بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Allatagala parz namazyny ýerine ýetirmeýän kişiniň nepil namazyny kabul etmez.

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Söwda işlerine berýän ähmiýeti

Yslam dininde halkyň umumy ahlagynyň hem-de söwda ahlagynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, öndüriji bilen sarp edijiniň, satyjy bilen alyjynyň hukugynyň goralyşy, ygtybarly, ynamdar alyş-berişe ýagdaý döredilmegi ýaly işler bilen baglanyşykda "yhtysap" (tertip-düzgüni sazlaşdyrmak) diýen bir söz bilen aňladylýar.
Pygamberimiziň döwründe bu iş bilen meşgul bolýan ýörite edara bolmadyk hem bolsa, hezreti Muhammediň (s.a.w.) özi bu işi ýöreder eken. Ýýerlerde bolsa bu işi ýerli häkimler hem-de beýleki adamlar alyp barypdyrlar.
Asyl käri täjirlik etmek bolan hezreti Muhammet (s.a.w.) söwda işine uly ähmiýet bererdi. Musulmanlar Mekgeden Medinä göçmezinden öň Medinede ýahudileriň öz bazarlary bolardy. Ol ýere göçülip barlandan soňra, Resuly Kerim özbaşdak yslam bazaryny gurdurdy, musulmanlary söwda işlerine çekdi hem-de yslam bazary yslam adatlaryna görä ugur alar ýaly, şoňa laýyklykda öser ýaly ony ýygy-ýygydan barlap durdy. Müslimiň "Sahih"-inde agzalýan şu meselä degişli bir gyzykly waka mysal getirilýär. Ebu Hureýre (r.a.) şeýle gürrüň berýär:
"Resululla bir topbak edilip üýşürilip goýlan iýmişiň ýanyna bardy-da onuň ortasyna elini sokdy, onuň barmaklary öl boldy. Şonda ol: "Eý, haryt eýesi,bu näme boldugy?!" diýip sorady. Zat satýanam: "Eý, ResulAllah, üstüne ýagyş ýagaýdy-da" diýip, jogap beripdir. Onda Resululla: "Onuň ýaly bolsa, näme üçin alyjy görer ýaly, öl ýerini üýşmegiň üstüne çykaryp goýmadyň? Aldawçy adam bilen men il däldirin" diýdi." 74
Bu meselede pygamberimiziň beren käbir maslahatlaryny öwrenmek, ol maslahatlaryň söwda işinde getiren peýdasyna göz ýetirmek üçin hezreti Muhammediň döwründe söwda işinde ýöredilen esasy kadalary şu ýerde belli bir tertipde getirip görkezsek oňat boljak.
1. Bir musulman söwda edip durka, söwdanyň arasyna düşmek gowy däldir. Eger olar söwdasyny bitiren bolsa, ony bozmak hem dogry däldir.75
2. Aljak kişiden bolan bolup bazary gyzdyryp, nyrhy galdyrmakdan gaça durmalydyr. 76
3. Öndürjiniň bazara çykarmadyk harydyna öňünden arzan nyrh kesilmeli däldir.77
4. Söwda işi halal ýöredilmelidir, ýalan sözlemekden daş durulmalydyr, söz bereniňden soňra, beren sözüňde tapylmalydyr, bir zat amanat alynsa, eýesine gowşurylmalydyr, oňa hyýanat asla bolmaly däldir.78
5. Gazanjyň haýyrlysy adamyň zähmeti bilen eden gazanjydyr, zähmet çekmek esasy zat bolmalydyr, mugthor bolmaly däldir.79
6. Söwda-da iki tarap üçin hem ynam esas bolmalydyr. Haryda degişli hakykat bassyr-ýussur edilmeli däldir, bolşy ýaly aýdylmalydyr. Dogruçyllyk – berekete, galp – bibereketçilige getirer.80
7. Baý täjir takwa bolmalydyr, Allahdan gorkmalydyr, dini, sosial, maliýe jogapkärçiliklerini doly berjaý etmelidir. Zekadyny bermelidir, garyp-gasarlara hossar bolmalydyr, haýyr-sahawatyny kemsiz berjaý etmelidir.81
8. Karz keýp üçin däl-de, bir zerur iş üçin alynmalydyr. Berginiň wagtynda üzülmegi esasy zat bolmalydyr, kyn-gyssaga düşen ýagşy niýetli bergiliniň bergi möhletini uzaltmak uly sogapdyr.82
9. Ýalan sözläp harydyny köp satmak islän netijede gazanjynyň berekedini gaçyrar.83
10. Eklençde, işiňde, söwda edeňde halal ýoldan çykmazlyk zerurdyr.84
11. Işiňi edeniň zähmet hakyny bada-bat tölemelidir. Hadysda bu barada "Maňlaý deri guramanka" diýlip bellenilýär.85
12. Aldan, hile guran täjirler kyýamat güni gabyrlaryndan günäli bolup turjakdyrlar. Gowular, dogrular günäsiz turarlar.86
13. Dürst hem-de ygtybarly täjirler kyýamatda "pygamberler, syddyklar we şehitler" bilen bile boljakdyr.87
14. Çekende kem çekmek, ölçände ýalňyş ölçemek milletiň heläk bolmagyna sebäpdir. Ýagny, ölçände we çekende kem çekmek söwda işiniň bozulmagyna, söwda işiniň bozulmagy bolsa jemgyýet durmuşynyň bozulmagyna sebäpdir.88
15. Bir harydy arzan wagty satyn alyp, basyp goýup, diňe gymmatlan wagty bazara çykarmak ýa-da halkyň mätäç harytlaryny bazardan ýygnamak gadagandyr, muny edýän adamlar näletlenendir.89
16. Edilen işi dogry etmek we başlanan işi tamamlamak her bir işiň esasy bolmalydyr. "Iş gutarsyn, wagt geçsin" diýip, wagty bisarpa ötürmeli däldir, kesekiniň işini edýänem öz işini edýän ýaly jan edip, bar ünsüni berip işlemelidir.
17. Şert her nähili bolsa-da esasy zat işlemekdir. Hezreti Muhammediň (sAllahllahu aleýhi wesellem) şu aşakdaky hadysynyň manysy örän uludyr. "Biriňiziň eklenç üçin bir gujak oduny arkaňyz bilen daşanyňyz, el serip, dilegçilik edenden has haýyrlydyr." 90
Hezreti Muhammediň (s.a.w.) bulardan başga-da iş, iş dolandyrýan, işçi, mal satýan täjir, sarp ediji, miwe we gAllah öndüriji, söwda, ölçemek çekmek we ýene ş.m. meseleler bilen baglanşykly ýene-de örän köp hadyslary bardyr. Biz şol hadyslarda berilýän käbir nesihatlary, gadagan edilýän zatlary hadysda getirilişi ýaly tertipde ýokarda ýazyp görkezdik.
Şulardan görnüşi ýaly, hezreti Muhammet (s.a.w.) söwda işini gaty gowy tertibe salyp bilipdir. Söwdada, haryt öndürmekde, sarp etmekde aldawçylygyň hem-de özüňi aldatmaklygyň öňüni alyp bilipdir. Ýagny, ol söwda işinde dogruçyllygy, çyn sözli bolmagy, iki tarapyň hem (alýanyň-da, satýanyň-da) ygtybarly hem-de halal bolmagyny berkarar edipdir. Hezreti Muhammet (s.a.w.) bu zatlary diňe bir aýdyp geçmek bilen hem çäklenmändir, her wagt, her wagt musulman bazaryna baryp, söwda bilen meşgul bolýan adamlara: "Ine, şeýle ölçäň, ine, şeýle çekiň" diýip, görkezer eken.