بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Șu bäş sany häsiýet bolmadyk bolanda ähli ynsanlar takwa (öwlat) bolardylar: 1) jahylyýet bilen razylyk; 2) şu dünýä bolan güýçli isleg; 3) baýlykda gysgançlyk; 4) amallarda yrýa (il görsünlik); 5) öz düşünjesinden hoş bolmak».

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Hz. Ebu Bekir (r.a.)

Ilkinji halypa Hz. Ebu Bekir (r.a.) (572-634)

Hz. Ebu Bekir (radiallahu anh=Allanyn razylygy onun ustune bolsun!)
sahabalaryn(Pygamberimizi oz gozleri bilen gorup, Onun wezipesine duşunip, Ony Kabul eden we her-hili komegi eden ynsanlar) in birinjilerinden bolup, hemişe Biribaryn ilcisi bilen bile bolup, ona in onat ruhy we maddy goltgy beren , Mekkeden Medina Pygamberimiz hijret (gocmek=siyahat) )edende , Onun yanynda bolan, Hira gowagyndaky deşiklerden mor-mojek cykyp Biribaryn Ilcisini birahat etmesin diyip, ellerini we ayaklary bilen gowakdaky cukurlary yapan we ayagy şolardan birinden cykmak isleyan bir yilan tarapyndan cakylan, Pygamberimizin her bir aydan sozune ikirjinlenman ynanyp tabyn bolany ucin, goniden-goni Biribar tarapyndan Syddyk(sadyklaryn sadygy) adyna eye bolan, hatda, Jebrayil we Hz.Muhammed(SAW) tarapyndan Biribaryn ondan razydygy we onun Biribardan razy bolup bolmadygy soralan hem-de Yslam aleminin ilkinji Halypasy bolan bir şahsiyetdir. Onun tasiri bilen sahabalaryn in onde gelyanlerinden (Hz.Osman, Hz.Talha, Hz.Saad b.ebi Wakkas we ş.m.) onun yzyna eyerdiler.

Onun zamansynda Yslam alemi ilki bada oran kyn yagadyda bolsa-da, cykan her pitnani parasady bilen caltlyk bilen yatyryp, parahatcylygy getiryardi. 2 yil halypalyk wezipesini oran onat yerine yetirdi we ondan sonky halypa bolan Hz.omerin şeyle diymegine sebap boldy:”Ey, Ebu Bekir, sen bize yaşalmasy (amal we ruhy taydan) oran kyn bir dunya miras goydun!”

Ol durmuşynda oran az hadys aydyar, sebabi bolsa, yene bir hadysda aydylan oz pikir we peydasyna gora hadyslary sawlik bilen aydan yagdayinda jogapkarliginin şeyle uly boljagy ucin. Az geplan, az iyen we az uklan, emma, şeyle kop hayir amallar eden sahabalardan biridir.

Hz.Ebu Bekirin(r.a.) aydan sozlerinden kabirleri:

Garankylyk 5 hilidir, ony yagtyldyan yşyk(cyrasy) hem başdir:

1- Dünya soygusi garankylykdyr, cyrasy takwa(Biribara yakynlyk)dyr;
2- Güna garankylykdyr, cyrasy tobadyr;
3- Gabyr garankylykdyr, cyrasy "La ilahe illallah, Muhammedün rasulullah(şayatlyk sozi)"-dyr
4- Ahyret garankylykdyr, cyrasy salyh(yhlasly) amaldyr;
5- Syrat köprüsi garankylykdyr, cyrasy kamil imandyr.

Hz.Ebu Bekirin(r.a.) eden we aydan hayir amaldyr sozlerine eyermek dilegi bilen!