بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Șeýtan bäş wagt namazyny okaýan adamyň ýanyna golaýlaşmaga gorkýandyr. Ol adam namazyny taşlasa, şeýtan onuň üstüne topulyp, süňňüne ornaşýar.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Alysdan gelýänleri kabul edişi

Mekge alnyp, Hewozinde-de ýeňiş gazanylandan soňra, Arap ýarymadasynyň hemme ýerinde yslama girmek meýli artdy. Sebäbi, araplar: "Ozal hem bular Käbäniň goňşusy, goraýjysy, serenjam berijileridir" diýip, kureýş tiresini sylardy. Ýöne kureýşler yslam goşunyndan ýeňilip, erkinliklerini ýitiripdiler. Mekge musulmanlar tarapyndan dolandyrylmaga başlanypdy. Taifiň eteginde hewezin we beýleki kowumlar ýeňilipdiler. Netijede Medinede yslam güýçlenipdi. Şol sebäpli-de arap taýpalary Kurany Kerimiň belleýşi ýaly, yslama girmek üçin topar gurap, ýer süýşen ýaly bolup gelýärdi. Alysdan gelen wekillerden ýaňa Medinede ýer tapylanokdy.
Hezreti pygamberimiz olary döwlet myhmanhanalarynda ýerleşdirýärdi. Mümkinçiligi bolan baý musulmanlar gelenleriň käbirlerini toplumy bilen öz öýlerinde myhman alýardy. Toplum biçak uly bolsa, onda ony böleşip öýlere paýlaýardylar. Olary iýip-içirmek öý eýesiniň boýnunady. Öý eýesiniň myhmanlary üpjün edip bilmejek wagty olaryň çykdajysy döwlet hazynasynyň hasabyna alynýardy.
Hezreti pygamberimiz bu toplumlary köplenç mesjitde kabul ederdi, şol ýerden hem olary myhman alynjak ýere ýollardy.
Hezreti pygamberimiz bu delegasiýalara mugallym berkiderdi. Olar alysdan gelenlere yslamyň esaslaryny öwredýärdi. Olaryň arasyndan zehinliräk birini ymamlyga taýýarlaýardy. Tiz taýýarlanylan ymam soňra pygamberimiziň öňünden geçmelidi. Synagdan geçenler: "Öwrenenleriňizi gidiň-de öz ýurduňyzdaky adamlara öwrediň" diýlip, ugradylýardy. Içinde yslamdan gowy başy çykýany hem-de Kurany ýatdan bilýäni bolsa, ony ymam bellärdiler, yslam gelmezden öň kim baştutan bolsa, yslam döwründe-de şol adam baştutan saýlanýardy.
Pygamberimiz alysdan gelen myhmanlary ýurtlaryna ugratjak bolanlarynda olara täze geýim-gejimlerden serpaý ýapardy, sowgat bererdi, özi-de olar bilen duşuşjak bolanda iň bezemen eşiklerini geýerdi.
Şu işler bilen meşgul bolup ýörkä-de, Pygamberimiz olaryň käbir bolgusyz hereketlerine sabyrlylyk we geçirimlilik ederdi, olara hemişe ýeňillik dörederdi. Emma myhmanlaryň içinde yslama dil ýetirýäni bolaýsa, onuň derrew jogabyny bererdi. Gowy niýet bilen gürleşip düşünişmek üçin gelenleriň sözlerini sabyrlylyk bilen soňuna çenli diňlärdi hem olar bilen söhbetdeş bolardy. Meselem, Amir b. Tüfeýl bilen Erbed b.Kaýs yslama dil ýetirjek bolanda Ol şobada jogabyny pert beripdi. Nejrandan gelen hristianlar bilen pygamberimiz sabyrlylyk bilen jedelleşdi. Hat-da olar bilen mubahale ("kimiňki nädogry bolsa, oňa Allahyň näleti bolsun" diýmek) baglaşmak hem isledi. Ýöne hristian monahlary: "Birden Muhammediňki dogry bolaýsa, bize erbet bolar" diýip, mübahale etmekden çekindiler.14 Pygamberimiz Benu Temimden gelen toplumyň haýyşyny kanagatlandyryp, olaryň şahyr we wagyzçylary bilen yslamyň şahyr we wagyzçylarynyň arasynda ýaryş geçirmäge-de rugsat beripdi.15