بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir ulamalar dört kitapdan dört sany parasatly kelemeleri saýlapdyrlar: 1) Töwratdan: «Kim Beýik Allahyň berenine kanagat etse, ol bu dünýede-de, ahyryýetde-de ruhy dynçlykda bolar»; 2) Injilden: «Kim nebis isleglerinden üstün bolsa, ol bu dünýede-de, ahyriýetde-de uly derejelere galar»; 3) Zeburdan: «Kim adamlardan ýalňyzlykda bolsa, ol bu dünýede-de, ahyriýetde-de halas bolar»; 4) Kurandan: «Kim diline gaýym bolsa, ol bu dünýede-de, ahyriýetde-de salamatda bolar».

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Jomartlygy

Jomartlyk hezreti pygamberimiziň iň esasy, iň meşhur sypatlaryndan biri bolupdyr. Mysal üçin Jabir b. Abdylla (r.a.) şeýle gürrüň berýär: – Resuly Kerim serwerimizden şu dünýä degişli bir zat dilenip, onuň hem "Ýok" diýip, jogap berenini men görmedim. Ol soralýan zat özünde bar bolsa-ha şol bada bererdi, ýok bolsa-da "Taparys" diýip wada ederdi.26
Indi hezreti Omaryň (r.a.) beren bir gürrüňini ýatlalyň: Resulullanyň huzuryna bir garyp gelip, ondan bir zat diledi, ýöne onuň dileýän zady pygamberimiziň özünde ýokdy. Şol sebäpli ol gelen adama şol zady bazardan öz adyna (ýagny Muhammet pygamberiň adyna) ýazdyryp almagyny tabşyrdy. Pygamberimiziň öňem ol adama kömek edeninden hezreti Omar habarly eken. Şol sebäpli hem ol:
– Eý, ResulAllah, bu kişiniň öňem-ä bir möhümini bitiripdiňiz. Indi oňa kömek etmegiň geregi beri barmy? – diýmekçi bolýar.
Ol diýmesine diýýärem, ýöne onuň aýdany hezreti pygamberimize hoş ýakmandyr. Omar muny onuň ýüz keşbinden aňypdyr. Şol wagt ensarlardan biri: "Eý, ResulAllah, möhümini bitiriň, möhüm bitireniňiz bilen arşyň eýesi Allah Tagala sizi garyp düşürer diýib-ä gorkmaly däldir diýip düşünýändiris bizä, bu meselä" diýipdir. Ol adamyň pikiri pygamberimiziň göwnünden turupdyr hem Ol: "Men sahy bolmakdan we garyplykdan gorkmazlyk emrini aldym" diýipdir. Ol sahylyk hem-de ýoksullara kömek etmek adamyny garyp düşürer diýen pikire pisint etmezdi.27
Hezreti Äşäniň (r.a.) aýtmagyna görä, bir adam sowgat getirip beräýse, pygamberimiz oňa özüniňkidenem zyýat zady sowgat berer eken. Pygamberimiz bilen döwürdeş bir musulman aýalyň beren gürrüňi muňa aýdyň mysaldyr. Ol aýal şeýle gürrüň berýär: "Men hezreti pygamberimize bir okara täze hurma bilen üsti baldakly birnäçe hyýar eltip berdim. Ol maňa bir ýanawuç aýal şaý-sepini sowgat diýip gaýtargy salan eken".
Muslimde şeýle bir gürrüň bar: Resululla yslam üçin özünden dilenen zady bererdi. Bir gezek bir adam şeýle dileg bilen gelende, Resululla oňa bir deräni dolduryp duran goýun berip goýberdi. Ol adam öz tiredeşleriniň arasyna baryp: "Eý, tiredeş kowumlar, musulman bolalyň, çünki Muhammet garyp galmakdan heder etmän, kän ýagşylyklar edýär" diýipdir.28
Ýene Muslimde şeýle bir zat ýazylypdyr. Safwan b. Umeýýe (r.a.) şuny gürrüň berdi:
– Allahyň adyndan ant içýän, Resululla maňa kän zat bagyşlady. Başda, meniň pikirimçe, ol ynsanlaryň arasynda iň bir ýigreniji adamdy. Emma ol maňa yhsan etmesini dowam ediberdi. Indi ol meniň üçin ynsanlaryň içinde iň gowusy boldy duruberdi.29
Ynha hezreti Enesiň (r.a.) beren bu gürrüňi-de şonuň ýaly wakalardan habar berýär: "Kä wagt adamlar baýlyga gyzyp musulman bolardy, ýöne yslamy kabul edenlerinden soňra musulmanlyk olar üçin dünýäden hem dünýä malyndan ileri bolardy."30
Hezreti ibn Abbas (r.a.) şeýle gürrüň berýär:
Hezreti pygamber halkyň içinde iň jomardydy. Onuň iň bir jomart wagty hem remezan aýydy. Jebraýyl perişde her ýyl remezan aýynda Resululla bilen hökman duşuşardy. Resululla oňa Kurany çykyp bererdi. Jebraýyl bilen görüşýän döwürlerinde Resululla il-gün üçin halkyň janyna ýarasyn diýip öwüsýän şemal ýaly jomartdy. Mätäçleriň dadyna ol ençeme gezek gaty tiz ýetişendir.31