بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan Allatagalanyň: «Eý Taňrymyz! Bize şu dünýäde ýagşylyk, ahyretde hem ýagşylyk ber!» diýen sözi jähetinden: «Șu dünýädäki ýagşylyk ylym we ybadatdyr, ahyretdäki ýagşylyk bolsa jennetdir» diýdi.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Ashab-y kiramyň pygamberimiz barada beren gürrüňlerinden

Zeýd b. Sabit (r.a.) hezretlerinden pygamberimiz barada aýdyp bermegini soranlarynda ol: "Eger-de siz umuman soraýan bolsaňyz, Ol bir aňyrsyna-bärisine göz"ýetmez kenarsyz deňizdi. Onuň ahlagy, ruhy dünýäsi hem bir uç-gyraksyz deňiz ýalydy. Ýok, eger-de Onuň käbir ýagdaýlarda özüni alyp barşyny bilmekçi bolsaňyz, onda men özümiň mazaly gözümi ýetiren käbir zatlarymy size gürrüň bereýin" diýip, ine şu aşakdakylary aýdyp beripdir.
"Men pygamberimiz bilen goňşy ýaşardym. Ol özüne wahý gelen wagty bir adam iberip meni çagyrdardy. Men onuň huzuryna baryp, inen wahýy ýazga geçirerdim. Pygamberimiziň huzurynda biz käwagt dünýä işlerinden gürrüň açardyk, Ol ahlak derejesiniň belentliginden gürrüňe goşulardy. Ahyret işlerinden gürrüň açsak, Ol hem ahyretden gürrüň ederdi, eger-de biz iýmek-içmek barada gürrüň gozgasak, Ol iýmek-içmekden söz açyp, birgiden naharyň, iýmitiň peýda-zyýanyndan gürrüň bererdi. Şu aýdan zatlarymyň her biri-de size Resululladan habar berýändir"."91
Amr b. As (r.a.) şeýle gürrüň berýär: "Pygamberimiz köpçülik bilen oňşuksyz, dawaçyl adamlar bilen hoşamaý we geçirimli gürleşerdi, olaryň dostlaşmagyny, biri-birleri bilen ýakynlaşmaklaryny, yslama girmeklerini islärdi. Olary güler ýüz bilen garşy alardy. Pygamberimiz meniň bilenem mylaýym gürleşerdi. Şeýle bir mylaýym gürleşerdi welin, men öz ýanymdan: Pygamberimiziň iň ýakyn adamy özümdirin öýdüp, Ondan: "Siziň özüňize ýakyn görýän adamyňyz kim – Ebu Bekirmi, Omarmy, Osmanmy ýa-da men?" diýip soraýypdyryn. Ol: Ebu Bekir, Omar, Osman diýip, jogap berdi. Men şol bada beýle sowaly berenime puşman etdim. Ýalňyş oýlanan ekenim, meger Resulullanyň maňa mylakatlylygy ýöne hormat ekeni".92
Hezreti Äşe (r.a.) şeýle gürrüň berýär: "Bir adam gelip, pygamberimiziň huzuryna girmäge rugsat sorady. Pygamberimiz öýde oturan ýerinden, onuň sesini eşiden badyna: "Bu adam tiresiniň içinde iň bir oňşuksyz, ýaramaz adam bolmaly" diýse-de, onuň bilen hoşamaý gürleşdi. Hezreti Äşe (r.a.): "Ol adam gidenden soňra men: Eý, ResulAllah, içeri girmänkä-hä siz ol adama ýaramaz adam diýip durduňyz, huzuryňyza girenden soňra bolsa ony güler ýüz bilen, hoşamaý sözler bilen garşy aldyňyz, munuň sebäbi näme?" diýip soradym. Pygamberimiz şeýle jogap berdi:
–Eý, Äşe, ynsanlaryň içinde ýaramaz adamlar bolýar, il-gün olaryň şerinden gaçyp, olara hiç zat diýmeýär, olara duşanlarynda hem kejeleşip durmaýarlar. Mundan maksat: onuň erbet bir iş edäýmeginiň ýa-da erbet söz aýdaýmagynyň öňüni almakdyr. Menem oňa erbet bir söz aýtmaga pursat bermejek bolup, hoşamaý gürleşdim.93
Bir musulman hezreti Äşeden (r.a.) pygamberimiziň ahlagy barada aýdyp bermegini soranda oňa: "Onuň ahlagy Kurandyr!" – diýip, jogap beren. Ýýene biri şonuň ýaly sorag berende: "Mü"minun süresini okap bilýäňizmi? Şol süräni onunjy aýatyna çenli okaň! Allahyň Resulynyň ahlagy ana, şonuň ýalydyr" diýipdir.94
Bir gün bir garyp aýal iki gyzy bilen hezreti Äşäniň ýanyna görme-görşe gelipdir. Äşäniň öýünde bary-ýogy ýekeje hurma bar eken. Äşe ony gyzlaryň enesine hödür edýär. Ol hem hurmany gyzlaryna bölüp berýär. Hezreti Äşe bu ýagdaýy pygamberimize gürrüň berende Ol: "Çagany adalatly söýmek, olary goramak jähennemden gutarar" diýipdir. 95