بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ylym ýolbeletdir, beýleki işler oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Geýinişi, iýip-içişi, öý düşegi

Pygamberimiz egin-eşiginiň tämiz hem-de tertipli bolmagyna üns berer eken. Ol geýmine titidi, egin-eşigini aýap saklardy, çaşyp ýatsa halamazdy. Ol geými tä matasy süzülip gutarýança geýerdi. Täze eşik geýende Allahha şükür ederdi, eşiginiň düşümli bolmagyny dilärdi, "geýmimiň ýapýan agzalarynyň şerindenem özüň gora" diýip, Allah Tagala ýalbarardy.
Hezreti pygamber: Reňki soldy, boýagy syndy – diýip, birje eşigini hem geýmän taşlamazdy. Bezemen, alabeder, gözeilginç reňkli eşikleri geýmäni halamazdy. Diýmek, ol geýminiň göze ýakymly bolmagyna üns berýän eken.
Eşigim gowu-la diýip magtanmazdy, owadan eşige kowalaşmazdy, gerekmejek zada pul harçlamazdy. Çünki eşik onuň üçin: Ynsanlary yssydan sowukdan goraýan, adamlary biri-birine ysnyşdyrýan, köpçülige barmaga kömek edýän, adam hyzmatyndaky zatdy.
Pygamberimiz egin-eşikde esasan tämizlige, syrdambitinlige, göze ýakymlylyga, gelşiklilige, sadalyga hem zerurlygy bitirişine üns beripdir diýip gysgaça aýdyp bileris. Megerem, şu sebäpli bolsa gerek, ol zerurlyk bolanda ýüpekden, ýüňden, pagtadan, hatda geçi çöpürinden tikilen eşikleri hem geýende açyk göwni bilen: Biz bir ejiz guldurys diýerdi.4
Hezreti pygamber hususy durmuşynda meýletin pakyrlygy saýlapdyr. Sahabalardan gelen sowgatlar köplenç hezreti Äşäniň otagynda saklanardy, olaryň köpüsini garyp-gasarlara we Suffe talyplaryna paýlardy. Şeýle-de musulmanlara halaldygyny görkezmek we beslenmegiň ähmiýetini nygtamak üçin, dürli iýmitleri iýipdir. Meselem: towuk eti, guşlardan käbirleriniň eti, goýun etinden bişirilen kebap, kakmaç, süýt, bal, peýnir bularyň käbiridir. Iýýän zatlarynyň arasynda zeýtun ýagy, sirke, kädi, tirt (dograma çorba), talhan, halwa-da bolýardy. Her gün şol bir nahary iýenden ol tagam dürli-dürlüräk bolsa kemem görmezdi. Naharyna käwagt burç, zenjebil, terçin, ýaly ysly otlardan sepinäýmesem bardy. Iki zat welin – arpa nany bilen hurma – onuň saçagynda hemişe tapylardy. Ol kämahal köp wagtlap şol iki zat bilen oňňut ederdi.
Pygamberimiz nahardan öň ellerini ýuwardy, nahardan soň hem ellerinä bir ýuwardy, agzyny hem çaýkardy. Nahary: "Bismillah" bilen başlap, iýip bolandan soňra: "Elhemdullullah" diýerdi. Nahardan gaçyp-galan zatlaryň, nan owuntyklarynyň hapa atylýan ýere atylmagyna ygtyýar etmezdi. Nahar iýlip otyrka, biri rugsat almazdan ýerinden turaýsa halamazdy. Iýende doýa garna iýmezdi, iýesi gelse iýerdi, iýesi gelmese-de sygnap oturmazdy. Suwy düýbi görnüp duran gapdan içerdi, baldan edilen şerbeti, nebiz atly hurmany, täze üzümden ýasalan şerbeti oňat görerdi.5
Pygamberimiziň öýünde adatça diwan, sedir, ýorgan-düşek, ihram, legen, kündük ýaly öý goşlary ulanylypdyr. Emma Ol gowudan-gowsuny edinjek bolup azara galyp ýörmändir. Egin-eşik meselesinde-de öň aýdyşymyz ýaly, Ol sada, zerur, syrdambitin hem tämiz bolmalydyr diýen pikirdedi.