بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Eneligiň dört görnüşi bardyr: bejerişiň enesi; edepliligiň enesi; ybadatyň enesi; rahatlygyň enesi. Bejerişiň enesi – az iýmeklikdir. Edepliligiň enesi – az geplemekdir. Ybadatyň enesi – günäni az etmekdir. Rahatlygyň enesi – sabyr etmeklikdir».

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Gadyr süresi

Kuranyň 97-nji süresi bolan Gadyr süresi Mekkede inýär. 5 aýatdan ybaratdyr. Gadyr gijesi barada maglumat berýänligi üçin, Gadyr süresi adyny alýar. Gadyr sözi many taýdan azamat, beýiklik we ygtybarlylyk diýmekdir.

اِنَّا اَنْزَلْنَاهُ فى لَيْلَةِ الْقَدْرِ () وَمَا اَدْريكَ مَالَيْلَةُ الْقَدْرِ () لَيْلَةُ الْقَدْرِ خَيْرٌ مِنْ اَلْفِ شَهْرٍ () تَنَزَّلُ الْمَلئِكَةُ وَالرُّوحُ فيهَا بِاِذْنِ رَبِّهِمْ مِنْ كُلِّ اَمْرٍ () سَلَامٌ هِىَ حَتّى مَطْلَعِ الْفَجْرِ

1- Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde indirdik.
2- Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň?
3- Gadyr gijesi, müň aýdan has hayyrlydyr.
4- Ol gijede Rebleriniň rugsady bilen melekler we Ruh (Jebraýyl perişde) her iş üçin ýerýüzüne inerler.
5- Ol gije esenlik, bereket doludyr we tä şapak sökýänçä-de dowam eder.
(Gadyr, 97 / l-5)