بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abuleswet: «Ylymdan hormatly zat ýokdur. Çünki patyşalar adamlara hökümdardyr, alymlar bolsa patyşalara hökümdardyr» diýdi.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » SÖZBAŞY

Beýik Alla Kurany Kerimde pygamberimiziň hem biziň ýaly bir ynsan bolandygyny, oňa wahý inendigini, pygamberlik hem-de ilçilik borjunyň berlendigini aýdýar. Alla Tagala öz beýik kitabynda pygamberimiziň ahlak sahyby hem-de Allanyň resulynda musulmanlara öwrenerlik gözel görelde bardygyny aýdýar.
Pygamberimizi gören, oňa ýakyn duran musulmanlar Onuň ahlagynyň päk, adalatly, jomart, zähmetsöýer, gaýratly bolandygyna, mätäçlere kömek bermegi oňat görendigine güwä geçýärler.
Biz bu kitap arkaly söýgüli pygamberimiziň gündelik durmuşyndan mysallar getirip, Ony başga bir nukdaýnazardan size tanatmak isledik, ýagny, onuň ortaça güzerany bolan kureýşleriň biri ýaly geýinendigini, naharsow bolmandygyny, özüne edilen sowgady Ashaby Suffa* paýlandygyny, garyba, ýolda galana kömek edendigini, olary goldandygyny, aýallara edepli garandygyny, her bir işde tertip-düzgüni oňat görendigini, dostlaşyp, agzybir ýaşamagy ündändigini, dindeşlik, milletdeşlik gatnaşyklaryny güýçlendirendigini, ylym bilen gyzyklanandygyny, nadanlygy ýek ýigrenendigini, hezreti Muhammediň gündelik durmuşyndan mysallar getirip görkezmek isleýäris. Ol nähili geýindikä?, Nähili naharlandyka? Nähili ybadat etdikä? Kurany nähili okadyka? Nähili diňledikä? diýen ýaly köp dürli sowallara jogap bermäge yhlas edýäris.
Şeýlelik bilen musulmanlar hezreti Muhammediň şahsyýetini öwrenseler, belki-de Alla olara rehmetini eçiler.
Mümkinçilikden peýdalanyp, hezreti pygamberiň edep-ekramy diýen tema boýunça geçirilen konferensiýanyň ýazgylaryny-da, öňde aýdylýan zatlar käbir jähtden gaýtalanýansa-da, peýdasy deger diýen umyt bilen şu eseriň soňuna goşýarys.
Ýaňky agzap geçen maksadyma ýetmäge kömek eder diýen umyt bilen beýik Möwla nyýaz edýärin.

Prof D-r Hüseýin Algül.