بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Takwalygyň öňünde bäş sany päsgelçilik bar, kim olary geçip bilse takwalyga ýetdigidir: 1) kynçylygy ýeňillikden ileri tutmak; 2) zähmeti dynçlykdan ileri tutmak; 3) kiçelmäni beýgelmekden ileri tutmak; 4) dymmaklygy dilewarlykdan ileri tutmak; 5) ölümi ýaşaýyşdan ileri tutmak».

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Pygamberimiziň atyr ulanyşy, gürleşişi, gülşi, uklaýşy, möhri we oturyp-turşy

Muhammet pygamber (s.a.w.) beýleki adamlary bimaza etmeýän ysly, reňksiz atyr hödür etseler, ony begenip sepinerdi. Reýhan ýaly ysy ýakymly gül hödür edilse-de alardy. Pygamberimizi dirikä gören bir sahabanyň Onuň atyr sepinişi barada aýdyp giden rowaýatlary hem bar. Pygamberimiziň bedeninden Ýunus Emräniň Gül Muhammediň deridir atly goşgusynda wasp edişi ýaly Ondan bir ýakymly ys bark urar eken.
Hezreti Äşäniň (r.a.) aýtmagyna görä, Muhammet pygamber (s.a.w.) howlukman, her sözüniň arasyna dyngy berip, salyhatly gürlär eken. Hatda Ony diňläp oturan adam pygamberimiziň sözlerini ýat tutup hem bilermiş. Ol aýratyn nygtasy gelen sözüni üç mertebe gaýtalap aýdar eken. Şol sebäpli hem Onuň sözleri diňleýänleriň hemmesi üçin düşnükli bolar eken.
Muhammet pygamber (s.a.w.) adamlar bilen gürleşende, olaryň akyl-paýhasyna, aň-düşünjesine görä gürrüň eder eken. Onuň hatyny hezreti Äşe (r.a.): "Resululla sözlerini siziň gürleýşiňiz ýaly biri-biriniň yzyndan suňşyryp barmazdy-da, aýdanlary diňleýjiniň köňlüne ornar ýaly her sözüni howlukman, bölüp-bölüp aýdardy" diýerdi.2
Hezreti pygamber köp gülmezdi – diýip, Jabir b. Semure (r.a.) güppüň berýär. Hind. b. Ebi Haleniň (r.a.) aýtmagyna görä, Muhammet pygamber ýylgyranda, dişleri hünji deýin ýaldyrap gider eken. Abdullah b. Haris hezretleri Muhammet pygamber ýaly hemişe ýüzi gülüp duran adama duş gelmändim – diýip, onuň hoşgylaw, güler ýüzli adam bolandygyny taryp edýär.3
Muhammet pygamberimiz (s.a.w.) ýatanda sag egnine ýatyp: Ýa Rebbim! Meni gullaryňy täzeden diriltjek günüň azabyndan goragyn! – diýip, dileg eder eken.
Ol ýatjak wagty şu aşakdaky iki dogadan birini aýdar eken: "Allahhym, Seniň adyň bilen uklaryn, Seniň adyň bilen turaryn"
"Allahha şükür, Ol bizi iýdirdi, içirdi, ätiýaç etmekden dyndardy, öýli-işikli etdi. Niçeme bendeleriň iýere-içere zady ýok, agşamlaryna bolsa ýatara ýerleri hem ýok."
Oýanan wagty bolsa Ol şeýle doga ederdi: "Allahha şükür, Ýaradan bizi ýatyryp turuzdy, biz Onuň ýene özüne gaýdyp barmalydyrys."
Muhammet pygamber (s.a.w.) goňşy döwletleriň hökümdarlaryna iberen hatlaryny möhürlemek maksady bilen. ýüzüne üç setir edilip ýazylan: "Muhammet resulullah" diýen ýazgyly bir möhür ulanar eken. Möhüriň ýüzündäki hat gymmat baha (hakyk) daşa gazylyp ýazylan eken. Ol daşy kümüşlenen ýüzük görnüşinde bolupdyr hem resululla ony barmagyna dakynar eken. Ýazdyran hatlaryny möhürlemek üçin ony barmagyndan çykaryp, möhürländen soň täzeden dakynardy.
Ashaby Kiramyň aýdyşyna görä, pygamber hezretleri ýörände howlukman, hamana, aşaklygyna inip gelýän ýaly basjak ýoluny mazaly seljerip, salyhatly ýörär eken. Ol aýaklaryny süýräp almazdy, aýaklaryndan ses çykmaz eken. Gerekmejek ýere güýç sarp edesi gelmeýän ýaly, çalt ýöremekden saklanar eken.
Ol oturanda ýeke dyz, ýa aýbogdaşyny gurup, käte bolsa çommalyp oturyp, ellerini dyzlarynyň üstünde gowşurar eken. Ýatyp dynç almakçy bolsa, uýat ýerleriniň açylmazlygynyň gamyny iýerdi. Nahar iýmedik wagty sag ýa-da sol tarapynda ýassyk goýup ýaplanardy. Nahar iýýän wagty ýassyga ýaplanmazdy. Nahar iýlende ýaplanyp iýmek onuň halamaýan zadydy. Pygamberimiz ulumsy däldi, ol göwnaçyk, alçak adamdy.