بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hökümdarlaryň iň ýagşysy alymlar bilen mejlis guraýany we alymlaryň pikrine eýerýänidir.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Edermenligi

Pygamberimiz häsiýeti ýumşak bolsa-da gaýratly, edermen, gahryman kişidi. Her hili hadysalar ýüze çykanda Onuň özüni alyp barşy muňa janly şaýatdyr.
Mekge döwründe yslama çagyryşyny bes etdirjek bolup, Ol akyla sygmajak kynçylyklara sezewar edilýärdi. Emma ol bu kynçylyklardan heder etmän, Allahsyna sygynyp, saýlap alan ýolundan edermenlik bilen ýöräpdi. Gorkuzjak bolup edilen hereketler, atylýan haýbatlar, özlerne çekmek üçin hödürlenen baýlyklar Onuň sabyr-kanagatyny, gaýratyny, gahrymançylygyny azajyk-da egse bilmändi. Ol ýoluna tiken dökülip, arkasyna palan atylanda-da, özüne baýlyk, hökümdarlyk we her hili maddy eşretler hödürlenende-de saýlap alan ýolundan asla dönmändi. Bu zatlar onuň ýoluny zerre ýaljagam üýtgedip bilmändi. Ol Allah, yslam ýolunda alyp baran söweşinde özüni hakyky mert ýigit edip görkezipdi.
Hezreti Aly (r.a.) şeýle gürrüň berýär: – Söweşlerde hezreti pygamber ýaly duşman bilen ýakalaşyp bilen adam ýokdy. Söweş gyzyşyp, üstümize howp abanan wagty biz Resuly Kerime arkalanardyk.
Hezreti Enes (r.a.) hem: Başymyza howp abananda, Allahyň resuly bizi gorardy ResulAllah ynsanlaryň iň gowsudy, iň jomardydy, iň gaýratlysydy. Bir gije Medinäniň ilaty bir ses eşidip, ondan gaty gorkupdyr. Olar ses gelen tarapa gidipdirler. Pygamberimiz bolsa sahabalary gorkuzan bu sesi eşiden badyna gylyjyny eline alyp, Ebu Talhanyň ýalaňaç atyna atlanýar-da, Medinä aýlanyp, ýagdaýy bilýär. Bir haýukdan soňra Resululla boýny gylyçly Ebu Talhanyň atyna münüp, gaýdyp gelýärkä, yza galan Medinäniň ilatyna duş gelýär. Olara:
– Näme dowla düşüp ýörsüňiz? Gorkara zat ýok – diýip, howsala düşen ilaty köşeşdirendigini gürrüň berýär.40
Uhud söweşiniň birinji ýarymynda pygamberimiziň söweş taktikasy bilen ýeňiş gazandyk, doly ýeňiş gazanylmanka, esgerler olja toplamaga başladylar, ýeriňizden butnamaň diýlip tabşyrylan okçular hem olja gyzyp gidipdirler. Şol wagt hem duşmanyň atly goşuny arka tarapdan çozdy, şeýlelikde, musulmanlar iki oduň arasynda galdylar. Şol söweşde 70 musulman şehit bolan bolsa-da, pygamberimiz ýolbaşçylygy elde saklap, sowukganlylyk bilen yslam goşunyny öz töweregine toplady. Garşylyk görkezip, goranmak bilen duşman goşunyny duruzdy, ýeňdi, soňundan hem Mekgä tarap kowup, olary birnäçe günläp yzarlady. Pygamberimiz şeýle bir gahrymanlyk hem-de edermenlik görkezdi welin, duşman goşuny täzeden ýene söweşe girişmäge ýürek edip bilmedi.
Hewazin jeňinde yslam goşuny Huneýn köprüsine ýetende, duşman mergenleriniň hüjümine sezewar bolupdy. Yslam goşuny bu garaşylmadyk ýagdaýdan çykalga gözleýärdi. Şol wagt hem pygamberimiz sarsmaz gala ýaly bolup durdy hem-de söweş meýdanyndan ýekeje ädim hem yza çekilmedi, gaýtam atyny duşmanyň üstüne sürüp, yslam esgerlerine-de:
– Nirä gaçýaňyz? Men Allahyň resuly, Abdylmutallybyň agtygy, Abdyllahyň ogly Muhammet! – diýip gygyryp, goşuny togtadyp, ýeňiş gazanmagy başardy. Bu urşy görenlerden biri soň şeýle gürrüň berýär: "Men şaýat, pygamberimiz bir ädim hem yza çekilmedi. Söweş ot ýaly bolup çabyran mahaly hemmämiz Resuly Kerimiň töweregine toplandyk. Onuň bilen deň durmagy hem biz uly bir edermenlik saýýardyk."