بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Jennetdäki dört zat, jennediň özünden has gowy: 1) jennetdäki bakylyk, jennetiň özünden gowydyr; 2) jennetde perişdeleriň hyzmat etmekligi, jennetiň özünden gowydyr; 3) jennetde pygamberler bilen goňşyçylyk, jennetiň özünden gowydyr; 4) jennetde Beýik Allahyň razylygy jennetiň özünden has gowydyr. Jähennemdäki dört zat, jähennemiň özünden erbetdir: 1) Jähennemdäki bakylyk, jähennemiň özünden erbetdir; 2) jähennemdäki käfirleri perişdeleriň ýazgarmagy, jähennemiň özünden erbetdir; 3) Jähennemde şeýtan bilen goňşyçylyk, jähennemiň özünden erbetdir; 4) jähennemde Beýik Allahyň gazaby, jähennemiň özünden erbetdir».

Başy » Yslam.info » HZ.MUHAMMED(SAW) » Pygamberimiziň tertip-düzgüne hem-de gözellige ähmiýet berişi

Pygamberimiziň ýaşaýşy diýseň tertipli-düzgünlidi. Ol musulmanlara-da her bir meselede tertipli-düzgünli bolmagy, gaýta-gaýta maslahat bererdi. Bir gün pygamberimiziň huzuryna saçy-sakgaly bulam-bujar bir adam geldi. Pygamberimiz oňa: "Bar, saç-sakalyňy timarlap gel!" diýdi. Ol hem özüni düzedip geldi. Şonda pygamberimiz şulary aýtdy: "Biriňiziň şeýtan ýaly saç-sakgalyňyz buýr-bulaşyk bolanyndan tertipli, timarlanan bolmagy oňat dälmi, eýse?"
Ýene bir günem Ol ýanyna gelen egin-eşigi gara-gäz adamyny görkezip: "Şu adam egin-eşigini ýuwara suw tapmaýarmyka?" diýdi.
Resuly Kerim bedeniň, egin-eşigiň, iýip-içilýän zatlaryň, öýleriň we köçeleriň tämizligine aýratyn üns bererdi. Şeýle hem Ol göwün hem-de ruhy arassalygy barada nygtap aýdardy. Şonuň üçin: "Musulman–elinden-dilinden musulmanyň ýamanlyk görmedik adamydyr"6 diýip aýdypdyr. Pygamberimiz bu hadysy bilen musulmanlaryň il arasynda ygtybarly we ynamdar bolmagynyň zerurlygyna yşarat edýärdi. Şol sebäpli-de Ol: "Ýalan gepli, lebzinde tapylmaýan, amanada hyýanat eden ikiýüzli munapykdyr" diýerdi. Sebäbi durmuşda şular ýaly säwlik goýberýän musulman ynamdan gaçýardy. Pygamberimiz ýürek barada şeýle diýerdi: "Ägä boluň! Bedende bir bölek et bardyr, şol gowy bolanda bütin bedeniňem gowy bolar, erbet bolsa bütin bedeniňem erbet bolar. Şol et bölegi hem ýürekdir."7
Ýürek bu ýerde ruhy simwoldyr. Ol ýagşylyk bilen beslenende eýesine ýol görkezer. Estetik duýgy hem şeýle ýüreklere eýe bolmak bilen başlanar. Eger-de ýürek erbetlige ulaşan bolsa, onda beýle adamdan gowulyga, gözel duýgulara garaşmak hebesdir. Ýürekde gowy, oňat duýgulary oýandyrmazdan, ösdürmezden ruhy galkyndyrmak, ony oýandyrmak başartmaz. Ýagny, musulman ynsabynyň päkligine üns bermelidir, wy–danyny galkyndyryp, onuň duýgularyny gowulyga ýykgyn etdirjek bolup çalyşmalydyr. Hak Tagala hemişe ynsanyň ynsabyna göz-gulak bolup durandyr, musulman bende hiç wagt muny unutmaly däldir, şuny berk bilip, ýalňyş, egsik hem-de hata işlerden gaça durmalydyr. Ol diňe şonda gözellige, dogruçyllyga, oňatlyga, owadanlyga dalaş edip biler. Hak Tagala bize: "Eý Rebbimiz! Ol dünýäde-de, bu dünýäde-de biziň halymyzy oňat et..." – diýip, doga etmegi buýrýar. Şundan ugur alan musulman bu dünýäsini hem, ahyretini hem pikir etmelidir. Musulmanyň aň-düşünjesi bitertip, buýr-bulaşyk bolmaly däldir. Pygamber serwerimiz taýsyz zowklaryň üstünde ähmiýet berip durýar. Şu nukdaýnazardan Onuň aşakdaky iki hadysy has-da ýerliklidir: "Allah gözeldir, gözelligi hem gowy görer." "Allah her bir zatda yhsany (ýokary hilliligi we nepisligi) buýrdy".
"Ynsan haýsy-da bolsa bir işi edende, Allah Tagala ol işiň oňat edilenini gowy görer" – diýip, pygamberimiz gabryň hem oňat edilip gazylmagyny hem-de jeset topraga berlenden soňra hem guburyň hem oňat edilip rejelenmegini islär eken. Ol bir gün (ähtimal, ogly Ybraýymyň) jynazasyna gitdi. Ölüni ýere berip, üstünde gubur galdyrýarlar, ýöne guburyň bir tarapy gyýşyk bolup çykdy. Pygamberimiz onuň derrew düzedilmegini isledi. Duranlar oňa: "Bu ölüni birahat edermi?" – diýip sorag berdiler. Pygamberimiz olara: "Ýok, birahat etmez, hakykatda beýle zatlar ölüni gysmazam, ony birahat hem etmez. Emma bu diri gezip ýörenleriň gözüne ýakymly bolmagy üçin gerekdir" – diýip jogap berdi.