بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Adamlara ýagşylyk etmegi öwredýän kişiniň günäsini geçmekligi hemme zat, hat-da suwdaky balyga çenli Allatagaladan sorar» diýdi.

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Jöwşen

Hz.Muhammede(SAW) Jebarýyl (a.s.) perişdäniñ wahiy bilen getiren we:”Zyrhyňy (demirden eşik) çykar, muny oka!” diyen hem-de Allahyñ 1001 adyny aýdyñ beýan edyan örän beýik we öran möhüm Pygamberimiziň dilegidir. Pygamberimiziñ neslinden bolan Zeýnel Abidin (r.a.) tarapyndan rowaýat edildi. Jöwşen, aýratynam, Şypagy mezhebindäki musulmanlaryñ okap gelyän, muňa garamazdan, Hanefi mezhebindäkileriň aglabasynyň bilmeyän dileg görnüşidir.

Gurhany Kerimde:”Ynsanyň ýaradylyş maksadynyň Allahy tanamak we Onuň bizden islän zatlaryny ýerine ýetirmegimiziň gerekligi(Zariýat, ?/?)” beýan edilýär. Allahy tanamak bolsa, Onuň ýaradan eserlerini tanamak bilen bolup biler. Bu ýagdaý Gurhanda Hz.Ybraýymyň şahsynda ynsanlara görelde edilip görkezilipdir .

Pygamberimiz bir hadysynda:”Dilegiň iň oňat kabul ediljek görnüşiniň:dilegiň başynda Allahyň gözel atllarynyň aýdylmagy, yzyndan Özüne salawat getirilmegi, soňra özümiz üçin haýyr dilegleriň edilmegi, soňra ýene Özüne salawat getirilmegi, iň soň bolsa ýene Allahyň gözel atllarynyň aýdylmaly”dygyny belläp geçipdir.

Ynha, şu ýerde goýlan, manysy boýunça “Zyrh” diýmek bolan Jöwşen hem şol maksada laýyklykda “dileg”, “ýalbaryş” we Allahy ýatlamagyň iň oňat görnüşidir. Allah Tagalany bir müň bir ady bilen tanadan, şol atlary bilen Oňa dileg etmegi we yakarmagy öwreden örän ähmiýetli ýazgydyr.

Terjime işi barada aýtsak, hiç bir terjime aslynyň manysyny doly ýagdaýda beýan edip bilmez. Bu babatda dil hökmünde arap diliniň örän baýlygy, aýratynam, Yslam dininiň esasy iki çeşmesi bolan Gurhan we hadyslaryň arap dilinde bolmagy, üstesine, bu terjime Allahyň at we sypatlarynyň nyşanasy bolan sözler bilen baglanyşykly bolanlygy sebäpli, bu ýerde diňe olaryň düşündirilişini ýazmak galýar diýen ýaly. Bu ýagdaýa garamazdan, Allahyň atlarynyň şol beýik manylarynyň düýbinden ýitmezligi üçin, mümkin boldugyça we häzirki zamana Türkmen ynsanlarynyň pikir taýdan gurluşyna görä oňaýly bir terjime döretmäge çalyşdyk. Bu terjimäniň haýsydyr bir öwgä mynasyp bolmak ýaly bir niýeti ýokdur. Okyjylarymyz tarapyndan şol beýik atlaryň manylarynyň azda-kände bolsa-da okalyp peýdalanmaklaryny uly gazanç kabul etjek ýagdaýda edilen örän sada bir terjimedir.

Yalňyş we säwlikler bize degişlidir. Allahdan bagyşlanmagymyzy, sizden bolsa bu ýagdaý üçin dogry düşünmegiňizi dileýäris!

Bu terjimäni iň oňat ýagdaýda ulanmagyňyza we peýdalanmagyňyza sebäp etmegini Beýik Biribardan dileýäris!

Yslam.net jogapkärleri.