بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Meniň ymmatymdan iki hili adam ýagşy ahlakly bolsa adamlary ýagşy ahlakly eder we bozuk ahlakly bolsa, adamlary bozuk ahlakly eder. Olar emirler we fakyhlardyr»;

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Musab bin Ümeýr

Yslamyň ilkinji mugallymy
Musab bin Ümeýr
Musab bin Ümeýr hem ejesi hem-de kakasy tarapyndan Mekkäniň iň baý we abraýly masgalasyndandy. Baý bolandyklary sebäpli-de ol örän rahat bir durmusda ýaşaýardy. Orta boýly, owadan ýüzli, mylaýym edähetli we örän akylly bir adamdy.
Akylly bolandygy sebäpli-de entek musulman bolmanka-da butlaryň peýda ýa-da zyýan berip bilmejekdiklerine ynanypdy we olara çokunylmagyny erbet ýigrenýärdi. Seýle bolsa-da ejesi ony örän bolluk içinde ýetisdiripdi. Owadan ýüzli we baý bolansoň, Mekke halky oňa hemise haýranlyk bilen serederdiler.
Dininden dänmedi
Bütin bu oňat durmusa garamazdan ýüreginde elhenç bir bosluk duýýardy Musab bin Ümeýr. Bir gezek bir maksat bilen ol döwürler Pygamberimiziň merkez hökmünde ulanýan öýi bolan darul Erkama, ýagny Erkamyň öýüne barypdy. Resulallahy gören badyna musulman boldy. Yslamy kabul eden badyna-da durmusy birden üýtgedi. Öňki baýlygyň ýerini birden garyplyk aldy.
Masgalasynyň söýgüli ogullaryna Yslamy kabul edenligi üçin etmedik jebr-i jepalary galmady. Ony dininden dändirmek üçin öýleriniň ýerzemininde gulp astyna saldylar we ençeme günläp aç we suwsuz goydular. Arabystanyň elhenç tomusynyň jokrama yssysynda, aýylganç gyzgynynda oňa erbet ezýet etdiler. Emma Musab bularyň hemmesine garamazdan dininden dänmeýärdi. Her gezekde bar güýji bilen gygyrýardy:
Allahdan başga ybadat ediljek ylah ýokdur, Muhammed Onuň bendesi we ilçisidir!
Yslamy kabul etmegi bilen barha köpelýän jebr-i jepalardyr ezýetler sebäpli, Resulallahyň rugsady esasynda Habeşistana hijret edipdi. Ol ýerde köp kynçylyklara döz geldi. Soň bolsa dolanyp, ýene Pygamberimiziň ýanyna geldi. Onuň bu gelişini Hz. Aly seýle gürrüň berýärdi:
- Biz Resulallah bilen otyrdyk. Şol pursat Musab geldi ýanymyza. Eginbasy ýamadan doludy. Pygamberimiz ony bu ýagdaýda görende gözleri ýaşdan doldy. “Allahyň ýüregini nurlandyran şu bendesine serediň! Ene-atasy ony ýagşy naharlar bilen naharlaýardy. Ol bolsa Allah üçin olaryň hemmesini taşlady. Allah we Resulyna bolan söýgi ony bu ýagdaýa getirdi..”
Ilkinji Mugallym
Birinji Akabe Kasamyndan soňra Medineli musulmanlar Pygamberimize gelip seýle diýipdiler: “Ya Resulallah! Içimizde Yslam ýaýrap baslady. Halky Allahyň kitabyna çagyrjak, Gurhany okajak, Yslam dinini gürrüň berjek, Yslamyň emir we gadagan edýän zatlaryny aramyzda bolup, bize düşündirjek we namazlarymyzda bize ymamlyk etjek birini iber bize..”
Seýlelikde Pygamberimiz Medinä Musab bin Ümeýri iberdi we oňa:
- Medinelilere Gurhan okamagy, Yslamyň emir we gadagan edýän zatlaryny düşündirmegi we namazlary okatmagy tabsyrdy.
Musab bin Ümeýr gysga wagtyň içinde Medinä bardy. Ony uly bir begenç bilen garşy aldylar. Esad bin Zürare atly sahabanyň öýüne ýerleşdi. Bu kişi Medineli ilkinji musulmanlaryň biridi. Musab bu ýerde yaşap, Yslamy töweregine gürrüň bermäge baslady.
Musab bin Ümeýr Medinede Esad bin Zürareniň öýünde Medinelilere Gurhan owredýär we Yslamy dusundirýärdi. Köp adam seýle söhbetlere gatnaşyp’ musulman bolup gidýärdi. Ýöne şol wagt Medinäniň iki uly taýpasynyň taýpabasy bolan Saad bin Muaz we Useyd bin Hudaýryň ikisi-de heniz musulman bolmandy. Olaryň heniz musulman bolmaýandyklary adamlara täsir edýär we Yslamyň hasam çalt ýaýramagyna päsgel berýärdi.
Birgün Musab bir bagyň aşagynda ýene töweregine adamlary ýygnap, olar bilen dini söhbet edýärdi. Ine, şol pursat Hazrej taýpasynyn taýpabasy bolan Useýd bin Hudaýr eline naýza alyp, gaharly ädimler bilen olaryň ýanyna gelipdi:
Sözümizi diňle
- “Siz bizin aramyza name uçin geldiniz, adamlary aldayarsynyz? Eger yashamakdan irmedik bolsanyz hazirin ozunde bu ýerden gidin!!”
Onun bu gaharly halyny goren Musab bin Ümeýr:
- “Hany otur birazajyk.. Sozumizi dinle, maksadymyza dusun.. Halasan kabul edersin, halamasan pasgel berersin..” diyip mylayymlyk bilen oňa ýüzlendi.
Useyd kosesdi we “hak aydyan..” diydi-de nayzasyny bir gyrada goyup dyz çokdi.
Musab bin Ümeýr oňa Yslamy gürrüň berip baslady. Oňa biraz Gurhan okap berdi. Gurhanyn taysyz ahenini esiden Useyd ozuni tutup bilman:
- “Bular nahili gowy zatlar, nahili yagsy sozler.. Bu dine girmek uçin name etmeli?” diyip sorady.Guler ýüzli, suyji dilli mugallym oňa jogap berdi:
- “La ilahe illallah Muhammedun Resulullah.. diymek ýeterlik..”
Uly bir tolgunma bilen tewhid kelimesini aydan Useyd begenjinden yana ýerinde durup bilmedi. “Yoldaslaryma-da bu zatlar barada aytjak” diydi-de turup gitdi..
Ol Ews taýpasynyn taýpabasy Sagd bin Muazyn yanyna bardy, onun we taýpadaslarynyn yanynda musulman bolandygyny yglan etdi. Sagd’yn bu ýagdaýa gahary geldi we ylgap Musab bin Ümeýrin yanyna bardy. Onun ustune azgyrylyp baslady.. Musab onun bilenem mylayym gurlesdi we oturyp azajyk dinlemegi hayyst etdi. Sagd oturyp dinledi.
Musab oňa-da Yslamy gürrüň berdi we biraz Gurhan okap berdi. Gurhany dinlap onun ýüzi uytgap baslady, ýüzi yagtylan yaly bolupdy. Olam şol ýerde tewhid kelimesini aydyp musulman boldy. Ozundaki bu ayratyn ýagdaýin tolgunmasy bilen ylgap oz taýpasynyn yanyna bardy:
Ilkinji Juma namazy
- Ey menin Taýpadaslarym! Meni nahili adam hasaplayarsynyz?
- Sen bizin ulymyz we in ustunimizsin..
- Beýle bolsa, Alla we Resulyna iman etmelisiniz.. Siz iman edyançaniz siz we ayallarynyz bilen gurlesmek mana haram bolsun!!
Edil şol ýerde onun taýpasy umumy ýagdaýda Yslamy kabul etdi. Onun taýpasyndan iman etmedik adam galmady. Musab bun Ümeýrin taysyz gayratlary netijesinde Yslam dini Medinede örän çaltlyk bilen yayrap baslady. Yslam seýle bir çaltlyk bilen yayrayardy welin Medinede Yslamyn girmedik öýi galmandy.
Sonra Resulallanyn rugsady esasynda Medineli mususlmanlar Sagd bin Heyseme atly sahaban öýünde Juma namazyny okadylar. Medinede okalan ilkinji Juma namazy şol bolupdy.
Musab bin Ümeýr Medineli musulmanlar bilen ikinji Akabe Kasamyna hem gatnasdy. Bedir sowesinde sanjakdar bolup köp hyzmatlar amala asyrdy, köp gahrymançylyklar gorkezdi.
Ol Uhud sowesine-de gatnasypdy, sanjagy ýene ol goterýärdi. Sowesde Pygamberimizin yanyndan daslasman ony howplardan gorayardy. Iki harby lybas geyipdi we ol geynuwlerin içinde Pygamberimize menzeýärdi.
Pygamberimize menzeýärdi
Musrik tarapyndan Ibni Kamia atly dusman Pygamberimize tarap topulanda ony Musab garsy alypdy. Ol dusman bir gylyç urgysy bilen Musabyn sag elini goparyp taslady. Musab ilki birneme senselese-de derrew ozune gelip sanjagy çep eline aldy.
Musab şol wagt Gurhandaky Ali Imran suresinin 144-nji ayatyndaky “Muhammed dine resuldyr. Ondan on nije Pygamberler gelip geçendir.” diýen setirleri gaytalayardy. Ikinji gylyç urgysy onun çep elini goparanda ol kesilen iki gollarynyn arasyna aldy mukaddes sanjagy. Ol ýene-de şol ayaty gaytalap baslady. Kesilen ellerinin ýerinden bolsa gan akyardy. Bu ýagdaýda bolsa-da ozuni Pygamberimize galkan eden Musabyn ustune ýene-de topulan Ibni Kamia onun mubarek bedenini nayza bilen gana boyady. Musab şol ýerde sehid boldy.
Harby geynuwleri içinde ol Pygamberimize menzeyanligi uçhin, ony sehid eden Musrikler Pygamberimizi oldurendirin oydupdiler.
Musab bin Ümeýr sehid bolanson onun sypatynda bir melek sanjagy ýerden aldy. Musabyn sehid bolanyndan heniz Pygambermizin habary bolmandy. “Onee ya Musab!” diyip oňa ýüzlenýärdi. Ol dine melek yanyna gelip “Men Musab dal” diýenson bilip galdy Musabyn sehid bolanyny. Sonra ol sanjagy Hz. Ala berdi.
Pygamberimiz sonra Musab bin Ümeýrin basujuna gelip:“Mominlerden seýle yigitler bardyr welin, olar Allaha beren sozlerine sadyk boldular. Olaryn kabirleri ta olyançaler sowesjekdikleri barada beren wadalryny ýerine ýetirdiler. Kabirleri-de sehid bolmaga garasyarlar. Olar beren sozlerini asla uytgetmediler..” ayatyny okady we seýle diydi:
- Alla Resuly-da sayatdyr, siz kyyamat guni sehid hokmunde direldiljeksiniz..
Salam bererler
Sonra bolsa yanyndakylara bakyp:
- Bulary zyyarat edin..Olara salam berin.. Allanyn adyndan and içyan, kim olara bu dunyade salam berse, bu mubarek sehidler size ahiretde jogap hokmunde salam berjekdirler.. diydi..
Sonra Musab bin Ümeýre kepen mata tapylmandy. Mekkanin in baý iki masgalasyndan birinde dunya inen Musabyn jesedinin ustuni orter yali mata tapylanokdy. Habbab bin Eret seýle diyyar:
- Musan bin Ümeýr Uhudda sehid bolanda onun jesedini ortmage gysgajyk lybasdan basga zat tapylmandy. Ol lybasy bas tarapyna çekdik, ayaklary açyldy, ayaklaryna çekdik, bas tarapy açyldy. Sonda Resulalla bize:
- Ol lybas bilen bas tarapyny yapyn, ayaklaryny bolsa otlar bilen ortun.. diydi.