz ol zalymlardan gorkmaň menden gorkuň. We täki men öz nygmatymy size tamam doly bagyşlaýyn we siz din hökümleri hakyndaky dogry ýoly taparsyňyz diýen umyt bardyr.
151. Şunuň ýaly (dünýäde pygamber we kitap iberşimiz ýaly) biz siziň araňyzda sizden bolan pygamberi iberdik, ol biziň aýatlarymyzy size okar we sizi günälerden päklär we size Kurany we şerigat hökümlerini we geçen zamanlardaky pygamberiň we adamlaryň ahwAllahryny we siziň bilmeýän zatlaryňyzy tälim berer.
152. Bes, meni tagat bilen ýatlaň, men hem sizi sogap we razylyk bilen ýatlaryn we beren nygmatlaryma şükür ediňwe maňa näşükürlik etmäň.
153. Eý iman getiren jemagatlar, ýowuz günde sabyr etmeklikwe namaz okamaklyk bilen Allah-tagaaladan kömek isläň. *
* Muhammet pygamber başyna muşakgatlyk düşen wagty derrew täret kylyp,namaz okap Allah-tagaaladan kömek dilär eken. Onuň şol käri biziň hem etmeli işimizdir.
154. We Allahyň ýolunda öldürülen adamlara ýöne ölülerdir * diýmäň. Belki, olar diridirler we ýöne siz olaryň diriligini bilmersiňiz.
* Ruhlaryň diriligi hak. Pygamberlerden başlap weliler, pirler, şehitler edil şu ýerdäki ýaly işleýärler. Olar uly işleri bitirýärler.
155. We elbetde biz sizi uruşda duşmandan biraz gorkuzmak bilen we biraz açlyk bilen we mAllahryňyza we janlaryňyza we miweleriňize (ýa-da çagalaryňyza) kemlik ýetirmek bilen synag ederis *. We eý Muhammet (asm)Ň belalara sabyr edijilere jennet bilen buşluk habaryny ber.
* Synag diýeni: Adam günä edýär weli Allah onuň tobasyna garaşýar. Toba etmese kesel iberýär. Onda kesel etmese malyna, mülküne kemlik ýetirýär. Onda-da bolmasa çagalaryny öldürýär. Onda-da bolmasa başyna kowýar-da: Gelseň bolýar – diýýär.
156. Sabyr edenleri buşdula! Haçan-da olara gaýgy-gam ýetişse, takyk, biz Allahyň bendelerisiris we, takyk, Onuň huzuryna bararys diýerler.
157. Şol ýagşy sypatdaky jemagatlara olaryň Belent-Terbiýeçisi bolan Taňry tarapyndan rehimdarlyk üstüne rehimdarlykdyr we behiştdir. We şol jemagatlar dogry ýoly tapyjy jemagatlardyr.
158. Takyk, Mejgedäki Safa we Merwe daglary Hudaýyň öýüne zyýarat etmekligiň nyşanlaryndandyr. Bes, bir adam Allahyň öýüne haç zyýaratyny etse ýa-da diňe Allahyň öýüne zyýarat etse, şonda Safa we Merwe daglaryna baryp gelmeklik ol adama hiç hili günä däldir. We bir adam özüne parz bolmadyk peýdaly zyýaraty etse, bes, takyk, Belent-Taňry şol haýyrly işiň barabaryna sogap bergijidir, we bendeleriniň amallaryny gaty gowy bilgijidir.
159. Biz adamlara dogry ýoly kitapdan açyk edenimizden soň, takyk, ol jemagatlar biziň röwşen habarlardan we dogry ýoly tapmaklykdan ybarat Töwratymyzy adamlardan gizlärler. Şol hakykaty gizlän adamlara Belent-Taňry nälet eder we tamam musulmanlar nälet ederler.
160. Meger, ol jemagatlar hakykaty gizlemekden toba etdiler we Belent-Taňry bilen öz aralarynda bolan amallaryny düzeltdiler we özleriniň ozalda hakykaty gizländiklerini boýun aldylar, bes, men olaryň tobalaryny �abul ederin we men tobany aňyrybaşy kabul edijidirin, (we çäksiz rehimdardyryn).
161. Takyk, hakykaty gizlän jemagatlar, (ýagny) Muhammediň pygamberdigini inkär eden we toba etmedik jemagatlar kapyr boldular we kapyr Allahrynda-da öldüler. Ol jemagatlar, olara Belent-Taňrynyň we perişdeleriň we hemme mümünleriň näleti (lagnaty) bolar.
162. Olar dowzahda hemişelik galarlar. Olardan azaby ýeňilleşdirilmez we olara rehim nazary bilen garalmaz.
163. We siziň Belent-Taňryňyz ýalňyz bir Taňrydyr. Diňe şoldur, başga Taňry ýokdur, ol çäksiz Mähribandyr, möçbersiz Rehimdardyr.
164. Takyk, Belent-Taňrynyň asmanlary we ýerleri döretmeginde we gijäniň we gündiziň biri-biriniň soňundan gelmeginde we adamlara peýda berýän zatlary göterip, gämileriň derýada, deň�zde batman ýörmeginde, we Allahyň asmandan ýagmyrlary indermeginde, bes, şol ýagmyr bilen olary ölen ýeri d�r��tmeginde we ýerde dürli haýwanlary ýaýratmagynda we Allahyň ýelleri ulanmagynda we ýer bilen asmanyň arasynda Allahyň islän ýerine ý�ňillik bilen hereket edýän bulutda, olar hakda pähim edýän kowumlar üç�n Allahyň birligine we barlygyna elbetde, delalat edýän alamatlar bardyr.
165. We adamlardan birtopary Allahdan başgany (butlary we ş.m.) dost tutarlar, olar musulmanlaryň ýalňyz bir Allahy dost tutuşlary ýaly öz ýasama Hudaýlaryny dost tutarlar *. We iman getiren jemagatlaryň Belent-Taňry üçin bolan dostlugy has pugtadyr. We Belent-Taňrynyň birligini bilip, onsoň butlara uýan jemagatlar dünýädekäler, kyýamat güni özlerine beriljek azaby görenlerinde bilerler. We takyk Belent-Taňry duşmanlaryna azabyň gatysyny bergijidir.
* Jöhitlere we nasaranylar (Injile uýýanlar) Allahy gaty gowy tanaýalar. Emma Allaha ýakyn bolarys diýen güman bilen butlara çokunýarlar. Allahyň iň ýaman görýän zady hem şol çokunmaklarydyr.
166. Eý Muhammet (asm) sen şol wagt ymmatyňa aýt, dünýäde ýaman ýolda äzlerine ülpet (ýoldaş) ýygnan adamlar ahyrýetde şol ülpelerinden bazar bolarlar (gaçarlar), we olaryň hemmeleri ahyrýetiň azabyn� görerler we dünýädäki gatnaşyklary hem kesiler.
167. We ýaman ýoldan kapyr bolanlara goşulanlar, käşgi ýagty dünýä ýene-de bir gaýdyp barsakdyk, şonda biz hem şu kapyrlaryň bizden bizar boluşlary ýaly, olardan bizar bolardyk diýerler. Adamlara azdyrgyjylara azaby görkezişi ýaly, Taňry-tagaala olara goşulanlara-da amallarynyň netijesini görkezer, ol netije dowzahda gutarnyksyz ökünçlerdir. We bu ikiýüzlülik edenler we olara goşulanlar dowzahdan asla çykyjy däldirler.
168. Eý ynsanlar, ýerdäki halal we päkize zatlardan iýiň we Şeýtanyň ýörän ýollaryndan ýöremäň! Takyk, Şeýtan siziň aýdyň duşmanyňyzdyr.
169. Hakykatda Şeýtan size ýaman işleri we hetdenaşa bihaýalyklary etmegiňizi buýurar, başga peýdaly zady buýurmaz, we siziň Allah barasyndaky bilmeýän zatlaryňyzy (ýaman zatlary) oňa ýöňkemekligi size emr eder.
170. We her wagt olara Allahyň iberen Kuranyny boýun boluň diýilse, olar, belki, biz ata-babalarymyzyň ýörän ýolundan ýöräris diýerler. Olaryň ata-babalary eger din hakynda hiç zady bilmeseler we dogry ýolda bolmasalar, şol halda olar nähili edip ata-babalaryna eýererkäler.
171. Kapyrlaryň mysaly: bir çopan mAllahryny haýkyryp gygyrar, onuň gykylygyny we owazyny olar eşider, meger, başga hiç bir zady pähimlemeýän dört aýakly mAllahryň mislidir. (Şu terzde) Olar kerdirler, hak zady eşitmezler we güňdürler, dogry zady aýtmazlar we kördürler, dogry ýoly görmezler we olar pygamberiň aýdan wagyz nesihatyny pähm etmezler.
172. Eý iman getiren jemagatlar, biziň size beren ryzkymyzyň halal, päkizesinden iýiň. We eger siz Belent-Taňra bendeçilik etjek bolsaňyz, oňa şükür ediň.
173. Hakykat şudur, başga däldir: Belent-Taňry size gönidamak (haram) ölen malyň etini we damakgany we doňzuň * etini we Taňrydan başganyň adyny aýdylyp öl�ü�ülen malyň etini iýmekligi haram etdi. Bes, her kim alaçsyz galsa we ol alaçsyz galan adam ýol urýan (ýollarda bükül�p halky talaýan) adam bolmasa we ýykgynçylyk edýän adam bolmasa şerigat hökümünden çykan adam bolmasa we şol haram diýilen zatlary iýse, oňa hiç hili günä ýokdur. Takyk, Belent-Taň�y bendeleriniň günälerini gizlegijidir, olara rehim edijidir.
* Doňuz etinde adamynyň aňyna ýaramaz, azgynçylykly täsir edýän madda bar. Şoňa görä ony iýmek haram. Iýseň azyp başlaýarsyň.
174. Takyk, ol jemagatlar Allahyň (t) iberen kitabyndan bolan hökümleri adamlardan gizlärler we şol gizlän hökümleriniň deregine biraz bahana alarlar. Ol jemagatlaryň dünýäde alyp iýen bahalary (paralary) kyýamat güni olaryň garynlaryndan diňe ot bolar. Belent-Taňry kyýamat güni olar bilen sözlemez we olary günäden päklemez we azarly azaplar şolar üç�ndir.
175. Şol jemagatlar imanyň öwezine azgynçylygy satyn aldylar we günäleriniň geçilmeginiň öwezine bolsa azaby çalşyp aldylar. Bes (boldy), näme zat olary oda barmaklyga sabyr etdiler (höweslendirdiler).
176. Olara bu azap, takyk, Belent-Taňrynyň dogrulyk bilen iberen Töwratynyň hökümlerini adamlardan gizländikleri sebäplidir. We belent-Taňrynyň ibren kitaplary hakynda öz aralarynda biri-birlerine garşy bolan jemagatlar biri-birlerine müwapyk bolmakda gaty daşdadyrlar.
177. We siziň namazda ýüzüňizi gündogara we gunbatar tarapa öwürmekligiňiz tagatdan däldir, we emma yagşy amAllahryň eýesi: Belent-Taňra ynanýan we ahyrky güne (kyýamata) we perişdelere we kitaplara we pygamberlere hakykatdan ynanýan adamlardyr. We yagşy amalyň eýesi Allaha bolan söýgüsiniň esasynda öz malyny öz mätäç garyndaşlaryna we ýetimlere we halys zady ýoklara we mysapyrlara we gedaýlara we azatlyga çykjak bolýan gul-gyrnaklara berer (berýän adamdyr). We baş wagt parz bolan namazyny okar we, alyndan pulundan zekat berer. We ol yagşy amAllahryň eýeleri Allaha bilen ýa-da ynsanlar bilen ähdi-peýman eden wagtlarynda ähtlerine wepa edijilerdir. We pakyrlykda we muşakgatlykda we uruşda sabyr edijilerdir. Ýokardaky ýagşy sypatlar bilen sypatlanan jemagatlar dinde dogry durdular (duranlardyr). We ol dinde dogry duranlar, olar Allah-tagaaladan hakyky gorkup, et diýlen zatlary edip, çekin diýlen zatlardan saklanan adalardyr.
178. Eý iman getiren jemagatlar, size kastdan öldürülenler hakynda gan (kasas) almaklyk parz edildi. Öldürülen azat adamynyň öwezine azat adam we guluň öwezine gul we aýal adamynyň öwezine aýal adam öldürerler. (Şu aýatyň hökümi agzamy * mezhebindäki halklar üçin ýöränok. Okasaň sogap, emma hökümiň güýyji ýatyrylan). Bes, öldürüleniň hossaryndan bir kişiniň tarapyndan öldüren üçin hundan (tölegden) bir zat bagyşlanylsa, onda gan eýesi töleg hakynda şerigata laýyk talap etsin we hun töleýji yagşylyk we tizlik bilen tölesin *. Gan bagyşlanyp, yerine hun (töleg) alynmagy siziň Belent-Taňryňyz tarapyndan ýeňillikdir we mähibanlykdyr. Indi bir kişi barlyşykdan soň ähdi-peýmany bozsa, şol adama kyýamatda dertli azap bardyr.
* Musulmanlar dört bölege bölünen. Şolaryň iň ygtybarlysy ynançda, dogruçullykda iň ulusy Agzamy mezhebindäki (ynanjyndaky) musulmanlar bolýar. Galan üç ynançdakylar ýöne bir kapyr bolmazlykdyr, ejiz ynançdadyrlar. Şol ygtybarly Agzamy mezhebindäki (messebindäki) adamlara türkmenler we Orta Asyýa halklary we başga-da köp halklar girýärler.
* Gan almakdaky şert: öldürülen adam nähakdan öldürülen bolmaly. Şondan gan almaly bolýar. Öldüreniň diňe özüni öz eliň bilen öldürmeli. Başga bir adama öldürtseň sen hem gan bergilisiň. Agzamy mezhebine uýýanlarda bir jana bir jan alynýar, azat ýa-da gul diyilmeýär.
179. We eý akyldarlar, siziň üçin gan almakda ýaraşykdan soň, dirilik bardyr, täki siz saklanyp galarsyňyz.
180. Haçan-da sizden biriňize ölüm ýetişse (gelse), eger ol adam yzynda mal galdyrsa (maly bar bolsa), ol adam tarapyndan ata-enesine we garyndaşlaryna şerga laýyk wesýet etmeklik parz edildi * (şu aýat ýatyrylandyr). We wesýet Allahdan gorkýanlar üçin hakdyr.
*Wesýet hakynda: Bir adam özüniň malyndan hakly adama wesýet etmeýär. Mes: ata-enä, ogul-gyza wesýet ýok. Onsoňam şergda malyň üçden birinden artygyny wesýet edilmeýär. Her kim mirasdan zat almasa (almaýan bolsa), şoňa wesýet etse bolar. Eger bir adam malynyň üçden birinden köpüni wesýet eden bolsa we hossarlary razy bolmasalar, malyň üçden birinden artygyny berilmeýär.
181. Bes, her adam meýdiň wesýedini eşidenden soň ony üýtgetse, bes, gutarnykly, şol üýtgetmekligiň günäsi wesýedi üýtgedenleriň boýnunadyr. Takyk, Allah wesýet edeniň we weýedi üýtgedenleriň sözlerini eştgijidir, olaryň her ikileriniň niýetlerini gowy bilgijidir.
182. Bes, bir adam wesýet edijiniň garyndaşyna bolan meýlinden ýa-da onuň wesýet hökümlerini bilmän ýalňyşmagyndan gorksa, şonda wesýet edilen bilen mirasdarlaryň arasynda agzybirlik döretse, boldy, ol adama hiç hili günä ýokdur. Takyk, Allah wesýeti tabşyrylyan adamynyň günäsini geçgijidir, wesýet edijiniň günäsini hem bagyşlaýgyjydyr.
183. Eý iman getiren jemagatlar, sizden öten jemagatlara parz edilşi ýaly, size ruzany (orazany) parz edildi. Siz günälerden saklanarsyňyz, ruza tutmaga başlamak bilen göwün arzuwlaryny düwüp, takwalyk edersiňiz diýip umyt bardyr.
184. Size parz edilen oraza (ruza) sanalynan günüdir. Bes şol günlerde sizden bir adam syrkaw ýa-da saparda bolsa, şol günleriň sanyny başga günlerden doldurar (sagalanda we parahatlykda geçen günleriň sanyny doldurmak üçin kaza diýip ruza tutar). We Remezan ruzasyny tutmaga güýji ýetip, we ony keýpine tutmadyk adamlara ruzanyň her bir güni üçin bir aç adamyny doýurarlyk tagamy sadaka bermeklik parzdyr * (şu aýat ýatyrylandyr). Bes, bir adam özüne wajyp bolan sadakadan artyk sadaka berse, bes, şol onuň özi üçin haýyrlydyr. WE eger-de siz Remezan ruzasynyň sogabynyň artyklygyny bilseňiz, sadaka bermekden ruza tutmaklygyňyz siziň üçin köp peýdalydyr.
* Bir günki oraza üçin bir kilo ýedi ýüz gram bugdaýyň özüni ýa-da bahasyny, ýa-da şonuň ýaly nahary açlara bermelidir.
185. (Şol sanalynan günler) Remezan * aýydyr, ol aý, şonda Kuran-şerif lowuhdan (Arşdaky tagtadan) asman giňişligine inderilendir, soň wakalaryň ýüze çykyşyna görä Muhammede (asm) inderilendir, ynsanlara hak ýolytapmaklygyň we halal bilen haramyň arasyny açmaklygyň we din hökümlerini ýeke-ýeke edip görkezmekligiň aýdyň delilleridir. Bes, sizden her kim şol aýda öýde, sag-salamat bolsa, bes, şol şol aýyň ruzasyny tutsun *. We her kim şol aýda ýaramasa ýa-da saparda bolsa, başga günlerde (öýde sag bolanda) şol günleriň ruzasyny kaza diýip tutsun.
Allah size ýeňilligi isleýär we ol size kynçylygy islemeýär. We şonuň üçin siz Remezan ruzasyndan galdyran günleriňiziň kazasyny tutup onuň onuň sanyny dolduryň we sizi dogry ýola salany üçin Allah-Tagaalany ululaň. We siz Allahyň beren nygmatlaryna şükür edersiňiz diýip göz tutulýar (umyt edilýär).
* Yslamyň ilki günleri “Her kim ruzany tutasy gelse tutsun, tutasy gelmese onuň deregine sadaka bersin” diýilen. Şol aýat ýatyrylandyr. Onuň hökümi ýöränok, okasaň sogap.
* Yslamdan öň, ýagny miýlady hasaby bilen 610-611-nji ýyldan öň we 622-624 – nji ýyllara çenli Muhammet aleýhyssalam Aşyr aýynda bir aý oraza tutan. Mediýnä gelende bir ýyl ýedi aý geçendoň Remezan orazassy parz bolýar. Şondan soň Aşyr aýynda tutulýan orazany taşlapdyr. Biz şonda oraza tutamyzok.
186. We haçan meniň bendelerim senden meni sorasalar, bes, takyk, men olara ýakyndyryn. Haçan olar maňa doga (dileg) etseler, men doga edijiniň dogasyny (dilegini) kabul ederin. Bes, olar hem meniň hökümlerimi kabul etsinler we maňa bolan ynançlarynda pugta dursunlar, täki olar dinlerinde goldaw taparlar.
187. Size ruza gijesi (agzyňyz açyk wagty) jübtüňize ýakynlaşmak halal edildi.
AýAllahryňyz siziň üçin lybasdyr (ýapynjadyr) we siz hem olara lybasyňyz (olar size we siz olara birleşersiňiz). Allah siziň hakykat nälaýyk wagtlar jübütleriňize ýakynlaşyp öz janyňyza hyýanat edýändigiňizi bildi, bes, şoňa göra Allaha siziň kynçylyklaryňyzy ortadan götermeklik üçinruza aýy gijsine size rugsat etdi, bes tobaňyzy-da kabul etdi. We sizden şol hyýanaty aýyrdy. Bes, siz şu rugsatdan soň ruzanyň hemme gijelerinde islän wagtyňyz jübtüňize ýakynlyk ediň we Allahyñ (t) siziň üçin hökümleri saklanýan kitapda ýazan zatlaryna (nesili) talap ediň. We siz täki subhuň (säheriň) ozalynda gijäniň garaňkylygyndan daňyň alamaty bolan ak-kese ýagtylyk size mälim bolynça iýiň we içiň. Ondan soň daň atmaka başlap, gün ýaşanda ruzaňyzy tamam ediň. We siz ruzadar bolup mesjitlerde birnäçe günläp ondan çykman tagat (ygtykäf) edýän halyňyzda jübütleriňize ýakynlyk etmäň. Şu aýdylanlar Taňrynyň (t) hökümleridir, bes onuň gadagan eden zatlaryna golaýlaşmaň. Allaha şu terzde (ýagdaýda) öz häkümlerini beýan edýär, täki olar şerigdan çykmazlar diýen umyt bardyr.
188. Siz öz aralaryňyzda biri-biriňiziň mAllahryňyzy nähakdan iýmäň we şol mAllahr barasyndaky nähak meseläni para berip, ýalan höküm edijilere eltmäň, adamlaryň mAllahrynyň bir mukdaryny birnäçe adamlaryň kezzaplyk bilen iýmekleri üçin, hakykatda siz bu işiň zalymlykdygyny bilýän halyňyzda.
189. Eý Muhammet aleýhyssalam, saňa täze aýlar barasynda sowal berýärler. Sen olara, täze aýlarynsanlara her bir dessurlaryň we haç, ruza möwsümleriniň wagtlarynyň alamatlarydyr * diýip aýt. We haç möwsüminde öýleriň (Käbäniň) gapysyny taşlap arka tarapyndan girmeklik ýagşy amAllahrdan däldir, emma ýagşy amal (ýagşylyk) bir kişiniň Allahdangorkup, haram işlerden saklanmagydyr. We öýlere, ýagny Allahyñ öýlerine gapylardan giriň. We Allah-Tagaaladan gorkuň, şonda siz dowzahyň odundan gutulmaga alaç taparsyňyz diýip göz tutulýar (umyt edilýär).
* Aýlar hakynda: Eýran patyşasy Tahmuwrs ýoksullaryň içinde (arasynda) tagam iýmegi gadagan edip, barlylara gündiz oraza tutmagy buýrupdyr. Şonuň ýaly-da Muhammet (asm) hem gytlyk bolanynda barlylara oraza tutmagy höküm edipdir. Dokluga çykylanda ol hökümi ýatyrypdyr. Gurbanlykda hem bir gezek şeýle edipdir, ýagny gurbanlygy üç günden bärde iýmeli edipdir.
190. We eý musulmanlar, siz Allahyň ýolunda özüňize garşy urşýanlara garşy urşuň we olar öňürti urşa başlamasalar, siz öňürti urşa başlamaň. Takyk, Belent Taňry öz emrinden çykanlary halaýan däldir.