بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Șapygy (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylmyň bir aýratyn tarapy – ondan sähelçe zat öwrenen kişi şatlanar, ondan paýy bolmadyk adam bolsa mydama gussaly bolar» diýdi.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Mähri we merhemeti

Kadyr Allah Kurany Keriminde: "Biz seni älemlere rehmet üçin iberdik" (Enbiýa, 21/107) diýýär. Älemiň rehmeti üçin iberlen Muhammet pygamberimizdir. Hezreti ibn Abbas bu aýaty tefsir edende: "Onuň rehmeti iman getirenlere-de, iman getirmediklere-de ýetýändir. Iman getirenler Onuň rehmetinden bu dünýäde-de, ol dünýäde-de nesibelerini alýandyr. Iman getirmedikler bolsa, inkär edýändikleri sebäpli "Kökünden büs-bütin heläk bolmak" azabynyň soňa (ahyrete) goýlandygy üçin şu dünýäde onuň rehmetinden eşret tapýarlar" diýýär.
Hezreti Ebu-Bekir (r.a.):
– Eý, ResulAllah, sizem garradyňyz! – diýende, pygamberimiz oňa:
"Meni garradan Hud, Wakyga, Murselat, Amme ýetesaelun, Izeşşemsu kuwwirat süreleri boldy" diýip, jogap beren.
Şarih (şerh edýän) onuň bu sözlerini şeýle düşündirýär: Bu sürelerde ahyret barada gürrüň edilýän ýerleri bar. Pygamberimiz öz jany barada däl (oňa hiç zat bolabilmezdi), ýöne Ol bizi özümizden oňat tanaýardy, şol sebäpli hem biziň başymyza düşjek kynçylyklar barada, ymmatynyň şol sürelerde aýdylýan ahwalatlara duçar bolmazlyklary barada alada edýärdi, Onuň başyny agardan hem şol ahwalatlardy.32
Allah Tagala şeýle emr edýär: "Size öz içiňizden bir pygamber geler welin, siziň çekmeli boljak ejirleriňiz oňa juda kyn hem agyr düşer. Onuň bar küýi-pikiri siz bolarsyňyz. Ol hakykatdan hem mü"minleriň ýazygyny geçijidir we bagyşlaýjydyr." (Toba, 9/128).
Şu aýatdan görnüşi ýaly, pygamberimiz ymmatynyň (ahyretde) ejir çekjekdigine gynanandygyny-ha aýdyp hem oturmalyň, ol belli zat, ýöne Ol ymmatynyň bu dünýäde-de agyr zähmet çekmeli bolýandygyna hem gynanardy. Ymmatynyň gynanjy onuň gynanjydy, ymmatynyň guwanjy onuň guwanjydy. Manysyny ýokarda agzap geçen aýatymyzda Kadyr Allah özüniň söýgüli atlary bolan Rauf we Rahym (iň mähirli we iň merhemetli) atlary bilen lutuf we keremi hökmünde diňe pygamberimizi atlandyrypdyr.Bu hem Allah Tagalanyň gullaryna merhemetli bolşy ýaly, hezreti Muhamediň (r.a.) hem ymmatyna mähirli we merhemetli bolandygyny düşündirýär.33
Bir gezek bir adam pygamberimizden duşmanlaryny näletlemegini sorapdyr. Pygamberimiz ol adama:
– Men nälet okamak üçin däl-de, äleme rehmet (eşret) üçin iberildim – diýip, jogap beripdir.34
Ol Mekge döwrüniň biçak agyr günlerinde-de duşmanlaryna bet doga etmändi. Taifliler ony daşlapdylar, endam-jany, esasan hem aýaklary gara gana boýalypdy. Islese Allah Tagala Taif we Mekge şäherlerini ýer bilen ýegsan hem edip bilerdi, emma pygamberimiz Rebbimiz Allahdan beýle zatlar dilemeýärdi. Tersine: "Eý, Allahm, bular hakykaty görenoklar, ýöne umydym bar, bir gün geler, bularyň çagalary hakykaty görerler" diýýärdi.35
Mekge alnandan soňra, Taifiň gabawy uzaga çekenligi sebäpli ol ýerden gitmeli bolnanda pygamberimiz olara nälet okaman rehmet diläpdi:
– Allahm, Taiflileriňem düzelip, musulman bolup, huzuryma gelenini bir görsem – diýip, dileg edipdi.
Mekge alnandan soňra, Käbäniň howlusynda 22 ýylyň dowamynda ellerinden gelen ýamanlygy edip, indem öňünde bagyşlanmagyna garaşýan, ýesir duran mekgelilere pygamberimiziň rehimi inip, olary bagyşlamagy hem onuň rehimdarlygynyň nä derejede belent bolandygyny görkezýär.
Allahyň rehmetini hem-de geçirimliligini diňe özüne we pygamberimize degişli edip doga okan bir çarwa adama Allahyň resuly:
– Allahyň lutuf we rehmet jaýyny juda daraltdyňyz – diýýär.36
Ol ynsanlar bilen bir hatarda haýwanlary-da, tebigaty-da söýerdi. Hemişe: "Haýwanlara agyr ýük urmaň, olara gowy serediň, ez"ýet bermäň" diýerdi.
Eger-de, kyýamat gopjak bolup durka-da, elindäki agajyň nahalyny oturtmaga wagt tapsa, oturdyp öljekdigini aýdardy. Içgileri adamlar üçin zyýanly bolanlygy üçin gadagan ederdi. Maşgalanyň dargamazlygy üçin humary (humarly oýunlary), nesili goramak üçin bolsa zynany gadagan ederdi. Musulmanlary ataş çukuryna gaçyrmajak bolup ýadawsyz gorardy. Ol mähir hem-de merhemet pygamberidi.