بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Kim jennete girmekligi çyndan isleýän bolsa, goý ol haýyrly amallary etmeklige howluksun. Kim jähenneme düşmekden gorkýan bolsa, goý ol nebis islegleriniň yzyna düşmekligi terk etsin. Kim ölümiň gutulgysyzdygyna düşünen bolsa, onuň üçin ähli lezzetler harap bolar. Kim bu dünýäni tanasa, onuň üçin ähli kynçylyklar ähmiýetsizdir».

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Jowamygulkelim Şerhi

Pygamberimiz s.a.w. aydyp geçen mubarek hadysy-şerifleri her bir musulman adamyn durmuş yol-yorelgesidir. Şonda musulman adam Hudayyn razyçylygyny gazanar.Rasulullah s.a.w. oz durmuşynda kop hadyslary aydyp geçen. Hadyslar gysga aydylan hem bolsa ozunde uly manylary jemlapdir. Şol sebapden olara "Jowamygul kelim" hem diyipdirler. Jowamygulkelim diymek ozi gysga yone manysy uly diymek. Menem şu yerde taryhçy we din alymy Ryzaeddin ibnu Fahreddinin "Jowamugylkelim şerhi" atly kitabynyn turkmçe terjimesinden pygamberimiz s.a.w. aydan hadysy-şeriflerini yazmakçy. Umyt edyan size-de yarar, enşallah.

1- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Allah tagala sizin suratynyza we mal-dunyanize dal, belki yüreginize we edyan amallarynyza bakar.(Jamygy Tirmizi we Sahyh Muslim, 2j. 280 sah)

Şerhi= Duşundiriş: Göwüni saplaman, amaly gowulandyrman, eden işin her naçe yagşy bolsun, malyny her naçe köp sarpla Allah tagala sana rahmaz nazary bilen garamaz we şol amallar barabaryna sogap hem bermez. Onun rahmat bilen seredyan we sogap beryan zady pakize göwün we yhlas bilen edilyan amallardyr. Eger zekatlar we sadakalary ryya (il görsün üçin) etman, berilmeli yerlere berilse, we lazym amallar, hususan namaz-oraza yaly we beyleki din sütünlerini yerine yetirilse, şonda daş sypatyn her hili hem bolsa Allah tagala rahmat bilen nazar eder. Her halda her işde yhlas gerek.

2- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Ägä bolun! Sizin hayyrlynyz haysy, hayyrsyzynyz haysy adamdygyny aydayynmy? Hayyrlynyz şol kişidir ki, ondan yagşylyga garaşylar, yamanlyk etmeginden arkayyn bolunar. Sizin hayyrsyzynyz şoldur ki ondan gowulyga garaşylmaz, yamanlygyndan bolsa dynylmaz. Ahmad ibnu Hanbal Musnedi,2j. 367 sah.)

Şerhi: Dünyade men yaman diyyan adam köp dal. Her kim özüni yagşy hasap edyar. Emma yagşy-yamany saylamak üçin resulullah tarapyndan şu hadysda mizan (terezi) öran dürs ölçegdir. Özünin yagşylygyny, yamanlygyny bilesi gelyan adam pygamberimizin aydyp giden şu ölçegine salyp ölçäbersin. "Soralmazdan ozal sorgyn özüni" diyip Sopy Allayar aydyar. Okanyndan peyda yok, belki mümkin boldugyça şol sözlere amal etmek gerek. Adamzadyn ömri gören bilen harçanlaşyp, yakalaşyp yörer yaly uzun bolmasa-da köp kişilerin diriligi şonun yaly bimany işler bilen payaw bolyanlygy mälim zat. Dünyanin bütin netijesi hyyal we umytlardan ybarat. Bir sebäp bilen bir maksadyn hasyl bolaysa-da ol hem bugün bolmasa ertir golundan gitjek amanat. Yagdayyn şeyledigini bilip durup adamlar bäş günlük ömrüni, biri-biri bilen jenjelleşip, yüz sowuşyp, duşmançylyk edip tamam etmekleri iki dünyanin betbagtlygynyn nyşanydyr.

3- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Eger adamzada bir dere doly altyn berilse, yene bir dere doly altyn islär. Adam oglunyn gursagyny toprakdan başga zat doldurmaz.Toba edijilerin tobasyny Allah kabul eder. (Sahyh Buhari,2j,62 sah.)

Şerhi: Eger adamzat bütin dünyä malyna eye bolsa, şondan görjek peydasy:garyn doyurmak,üst-başyny düzetmek,yagşy jayda yaşamak we yagşy ulaga münmekdir. Şundan artygyndan dünyäde-de ahyretde-de peyda görülmez.Göz yumulsa bary yzynda galar. Şeyle bolanson,hajatdan artyk mal yygnap miraşorlaryna bozuklyk etmäge,dawa-jenjele sermaya häzirlap gitmekde näme many bar? Bu iş dünyä aldanmak we gelejek bagt-sagadatdan mahrum galmakdan başga zat däldir. Bir hayyrly işe sebäp bolsun diyip mal yygnamak yagşy iş, bu şerigat gaşynda gadagan däl. Emma malyn özüni söymek sebäpli yygnamak we hayyrly yollara sarp etmän basyp goymakda iki dünyä üçin zyyandan başga hasyl önmez.

4- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Sizin biriniz jany sag, gulagy dynç bolup, ertire çyksa, şol güne yeterlik azygy hem bolsa, göyä yer yüzünin maly şonun huzurynda jem boldy. (Jamygy Tirmizi, 2j, 58 sah.)

Şerhi: Elbetde, şu zatlar uly baylyk bolup, halkyn anyndaky "bagt" diyilyän zatdyr. "Bagt" diyilyän zat asla dünyäde barmy? Yokmy? Bu sowalyn jogaby adamlaryn tebigatyna garap bolar. Dünyäde bar sagadaty görmeyänler we başgalaryn gaygysyny edip yanyp-köyüp yörenler bar. Onun tersine bolgusyz zatlary "bagt" hasap edip şatlanyp yörenler hem bar. Bu hili adamlaryn jogaby hersinin öz halyna görä boljagy tebigydyr. Padşaşlaryn biri dünyäde "bagt" gözläp tapsa-da alyp bilmän yören ekeni. Özünin münejjimi: "Bagtly kişinin köynegini geysen sagadata yetersin" diyip geneş beren. Onson padşaga geydirmek üçin köynek gözlap bütin memlekete aylanypdyrlar. Ahyry bir bagtly diyilyäni tapypdyrlar weli, onun garyplykdan yana egninde köynegi yok eken. Şeyle-de bolsa-da bagt-sagadat diyilyän zadyn dünyäde barlygyna şübhe yok. Ya uly, ya kiçi, ya dowamly, ya dowamsyz, garaz, dünyäde hakykatdan hem bar. Kynçylykdan son yenillik, gam-gussadan son şatlyk, hassalykdan son saglyk-salamatlyk yaly zatlaryn her biri hakyky bar bolan sagadatlardyr. Diymek, baryna kanagat etmek, şükürli, sabyrly bolmak "bagt" bolup, kanagatsyzlyk we tamakinlik betbagtlykdyr. Bu hadys şerifin anladyany hem şoldur.
5- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Bir kişi Allah tagala we ahyret gününe ynanjy bolsa, gonşusyna yagşylyk etsin. Bir kişi Allah tagala we ahyret gününe imany bar bolsa, myhmanyna hormat etsin. Bir kişi Allah tagala we ahyret gününe iman getirse, sözlän mahaly tapdygyndan yagşy sözlesin, yagşy söz tapmasa dursun sem bolup. (Suneni ibni Maja, 2j., 204 sah.)

Şerhi: Gonşylary dil bilen ya el bilen ynjytmak Yslam hökümine görä günä işdir. Musulman däl gonşyn gonşulyk haky, musulman gonşyn hem gonşulyk hem musulmanlyk haky haky, musulman gonşyn, gonşulyk hem musulmanlyk hem-de mahramlyk haky bardyr. Gonşulyk haky dine ynjytmazlyk bolman, belki olardan yetyän azary hem götermekden ybaratdyr. Yene Yslam dininde myhmana hormat etmek (çagyrylyp gelen bolsun özi gelen bolsun) yagşy gylyklaryn biridir. Emma adatdan daşary urlup-çapylyp ya ömür we mal ysrap edip hormatlanmak şert däldir. Beyle etmegin günäsi, hormat etmegin sogabyndan artykdyr. Söz dogrusynda Magtymguly Pyragynyn
"Tapdygynça mydam yagşy sözlegin,
Yagşy söz tapmasan otur sem bolup" diyen setirleri şu hadys şerifin delalaty bilen aydylandyr.

6- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Dunya işleri dogrusynda ozunizden yokardakylara dal, belki ozunizden peslere seredin! Şeyle etseniz Allah tagalanyn size beren nygmatyny gormeklige sebap bolar. (jamygy tirmizi, 2j. 74 sah)

Duşundiriş: Adam perzendi dunya dogrusynda ozunden yokarylara garamaga adat etse ozuni kemsitmage we ozuni bagtsyz hasap edip başlar, umytsyzlanar. Şol yokary adamlara goruplik, duşmanlyk peyda bolar. Emma ozunden peslere garasa, ozuni bagtly adamlardan we Allah tagalanyn nygmatlaryna uçran bendelerden hasap eder. Maşgalasyna merhemetli hem-de yuregi kanagatly, gowni dynç bolar. Munun şeyledigine şek-şubhe yok. Ahyret işlerinde, amal, ybadat, hayyr-yhsan babatlarynda munun tersine, ozunden belentlere garamak we şolardan nusga almak degişli. Konelerden galan: "ozunden yokarylara garap pikir et, peslere garap şukur et" diyen nakyl çendenaşa manyly bir nesihatdyr.

7- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
(Mesgut) bagtly kişi pitnelerden çetde galdyrylan adamdyr (3 gezek) we bir bela mubtela (sezewar) bolsa sabyr eden kişidir. (Suneni ebi Dawud, 2j. 236 sah.)

Duşundiriş: Resul ekrem hezretleri ozunin dogalarynda hemme wagt pitneden pena sorardy we ahli yslamy hem pitneden gaça durmaga buyrardy. Saklanmak bilen hem ona mubtela bolunsa, onun çaresi sabyr etmek bolup, sabyr edyan kişi hem bagtlydyr. Yok yerden birinin ustunde duşup, bir maşgalanyn gununi bulap, hakmy-nahakmy derneman ozunin din garyndaşlaryny dowlet adamlaryna yamanlap, edaralara çagyrdyp, adamlar arasynda duşmanlyk kopelip, dostluk tanaplary gyrylmagyna din we yslam hokumlerini owretmekden başga ayby yok adamlaryn jepa çekmegine sebap bolyan kişiler şu hadysyn mazmunyna göra in betbagt adamlardyr. Sabyr edijiler we Allah tagala tarapyndan gelen belalara razy bolup durujylar hakynda Kuran Kerimde uly wadalar bar. Şol wadalara uçran adam bagtly boljagynda şubhe yok. Belalara sabyr etmek, kaza-kadara razy bolmak, hiç hili bela-beter yok yurtlara (jennete) baryan birden bir yoldur. Adam ogly dunyade yaşan mutdetinde gaygy-hasrat gorman yaşamagy mumkin dal. Durmuş, yaşayyş tikenli çoplerin ustunden yoremek we muşakgat tolkunlary bilen garşylaşyp yoremekden ybaratdyr. Akylly kişi şol kulpetlere doz gelmage we gelejek rahatlary umyt edip ozuni yitirmezlige dalaş etmeli. Her agyrlyk sonunda yenillik hem boljakdygyny Kuran Kerim wada beryar. Musulman adam elbetde şol wadany hatyrlap gownune teselli berer hem-de oz-ozune nesihat kylar. Dunya gaygy-hasrat mekanydyr. Bir sagat şatlyga bolsa yuz sagatlap gussasy bardyr.

8- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Jennetde, goz gormedik, gulak eşitmedik, gowne gelmedik zatlar bar.

Duşundiriş:
Dunyanin osuşinden, gunbe-gun tazeden-taze tilsimler (tehnikalar) dorap duranyndan ybratlanyan kişiler jennetde, goz gormedik, gulak eşitmedik, oyuna-hyyalyna-da gelmedik zatlaryn bolup biljegine sahelçe-de şubhe etmeseler gerek. Sebabi şu dunyanin ozunde şeyle zatlar yuze çykyp ynsanlara hyzmat edip duranyny goryan adam jennet habaryny elbetde tassyk eder. Jennet we dowzah, umuman ahyryyet hakyndaky Kuranda aydylan habarlary atlaryna garap şu dunyadaki zatlar bilen deneşdirmek bolmaz. Ahyryyet ahwallaryny bolşy yaly duşundirmage soz, anlamaga akyl ynsanlarda yoklugy sebabine, malim sozler bilen atlandyrmaga mataçlik bolan. Şonun uçin jennetin akar-aryklaryny, iymiş we nygmatlaryny, lezzetlerini we şonun yaly jahennem azaplaryny, gabyr sowallaryny, mizan we syrat, hasap we başga habarlary, dunya hallaryna denemek we şol sozlerin şu dunyade anladyan manylaryny bolşy yaly goz onune getirmek layyk bolmaz. Ibni Abbas hezretlerinin: "jennetdaki zatlaryn hemmesinin dine atlary dunyadkilerine menzar" (ozleri başga hilidir) diyen sozunin manysy hem şol bolsa gerek. Enanin garnyndaky çaga "bu yatan yerinden başga gin, yagty dunya bar" diyilse, şondan başga yeri gormanligi uçin onun şu soze ynanmazlygy mumkin. Kurandaky Suleyman a.s. Bilkys habaryny eşidip: "Şony (tagty) haysynyz tiz getirip biljek" diyip halka yuzlenende bir alym: "men" diyip gozuni yumup açyança 1000 kilometrden hem uzak yerden alyp gelipdir" diyen habary "beyle zat mumkin dal" diyjek tapylmagy hazirlikçe ahmal. Emma oz aklyna sygmadyk zady inkar etmek akmaklykdyr. 100 yyl mundan ozalky adamlara:"Bizde dunyanin ol çetindaki zatlary gorkezip, sesini hem eşitdiryan sandyk bar" diysen, "dali" diyip danjaklary gumanasyzdyr. Bu hadys şerif bolsa, ozlerinin akyllary yetmedik, zehinleri almadyk zatlary inkar etmage howlukmaly daldigi duyduryar. Kyyamat hakynda Kuran Kerimin beryan habarlary, şol zatlaryn hakyky bolşundan munden ya milliondan biri bolmazlygy hem mumkin. Bizin şu dunyadaki diriligimiz hem, enanin garnyndaky çaga yaly, yagny şol yatan yerinden başga gin, yagty dunyanin barlygyny bilmeyşi yaly bolmagy ahmal.

9- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Sabyr (gaygynyn) in ilki başa gelen wagtyndadyr. (sahyh buhari, 2j. 84 sah)

Duşundiriş:
Adam ogly gaygy-hasratyn ilki gelen wagtynda dozumli dursa, sonabaka akly ustun bolup kem-kemden yuregi teselli tapar. Şonun uçin gaygy-hasratyn başa gelen in ilki pursatynda doz getirmage sabyr diyiler. Sabyr etmekde wada edilen sogaplar hem şona gora berler. Sabyryn tersi "jazag" (hay-way)-dyr. Emma yurek gamlanyp gozlerden yaş çykmagy "sessiz aglamak" sabyra ters daldir. Çunki bu zatlar hakynda bende biygtyyardyr. Resulullah Ybrayym atly ogly olende gozyaş edenligi malimdir. Bela we kulpet başa duşende "inna lillahi we inna ileyhi rojigun" (elbetde hemmamiz Allah tagala garaşly we şonun huzuryna dolanyjydyrys) diyip doga okamak we mumkin bolsa resuluhuda adatyna eyerip taheret kylyp namaz okamak yagşydyr. Bela we musybatlardan emin adam dunyade tapylmaz. Şonun uçin ona her bir bende boyun alyk bolmalydyr we şonun barabaryna gunaden paklenmegi arzuw etmelidir. Çunki musybata sabyr etmek gunani yuwyan sabyndyr. Jazag-pazag etmek bolsa katgy haramdyr.

10- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Halkyn elinde bolan zatlardan tamakin bolma, ondan umydyny kes! Tamadan saklan, çunki ol pakyrlygyn hazir başa duşyan hilidir. Namaz okanda "şu in sonky namazym" - diyip (indiki namazyn wagtyna çenli yaşamajak yaly) oka! Sonundan otunç soramaly boljak işi etme!

Duşundiriş:
Resulullah hezretlerinin kişi golundaky zatlardan tamakin bolmakdan saklanmak hakynda nesihat etmegi yaşayyş meydanynda her bir musulman ustun bolmalylygy we şonun gayrat gorkezmeli ekenligini bildiryar. Hakykatdan-da hiç kimden tamakin bolmazlyk yslam dininin ruhy bolup, sahabalar zamanynda kişinin malyna goz dikmek, gol uzatmak diyen zatlar gorulmezdi. Ol wagtlarda sopysyrap garnyny otaryp yoren, mujewir bolup gabyrlara aydylan nezirlere ymtylyp durujylaryn ozleri dal, belki ady-sorlary hem yokdy, hatda gabrystanlarda biş-duş edip, iyip-içip yatar yaly ymaratlar hem yokdy. Musulmanlaryn her biri bir kesp-hunar bilen meşgul bolardylar we oz ryzklaryny oz gol guyçleri bilen hasyl kylardylar. Bala-çagalaryny tama hem-de kişi eline garap durmak yaly masgaraçylyklardan saklardylar. Yene hem olarda, gazanan mallaryny, ayagyny uzadyp, pallap yatan yaltalara sarp edip, şony hondan barsi sogaply amal hasap edip yoren akmaklar hem bolmazdy. Bu adatlar bolsa, yslam dini başdaky arassa we saplygyndan çykyp, gabyrlaryn ustune haşamatly gummezler bina edilip, şolary kabeyi hana ornunda ybadat edilip, bidgat we hurapalar mazaly ornandan son yslam dunyasine yayrady. Yogsa şerigatyn birinji nesihaty halal işlemek, yaşayyş yaryşynda onde bolmak, tamakinçilik yaly har-zelillikden salamat bolmakdy. Dunyade bar bozuklyklaryn esasy sebabi yaltalyk ekenligi alymlar tarapyndan ykrar edilen. "Ra-sul keslani magmaluşşeytani" (yaltalygyn başy şeytanyn fabrigi) diyen soz nakyl bolup yayrandyr. Iş şeyle bolsa, janlary sag, garynlary dok, gozleri aç, nireden tusse çykarka diyip halkyn gazananyna dalmynyp yorenleri yygnap aşyny iydirenin bilen nahili sogap onsun! Çunki olaryn gylygy pygamber hudanyn nesihatlaryna tersdir.

11- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Hiç bir ata öz perzendine yagşy terbiye bermek we edep öwretmekden artyk hediye (sowgat) bermedi. (Jamygy tirmizi, 2j. 17 sah)

Duşindiriş:
Çaga hiç yazylmadyk ak kagyz bolup, her durli zat yazmaga we nahili nagyş duşureyin diysen mumkindir. Yagşy terbiye almaga-da, yaman yolar girmage-de ukyplydyr. Şonun uçin bu mesele hakynda alada etmek we pursaty goldan gidermezlik zerur. Çaga yagşy terbiye bermek, ony azaşmakdan saklamak we sagadat (bagt) yoluna gondermek bolanson, atanyn in gymmatly bolegi we gadyrly yadygari şol terbiye boljagynda şubhe yok. Ibni maja: "Çagalarynyzy hakyky ynsan bolarlyk suratda hormat edin we gozel edep bilen edeplendirin" diyen hadysy rowayat edyar. Her gunki tejribeler, mysallar şu hadys şerifin dogrulygyny gorkezip duryar. Dunyani elde tutup duran syyasy adamlar, alymlar, edipler, sowdegar we hunar ahillerinin her biri çagalar arasynda yetişen kişilerdir. Nesillerine ylym, edep galdyryp giden atalar, dunya baylygyny miras goyup gidenlerden kop mertebe artykdyr. Atadan "edep" miras alan perzendin dunyasi abat we maly tukenmez, emma biedep perzende miras galan ummasyz mal onun başyna beladyr. Bular sebabinden ata-babalar yaman atly bolup lagnata galarlar. Bu hadysdan maksat: "perzentlerini okat, edep ber, oz işini ozi başarar yaly terbiyele" diymekdir. Emma bu altyn bahaly sozlerin aramyzda gadry yok.

12- Pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Adamynyn yamany ozunin içeri maşgalasyna iymek-içmek, geyim-gejim we başga zatlar dogrusynda kynçylyk doredyan kişidir.

Duşundiriş:
Biz musulmanlarda ar-ayalyn birek-birege gatnaşygy hojayyn bilen hyzmatçynyn baglanyşygyndan kan bir tapawudy yokdur. Erkek ozunin halanyny edip yormage ygtyyarly hasap edip, ayaly bolsa ygtybarsyz, ynançsyz bir hyzmatçy diyip guman edyar. Arinin şu ygtykadyna birnaçe wagt ygtyyarly we birnaçe wagt ygtyyarsyz ayalyn ozi hem boyun bolyar. Emma yslam dininde bolsa, halanyny edibermage hukukly hiç adam yokdur. Maşgala başy bolan ar bilen ayalyn gatnaşygy, her iki tarapdan hasyl bolan dostluk, soygiden ybarat bolmaga we dostlar arasyndaky soygi we muşakgatsyz durmuş dessury, yaşayyş kada-kanunyna mynasyp gurulmaga degişlidir. Eger şeyle bolmasa ar-ayala "maşgala başy" diymage gora hojayyn we hyzmatçy diymek layykrak bolar. Şeyle bolanson olaryn arasynda bolan çagalar duzuw terbiye gormegi mumkin dal. Ar içerik girişi bilen ayal aljyrap, galdyrap başlasa, çagalar dargaşyp gaçsalar, ar oyden çykanda ayal erkin dem alsa, çagalar rahatlansalar, şol atanyn şu hadysda aydylan yaman adam ekenliginde şubhe galmaz. Maşgalanyn duzuw bolmagyna birinji sebap, ar bolan kişi oz ayalyny ozune dendeş yoldaş, ozi yok wagty oz ornunda duran hojayyn diyip bilmage, oy edarasyny butinley ona tabşyrmaga we erkinlik bermage borçly bilmegidir. Şu hadysdan anlanyan many şoldur.

Ceshme: www.talyplar.com sahypasyndan "Asylly atly bir agzadan. Allah ondan razy bolsun!