بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söwdagärleriň ybadatydyr. Kä adam özüniň Allatagalanyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň ybadatydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr.

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Hz. Halid b. Welid (r.a.)

Hz. Halid b. Welid hijri 7. yylda Yslam dinine giryar. hijri 6. yylda musulmanlar bilen Mekkeli kapyrlaryn arasynda Hudeybiye atly geleşige gol çekilyar. Şondan bir yyl sonra Halid b. Welidin has irrak musulman bolan dogany Hz. Welid b. Welid, Halid b. Welid'e pygamberimizin ozi barada aydan owguli sozleri bilen hat yazyar. Şondan sonra Halid b. Welid musulman bolyar.

Hz. Halid b. Welid(r.a) diylende onun lakamy, yagny "Seyfullah"(Allah'nyn gylyjy) yada duşyandir. Sebabi bu lakamy ona Pygamberimiz Hz. Muhammed(saw) dakandyr. Yagny şeylerak:
Hiçri 8. yylda yagny Hz. Halid b. Welid(r.a)'in musulman bolan yylyndan bir yyl son, Mute diyip, Rumlar(Bizans) bilen musulmanlaryn arasynda soweş bolyar. Pygamberimiz Hz. Muhammed(saw) Hz. Zeyd b. Harise(r.a)'ni 3000 esgere serkerde edip Rumlylara garşy soweşe ugradyar we şeyle diyyar "Eger Zeyd b. Harise(r.a) şehid bolsa, serkerdelik Jafer b. Ebu Talib(r.a)'in boynunadyr, ol hem şehid bolsa serkerdelik Abdullah b. Rewaha(r.a)'nyn boynunadyr. Eger ol hem şehid bolsa onda aranyzdan birini serkerdelige seçersiniz" diyyar. Hz. Zeyd b. Haris(r.a)'yn serkerdeligindaki bu 3000 sahabe mute diyen yere baranlarynda garşylarynda 100.000 esgerlik bir goşun bilen garşylaşyarlar we soweşyarler. Bu soweşin bolyan wagty pygamberimiz Hz. Muhammed(saw) Medinede sahabalara bu soweşi bolşy-bolşy yaly duşundirip otyrdy. Yokarda ady agzalan uç sahabanyn hem şehid bolanyny aytdy we sonra pygamberimiz Hz. Muhammed(saw) şeyle diydi: "In sonunda baydagy Allah'nyn gylyçlaryndan bir gylyç aldy". şeydip 3000 esgere garşy 100.000 esger garşy durup bilmedi we Hz. Halid b. Welid(r.a)in serkerdeligindaki esgerler yeniş bilen Medina dolanyp geldiler. Şondan sonra Hz. Halid b. Welid(r.a)'in lakamy "Seyfullah" boldy.

Hz. Halid b.Welid(r.a) Eýrana soweşe baryarka olara şu habary iberyar:
"Sizin dunyani soyşuniz yaly ahyryeti soyyan goşun bilen sizin ustunize gelyarin".

Ynha, gorşuniz yaly, Hz. Halid b. Welid(r.a)'in serkerdeligi, mertligi, batyrlygy we gayduwsyzlygy. Hey-de bir, men oljek diyip soweşe baryan goşunun onunde kim durup biler?!.

Hz. Halid b. Welid(r.a) barada Pygamberimiz Hz. Muhammed(saw)'in aydylanlary:
- "Halid Allahyn gylyjydyr"
- "Halid b. Welid, ol hemme zadyny sizin uçin berendir, baryny-yoguny soweşlerde Allah yolunda harçlandyr"(Ebu Dawud, Sünen, I, 163)
"Mekke musulmanlaryn eline geçende, Hz. Halid b. Welid(r.a) uzakdan gorunyar we Pygamberimiz Hz. Muhammed(saw), Hz. Ebu Hureyre(r.a)'den sorayar:
- Bu gelen kimdir?!
- Halid b. Welid.
- Ol Allahyn nahili gowy guludyr" diyyar. (Ahmed b. Hanbel, Müsned, II, 1360)

Hz. Ebu Bekir(r.a) Hz. Halid b. Welid(r.a) barada Hz. Omer(r.a)'e şeyle diyyar: "Ol Allahyn gylyjydyr, bu gylyjy gynyna goymak dogry daldir"

Hz.Halid we Hz.Ömeriň arasynda geçen bir waka:

Halypa wagty "Allanyn gylyjy" adyna eye bolan Hz.Halid b.Welidi(r.a) goşunyn serkerdeliginden ayiryar. Ona sahabalar Hz.Omere garşy çykmazlygyny aydyarlar, şonda Hz.Halid:
-Omer diri durdygyça, ona hiç kim ziyan berip bilmez, men hem - diyip jogap beryar. Ona Hz.Omer yagdayi şeyle bildiripdi:
-Ey, Halid, halk alynan yenişleri senin şahsyna beryar, yagny, Biribara seni şarik edyaler, aslynda, yenişi bize beryan Allahdyr. Ozunem gorersin, ynha, senin yerine başga biri geler we yene Yslam goşuny yenişe eye bolar, sebabi Allah şeyle isleyar. Anha, şol sebapli, seni "gururdan" (men-menlik) we halky şirk goşmakdan(şariklik) halas etmek üçin, seni serkerdelikden azat edyarin, yerine bolsa başga birini goyyaryn!

Hz. Halid b. Welid(r.a) soweşlerde gazanan yenişlerini şuna baglapdyr:
Hz. Halid b. Welid(r.a), Pygamberimiz Hz. Muhammed(saw) sakalyndan kabir gyllary sellesinde goteripdir. Ynha ol soweşlerde gazanyan ustunliklerini şuna baglapdyr. (Ibn Hajer, el-Isabe, I, 413-415; üsdü'l-Gabe, II, 109-112)
kabir rowayatlara gora Hz. Halid b. Welid(r.a) wepat bolandan son onun aty hem birnaçe gun zat iymandir we gynançdan olupdir.

Goý, Hudaytagala bizlere-de şol sahabalaryn yzyndan gitmegi miyesser eylesin! Ahyryetde olaryn hemaytyndan bize-de pay bersin we pygamberimiz Hz.Muhammed(saw)'e layyk ymmat eylesin! Amin!