بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Günä işlerden daşda duran adama ölümden gorkmagyň hajaty ýokdur.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Degişgenligi

Pygamberimiz ynsanyň din barada oýlanmagyna päsgel berýän, kine döredýän, ara dawa salýan, salyhatlylygy we agraslygy aýyrýan ýeňles degişmeleri halamazdy. Ýokarky aýdylanlar bilen bagly bolmadyk halatlarda Onuň özi hem degişerdi, sahabalar-da biri-biri bilen oýun edişseler garşy bolmazdy. Geliň indi birnäçe mysal getireliň:
Resuly Kerim on ýaşlarynda ýanyna gelip, onuň terbiýesini alan Enes b. Mälige (r.a.) "Goşa gulak" diýerdi. Alymlar pygamberimiziň hezreti Enes (r.a.) baradaky bu degişmesini onuň aýdylanlary dykgat bilen diňlemegä hem-de olara düşünmegä yhlasyny artdyrmak üçin aýdypdyr – diýip düşündirýärler. 58
Hezreti Enes (r.a.) şeýle gürrüň berýär:
– Düşünjesi we düşünşi pesiräk
bir adam hezreti pygamberden müner ýaly bir mal dilände pygamberimiz: "Men seni bir inen düýeden bolan mala mündüräerin" diýende ol: "Men köşegi näme edeýin, ol meni götermez-ä?!" diýenini duýman galýar. Ýomaga düşünmedik adama pygamberimiz: "Eý, ynsan! Düýäniň ulusam, kiçisem inen düýeden önmezmi? Meniň göz öňünde tutýanym inen düýeden bolan, adamyny hem göterip biljek ýaşyndaky mal ahyry" diýip, aýdanlarynyň manysyny düşündirmeli boldy.59
Hezreti Enes (r.a.) ýene şeýle gürrüň berýär:
– Çölden gelende gül, miwe we her hili ösümlikler sowgat getirýän Zahyr diýen biri barada pygamberimiz: "Zahyr biziň meýdanymyzdyr" diýip degişerdi, "Biz hem onuň şäheri" diýibem sözüniň üstüni ýetirerdi. Sebäbi, pygamberimiz Zahyr çöle – öýüne dolananda, oňa şäherde tapylýan her hili zatlar alyp bererdi. Bir gün Zahyr çölden gelip, bazarda mAllahryny satar ýaly ýer aňtap durka, pygamberimiz onuň ýeňsesinden duýdurman baryp, gözüni tutýar. Zahyr Onuň Resululladygyny derrew bilipdir. Onsoň hezreti pygamber oýun edip: "Aý, gul alan how!" diýip gygyrýar. Onda Zahyr: "Maňa hyrydar tapylmaz, eý, Resululla! Sebäbi mende görk-görmek ýokdur" diýende, hezreti pygamber: "Eý, Zahyr göräýmäge bigörk hem bolsaň Allahyň ýanynda seniň bahaň biçak ýokarydyr" diýýär.60
Hezreti pygamberiň obadan gelen bir täjir bilen eden şu aşakdaky oýny hem onuň il içinden çykan adamdygyny subut edýär.
Hasany Basry hezretleriniň aýtmagyna görä, bir gün pygamberimiziň huzuryna bir kempir (rowaýata görä Zubeýr el-Awwamyň enesi Safiýemiş) geläge-de: "Eý, ResulAllah, jennete bararym ýaly maňa bir doga edip berebilmezmisiňiz?" diýýär. Pygamberimiz hem oýunlyga salyp:
"Garrylar jennete girip bilmezler" diýip goýberýär. Kempir oýna düşünmän, aglap yzyna gaýdýar. Pygamberimiz ýanyndaky sahabalara: "Baryň, Safiýä aýdyň. Allah Tagala garry aýAllahry otuz üç ýaşyna getirip, ýaş göpnüşde jennetine alar" diýip buýrýar.61
Ýakymly hem-de göwnemakul oýun etmek üçin hem ynsanlaryň öňünde ýüregiň päk, niýetiň oňat bolmagy gerek. Görşüňiz ýaly, pygamberimiz bir garry kempir bilen hem oýun edip degişýär. Bular Onuň her kese çyn ýürekden gaýdýan mährini görkezýär.