بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kararyň maslahatdan soň, ylalaşygyň çekeleşikden soň bolsun.

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Ahyrzamanda boljak wakalaryň habar berilmegi

Pygamberimizin onden gorujilik tarapy hem oran rowac bolupdyr. Onun gorkezen mugjyzalary, ony goren birnace ynsanlaryn imana gelmegine sebap bolupdyr. Onuň(SAW) yene bir onden gorujiligini subut edyan bir hadyslaryndan biri:

Ynsan ebediyet yolagcysydyr. Bu dunya bolsa onun duralgalaryndan biri. Bu babatda ynsan, ynha:"Ruhlar aleminden ata sulby bilen birlikde ene rahmyna(gowresine), ol yerden bu dunya, bu dunyaden ilkinji olume, yagny, gabra, son gabyrda Munker-Nekir Melekleri tarapyndan hasaba cekilmek ucin Alla tarapyndan birinji direldilishe, son Kiyamatyn gopmagyna cenli oli yatmagyn ucin 2-nji olume, son Kiyamat gopanson, esasy we 2-nji direldilishine, son Magshar Meydanyna, son Tereza, son layiklygyna gora Araf(orta yer), Jennet we Jahenneme gidersin. (Ensalla, hemmamiz Jennet, Jemalullah we Pygamber gonshulygyna layik bolarys!)" shu duralgalary gecip, ondan sonra baky aleme, asyl barmaly yerine barar!Biribar biz ynsanlary bu dunya Ozuni tanatdyrmak we Oz shohlesini yeryuzune yayratmak ucin ahli jandarlaryn icinde bu babatda in onat ayna hokmunde yaradyp iberdi, bu Zariyat suresinde aydyn gorunyar. Yaradylyshymyzdaky maksat shu yagday bolmaly. Bu ylahy maksada gora hereket etmek, elbetde, bizi hem bu dunyade, hem-de ahyretde sonsuz bagtly etmage sebap bolar. Yogsa, dunya we ahyret bagtyna sebap bolup biljek bu maksadyn yumrugyny iyer we millet hem-de jemgiyetler halynda pitne toruna colashyp bileris. Bu ahmiyetli wezipani yerine yetirlmedigi wagt nahili bela-betere dush gelinjegi barada Pygamberimiz birnace hadyslarynda beyan eden ekeni, ynha, olardan biri:

" Iki gatly bir gami denizde siyahat edyar, ashakda kabir adamlar, yokarky gatda-da kabir adamlar bar, ashakdakylaryn suwy gutaryp, yokardakylara:
-Bizin suwymyz gutardy, gaminin duybini deship, denizden suw almakcy bolyarys! - diyseler, yokarky gatdaky adamlar bu yagdaya rugsat berseler, onda ashakdakylar, gamini deship, birinjiden-a, icip bolmajak ajy=duzly suw alarlar, ikinjidenem, gaminin suwa batmagyna sebap bolarlar. Anha, shonda dine ashakdakylar dal, eysem-de bolsa, hakykaty aytman, olaryn sawliklerine garshy cykmadyk yokarkylaram olar bilen bile suwa batar=çümer we gark bolar! "

Yene bir hadysynda bolsa, Ol bir sahabalaryna dunya we ahyret barada dini maglumatlary we in mohum maksat barada gurrun beryarka, geljekde shol maksady yerine yetirilmedigi wagtda, bashlaryna gelip biljek bela-beterler we gorkunc azaplaryn boljagyndan habar beryardi, sahabalar bolsa Ony demlerini alman, hayran galyp dinleyardiler! Ebu Ya'la we Ibn-i Ebi'd-Dunya(r.anhuma)nyn rowayat etmeklerine gora Allanyn Ilcisi(SAW):

Wagt gelende zenanlaryn pitne cykaranlarynda; egin-eshiklerini dolulygyna acyp koca cykanlarynda; erbetlikler hemme tarapa sacylanda we hakykatyn aydylmagy tashlananda - ol gun sizin halynyz nahili bolar!?"

Sahabalar bu sozleri eshidip ank-tank bolupdylar we bu yagday olara oran elhenc bolup gorunipdi, cunki olaryn akyllary beyle yagdayin boljagyny hic-hili kabul edip bilmandi. Olar dunyade yekeje momin galsa-da, bu jemgiyetde beyle elhenc yagdayin yuze cykyp bilmejegine ynanyardylar. Bu sebapli, aydylan sozlerin tasiri olary ynanyp bolmajak yagdayda oran gen galdyrypdy. Shol sebapli olar netijesini owrenmek ucin derrew sheyle soradylar:
-Bu zatlar bolarmy, ey, Allanyn Resuly!? - shonda Pygamberimiz:
-Nebsim gudrat elinde bolan Allah adyna and icyarin, mundan beteri hem bolar! - diyende, toweregindakilerin hushy bu yagdayi goterip bilman, ank-tank bolup galypdylar we ynanyp bilman kynlyk bn:
-Mundan beteri name bolyar, ey, Allanyn Resuly!? - diyip sorayarlar.
-Hemme erbetlikleri onat, hemme onatlyklary erbet goren(/kabul edilen) gununiz sizin halynyz nahili bolar!? - diydi.

Hadysyn shu yerini okap, gunumizdaki kabir yagday barada pikir etsek, onda dunyanin ahli kunjeklerinde/yerlerinde shu yagdaya gabat gelse bolyar. Ynsan tebigatyna ters bolmaly parahorlykdan mugthorlyga, pitneden ganhorlyga, ogrulykdan zyna, gedemlikden zulma, erbet yollara dushup, oz yoldashyny ya-da cagalaryna erbet yollara ibermage cenli we sh.m. yagdaylary gorse bolyar. Bu yagdaylaryn kabirleri yewropa dowletlerinde has rowac bolup, gylaw berilyan bolsa, kabirleri bolsa azda-kande bizin dowletmizde rowac bolup, sheydilmegi ucin gylaw berilyar. Hawa, in onat hasiyetler sebapli ynsanlar hasaba cekilip, olaryn gorelde alynmagy gadagan edilyar we unutdyrylmak islenyar, Pygamerimizi unutdyrmak islenishi yaly, in erbet hasiyetler bolsa, in onat hasiyetler hokmunde sahna cykarylyar we gylaw berilyar. Bu yagday hemmamize ashgar bolsa gerek!? Garaz, ynsan tebigaty ucin oran adaty zatlar bolan namys, jomartlyk, sahylyk, sahawatlylyk, gozel ahlak, ynanc, adalatly jogapkarcilik, merhemetlilik, gecirimlilik, kicigowunlilik, yerlikli maslahatlashmak, peydaly owut-undewler, gerekli dayanyshma we sh.m. onat yagdaylaryn gorulmegi bolsa, ya azalyar ya-da azaldylmaga synashylyar!

Sahabalar Pygamberimizin beren sonky jogabyna hasam hayran galyp:
-Bulam boljakmy, ey, Allanyn Resuly!? Yagny, gozel ahlak gadagan edilip, erbet ahlak rowaclandyryljak we gylaw beriljekmi!? - diyip sorayarlar.
-Mundan beteri hem boljak!
-Ondan beteri hem barmy, ol nahili bolyar, ey, Allanyn Resuly!?
-Erbetligi gorubem dymyp we ony goz-gortele mahabatlandyran hem-de ynsanlary ona gonukdiren gununiz, halynyz niciksi bolar!?
Yagny, caga-cugalarynyzy dash we yabany dunya iteren wagtynyz, olary bashy bosh goyan wagtynyz, hatda, olara halynyz, yuz keshbiniz, ozunizi alyp baryshynyz we sozleriniz bn olara erbet yagdayi etmage buyruk beren wagtynyz, has erbedi hem, nesillerinize Allany unutdyrjak we Pygamberi konullerden sokup atjagynyz gun yagdayimyz oran kec/betbagtlyk diymekdir. Pygamberimizin beren sonky jogaby netijesinde, sahabalaryn dyzlarynda derman, ozlerinde rowgat galmandy, ysgyn-mejalsyz we hayran galyp titreyan sesleri bn:
-Bulam boljakmy, ey, Allanyn Resuly!?
-Hawa, hatda, ondanam beteri bolar!
Birdenem, edil shol wagt Allanyn ilcisi Allaha kasam edip, yene-de Allanyn shu sozlerini aytdy:"Jelalyma ant bolsun, bu yagdaya gelen jemgiyetin icine (hemme zady onune alyp, syryp-supurip baryan) sil kimin pitneleri salybererin!"

Pygamberimiziň ýene bir hadysynda many taýdan şeýle diýilýär:
"Ymmatym on bäş zady amal eden wagty bela-beterler başlaryna geler - diýdi.
— Eý, Allahyň Resuly! Bular nähili zatlar? – diýip soradylar. Pygamberimiz (A.S.M.)
- döwlet baýlygy diňe az sanly käbir ynsanlara berilip, beýlekileriň mahrum goýulan wagty;
- ynsanlaryň özlerine amanat edilen zatlary öz baýlygy ýaly gören wagty;
- zekatyň zyýanly töleg hökmünde kabul edilen wagty;
- äriniň hemme zat babatda aýalynyň emrine giren wagty;
- şahsyň enesine garşy çykyp, dostuna boýun egen wagty;
- atasyna ezýet eden wagty;
- metjitlerde gaty ses bilen gepleşilen wagty;
- bir halkıň iň pisi şol halkıň birinji (iň beýik) adam kabul edilen wagty;
- şahsyň şerinden gorkulany üçin, oňa yzzat-ykram edilen wagty;
- (serhoş ediji) içginiň köp mukdarda içilen wagty;
- ýüpek eşikleriň geýilen wagty;
- aýdymçy zenanlaryň, saz gurallarynyň (aşa) ýaýran wagty;
- bu ymmatyň soňunda gelenleriniň ilkinji bolanlaryny näletlän wagty şol on bäş zat amala aşdy diýmekdir. Ynha, şu sananlarym ýüze çykan wagty gyzyl şemalyň ýa “hasf”yň ýa-da “mesh”iň gelerine garaşyň!"

Ynha, yokardaky hadysly mysallarda gorushimiz yaly, Pygamber kari bolan hakykaty ynsanlara beyan etme wezipesi we yagdayi bolmasa, gelinjek netijanin nahili eymenc we elhencligi yuze cykyar. Bu babatda bashga bir hadysda shu çäre beyan edilyar:

"Eger bir mömin erbet bir ýagdaýa duş gelse, şol ýagdaýy 3 ýagdaý arkaly duzetjek bolmaly:
1-Güýji ýetyan bolsa, eli bilen (ara girip garşy çykmaly);
2-Oňa güýji ýetmese dili bilen (aýdyp goýdurmaly);
3-Oňa-da güýji ýetmese yuregiň bilen (şol ýagdaýy (we edýäni) ýigrenmeli). Bu bolsa, imanyn iň pes mertebesidir.”


Hemmamiz ucin ynsanlara hemishe onayly bir yagdayiny tapyp, hakykaty beyan etmek hem-de eli we dili bn ynsanlara ziyan bermeyan kamil ynsanlardan bolmak dilegi bilen!