بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Gybat güýçsüz, ejiz adamyň işidir.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Geçirimliligi

Pygamberimiz geçirimli, giň göwünli bolupdyr. Allah Tagala Onuň adyny: "Iň rehimdar, iň mähirli" diýen manydaky sözler bilen ýazdy. Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýýär: "ResulAllah hapa, ýaramaz sözleri agzyna almazdy. Edep-terbiýä sygmaýan haýasyz işleri etmezdi. Bazarlarda gaty gürläp, galmagAllahp ýörmezdi, ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermezdi – bagyşlardy."
Hezreti Äşe (r.a.) ýene-de şeýle diýýär: "Hezreti pygamber edýän işinden ikiden birini seçip almaly bolsa, eger günä bolmasa, aňsadyny saýlardy. Eger günä bolsa welin, Ol şol işden iň bir daş durýan adam bolardy. Resululla eziz hem jelil bolan Allahy sylamadykdan başga adamdan göwnünde kine saklap, öç almazdy."44
Abdylla b. Omar (r.a.) şeýle diýýär: "Hezreti pygamber işinde we hereketinde hiç wagt gyzmalyk etmezdi. Ol gyzmalyk edenem däldir."
Hezreti Äşe (r.a.) şeýle gürrüň berýär: "Resululla Allah ýolunda jihaddan başga, ýekeje adama-da, ne aýala, ne-de hyzmatkärine elini galdyran däldir. Ol dili bilenem, eli bilenem kişä ez"ýet beren däldir. Ol dostlaryndan hiç wagt kine saklamazdy. Ýöne jelil hem-de eziz bolan Allah barada bir edepsizlik edilse, gaharlanyp ar alardy.45 .
Kady Beýzawi bu meseläni şeýle anyklaýar: "Hezreti pygamberiň häsiýetiniň ýumşak bolandygy, özüniň sabyrly hem-de hak-hukugy gorandygy mälimdir. Eger-de Ol Allahyň hem-de ynsanlaryň hakyny ýerine salmasa, Oňa agyr degerdi. Eger Ol nebsi üçin ar alan bolsa, sabyrsyz saýylardy. Pygamberimiz kemter gaýtmakdan we aşa geçmekden daş bolup, sabyrlylygy hem-de adalatlylygy iň oňat hem-de mylaýym görnüşde kalbyna siňdiren adamdyr".
Enes b. Mälik (r.a.): "Resululla gargan, käýinen, hapa söz aýdan ynsan däldir" diýýär.
Ýene hezreti Enes (r.a.) sözleriniň üstüni ýetirip, şeýle diýýär: "Resululla bilen gidip barýarkak bir çarwa bende hezreti pygamberiň syýyndan şeýle bir gaty çekdi welin, öwrülip seretsem Onuň boýny sypjyrylan eken. Çarwa: – Eý, Muhammet”! Ýanyňdaky Allah malyndan maňa-da bir bölegini bersinler diýip, emr et! – diýdi. Resululla öwrülip, ýylgyrdy-da, ony razy etmeklerini buýurdy.46
Hezreti Enesiň (r.a.) gürrüň bermegine görä, Resulu Kerim hezretleri adamy gynandyrjak zady ýüzüne aýtmaz, kişiniň aýbyny ýüzüne urmaz eken. Hata goýberen adamy ynjytmazlyk üçin gadagan hem-de terk edilen zatlary edýän adamlar barada daşdan aýlap, umumy gürrüň eder eken.
Sähel yşaraty hem buýruk hökmünde kabul edilýän hezreti pygamberimiz ymmatyny ynjytmajak bolup, özüni diýseň mylaýym alyp barar eken.
Pygamberimiz bir adamyň üstünden gelýän ysyň adamlary biynjalyk edýänini görüpdir. Ol adamyň ýüzüne çalnan reňki sap-sary bolup, göze dürtülip duran eken. Tä ol turup gidýänçä, pygamberimiz sesini çykarman oturypdyr, onuň aýbyny ýüzüne urmandyr. Gidenden soňra bolsa oturanlara: "Bu adama ýuwaşlyk bilen duýduruň, ol barçany bimaza edýän ysly sary reň zady ulanmasa oňat bolar" diýipdir. Sahabalar pygamberimiz barada: "Bir zady halamasa, ýüzünden bilip durmalydy" diýip ýazýar. Pygamberimiziň şu aşakdaky hadysynyň manysy biçak uludyr: "Hiç biriňiz başga biriňiz barada maňa gep getirip bermäň. Sebäbi men ýanyňyza ýüregimi şatlykdan dolduryp gelmek isleýän".