بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Mömin üçin dogruçyllyk baýlykdan we mirasdan haýyrlydyr.

Başy » Yslam.info » KURAN, HADYSLAR, JÖWŞEN » Jöwşen baplary

Allahym, Senden şu atlaryñ haky üçin dileýän we ýalbarýaryn:
1-Ýa Allah: Her dürli egsikliklerden uzak, hemme gözellikleriñ eýesi, beýleki at we sypatlarynyñ teswirleýän aýratynlyklaryna eýe bolan Beýik Allahym;
2-Ýa Rahman: Hemme ýaradylanlary üçin haýry isleýan, olara soñsuz nygmat we ryzky berýan;
3-Ýa Rahym: Ozune boýun egýan bendelerini aýratyn sylaglandyryan;
4-Ýa Alym: Ozaldan Ebediýete çenli hemme zadyñ her halyny bilýän;
5-Ýa Halym: Hemme jandarlara mylaýym bolan, günäkärlere jeza bermekde howlukmaýan;
6-Ýa Azym: Her-hili ululyk we beýikligiñ eýesi;
7-Ýa Hakim: Hemme zady öz aslyna görä ýerbe-ýer we hikmetli ýaradan;
8-Ýa Kadym: Barlygynyñ başlangyjy bolmadyk;
9-Ýa Mukym: Hemme zady bar edip ýaşadýan, bolmalysy ýaly edýän;
10-Ýa Kerim: Soñsuz keremiñ eýesi

1-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!

1-Eý, seýitleriñ seýidi;
2-Eý, dileglere jogap berýän;
3-Eý, yhsan we kerem eýesi;
4-Eý, derejeleri, mertebe we wezipeleri ulaldýan we beýgeldýän;
5-Eý, bereketi bol bolan;
6-Eý, hatalary bagyşlaýan;
7-Eý, bela-beterleri sowýan;
8-Eý, kömek we medet çakylyklaryny eşidýän;
9-Eý, islegleri ýerine ýetirýän;
10-Eý, gizlin zatlary we syrlary bilýän!

2-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!

1-Eý, iñ beýik mertebede bagyşlaýan;
2-Eý, iñ onat ýagdaýda kömek edýän;
3-Eý, iñ giñ ýagdaýda hökmirowan bolan;
4-Eý, iñ yhsankärlik bilen hemme zadyñ öñüni açýan;
5-Eý, Özüni unutmaýanlara iñ oñat sylagy berýän;
6-Eý, hemme zadyñ hakyky eýesi;
7-Eý, Özüne şükür edenleri iñ oñat ýagdaýda sylaglandyrýan;
8-Eý, her jandaryñ ryzkyny laýygy bilen berýän;
9-Eý, kyn we agyr işleri iñ oñat ýagdaýda netijelendirip çözýän;
10-Eý, hemme zada laýygy bilen yzzat-ykram we yhsan edýän!

3-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!

1-Eý, yzzat we jemalyñ hakyky eýesi;
2-Eý, mülk we jelalyñ hakyky eýesi;
3-Eý, gudrat we kemalyñ hakyky eýesi;
4-Eý, iñ Beýik we bendeleriniñ dertlerini iñ oñat ýagdaýda bilýän;
5-Eý, iñ güýçli azabyñ eýesi;
6-Eý, duýduryşy güýçli bolan;
7-Eý, hasaby örän çalt netijelendirýän;
8-Eý, gatynda iñ gözel sowgatlar bolan;
9-Eý, hemme zat içinde ýazylgy duran kitap ýanynda bolan;
10-Eý, rehmet doly bulutlary ýaradan!

4-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!

Allahym, Senden şu atlaryñ haky üçin dileýän we ýalbarýaryn:
1-Ýa Hannan: Merhemedini örän ýumşak ýagdaýda jandarlara ýetirýän;
2-Ýa Mennan: Bolluk bilen yhsan edýän;
3-Ýa Deýýan: Bendeleriniñ amallaryna laýyklykda adyl höküm edýän;
4-Ýa Gufran: Bagyşlamagy bol, geçirimliligi we merhemedi soñsuz;
5-Ýa Burhan: Hemme zat barlygyna we birligine şaýatlyk edýän, bendelerine ýol görkezýän;
6-Ýa Sultan: Häkimlik we soltanlygyñ hakyky eýesi;
7-Ýa Sübhan: Hemme nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesi;
8-Ýa Müstean: Hemme zat Oña mätäç bolup, Özünden medet islenýän;
9-Ýa Ze'l Menni we'l Beýan: Mahluklary soñsuz nygmatlary bilen iýmitlendirýän, jandarlara beren beýan ukyby bilen hemme zat Özüni añladýan;
10-Ýa Ze'l Eman: Jandarlara ynam, hözir we rahatlyk yhsan edýän!

5-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!

1-Eý, hemme zat ululygy sebäpli Özüne boýun egýän;
2-Eý, hemme zat gudratyna boýun bolan;
3-Eý, hemme zat ezizligine görä özlerini ejiz gören;
4-Eý, hemme zat haýbaty üçin egilen;
5-Eý, hemme zat hökmürowanlygyna(hökümdarlygyna) boýun egýän;
6-Eý, hemme zat gorkusyndan Oña bende bolan;
7-Eý, daglar gorkusyndan para-para bolup ýarylan;
8-Eý, gökler emir we gudraty bilen ýerinde duran;
9-Eý, ýerýüzü rugsat we erki bilen hemişe duran;
10-Eý, ýaradanlaryna zulum etmeýän!

6-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!

1-Eý, hatalary bagyşlaýan;
2-Eý, belalary ýok edýän;
3-Eý, umytlaryñ soñky daýanjy;
4-Eý, bolluk bilen nygmatlar berýän;
5-Eý, soñsuz nygmatlar yhsan edýän;
6-Eý, mahluklary ryzyklandyrýan;
7-Eý, ölümleri wagtynda ýaradýan;
8-Eý, şikaýatlary eşidýän;
9-Eý, mätäçlere goşunlary kömege iberýän;
10-Eý, bendelerine maddy we ruhy bendilikden halas edýän!

7-Sen her-hili nogsanlyklardan uzak, hemme gözellikleriñ eýesisiñ! Senden başga hakyky ylah ýokdur. Bizi jähennemden halas et!